HABARLAR

Yhlasa — myrat

“Daýhan mert — ýer jomart” diýilýär. Hakykatdan-da, topraga näçe hyzmat etseň, ol jomartlyk bilen miwesini boldan eçilýär. Ene topraga bagry badaşan zähmetkeş adamlaryň yhlas-aladasy bilen öndürilýän önümleri, ýetişdirilýän miweleri synlanyňda, “tüweleme” diýeniňi duýman galýarsyň. Welaýatymyzda topragy rysgal çeşmesi hasaplaýan kärendeçi daýhanlaryň, bagbanlaryň ençemesi bar. Bereketli saçaklarymyzyň naz-nygmatdan doly bolmagyna mynasyp goşant goşýan bagbanlaryň biri hem Orazgeldi Gurbandurdyýewdir. Sakarçäge etrabynyň Daýhan geňeşliginiň ýaşaýjysy Orazgeldi Gurbandurdyýew indi birnäçe ýyl bäri öz melleginde miweli baglaryň dürli görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Onuň melleginde almanyň, şetdalynyň, üzümiň, armydyň, hurmanyň dürli görnüşlerini görmek bolýar. Ýylboýy hyzmat edip, ýetişdirýän bol miwe hasyly ýaşuly bagbana il içinde abraý getirýär. «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, Orazgeldi aga bagdan rysgal-döwlet tapýar.

«Ak altyn» — 2024

Ýaryş ýeňiş getirýär Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen daýhanlaryň däneden, pagtadan bol hasyl almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bu ýeňillikler keremli topragyň eýeleriniň öňküden-de yhlasly zähmet çekmeklerine güýç-kuwwat berýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da etrabymyzyň “ak altyn” ussatlarynyň, gallaçylarynyň gadamlary batly, ümzükleri öňe.

Bol ha­sy­lyň ala­da­sy

Ýurdumyzyň oba hojalygynda esasy ekinler bolan bugdaýyň we pagtanyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy zähmetsöýer daýhanlary örän ruhlandyrdy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasyl berýän sortlary döredilip, önümçilige ornaşdyrylýar. Olardan orta süýümli gowaçanyň «Garaşsyzlyk – 30», «Ýolöten – 50», «Ýolöten – 53» we bugdaýyň «Ýolöten – 1», «Ýolöten – 3» sortlaryny görkezmek bolar. Häzirki wagtda bu sortlary ekmegiň gerimi barha giňeýär. Şoňa görä-de, daýhanlaryň ýerden alýan hasylynyň möçberi ýylsaýyn ýokarlanýar.

Oty köpüň — maly dok

Maldarçylyk önümleriniň bolçulygyny gazanmaga mynasyp goşant goşýan Mary welaýatynyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Tagtabazar etrabyndaky «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary şu ýyly üstünlikli jemlemek maksady bilen, tutanýerli zähmet çekýärler. «Yhlasa – myrat» diýlişi ýaly, olaryň zähmeti ýerine-de düşýär. Munuň şeýledigine şu ýylyň owlak-guzy almak möwsüminde gazanylan görkezijiler güwä geçýär. Agzalan döwürde bu ýerde 25 müň 50-ä golaý ene goýundan 20 müňden gowrak sagdyn guzy alnyp, şonuň ep-esli bölegi ösdürime goýberildi. Güýz gyrkymy aýny wagtynda üstünlikli geçirilip, bu baradaky meýilnama artykmajy bilen berjaý edildi. Maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary howanyň sowuk wagtlary mallary goşmaça iýmitlendirmek üçin gerek boljak ätiýaçlyk ot-iým gorunyň 2 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar. «Babaçöňňe» ýaýlasynda zähmet çekýän ot taýýarlaýjylaryň dowarlaryň gyşky öri meýdanlaryna eltip, basyp goýan ätiýaçlyk ot küdeleri dowarlary gyş paslyndan dok we abat alyp çykmaga şert döreder.

Bag­ban yhlasy

Dogrusy, esasy käriniň daşyndan daýhançylygam, bagbançylygam ýöredýän, bu babatda hem diňe öz obasynda däl, eýsem, ýaşaýan etrabynda-da kemsiz adygan Döwletjan köp-köp baglary ýetişdirip kän sogap gazanan hem bolsa, hurma agajyny ekip, kemala getirip, onuň miwesini obadaşlaryna, il-gününe hödürläp iýdirmegiň arzuwyndady. Ynha, günleriň bir güni öz ýaşaýan obasyna golaý Wekilbazar etrabyndaky tanyşlarynyňka baran mugallymyň gözi howlynyň içindäki düzüm-düzüm miweli, görseň gözüňi dokundyrýan, ýapraklarynyň hemmesi baldagyndan tänip ýere gaçan owadan agaçda eglendi. Ol diýseň owadan bu miweli agajy heniz görmändigini aýdyp, onuň bilen içgin gyzyklandy. Maşgalabaşy onuň hurma agajydygyny, Lebapda ýaşaýan dostundan nahalyny alyp, getirip, oturdandygyny, berlen maslahatlara laýyk gowy garaşyk edilen agajyň bolsa, 3 ýyldan soň, özüni diýseň tagamly miwe bilen hezzetländigini guwanç bilen myhmanyna gürrüň berdi. Şondan soň, Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň Görelde obasynda ýaşaýan Döwletjan Öwezmyradow hem Lebaba gidip, tanşynyň salgy beren dostundan hurma agajynyň nahalynyň 4-sini getirip, melleginde oturtdy. Olaryň idegini ýetirip, maksadyndan myrat tapdy. Özüniň köp ýyllaryň dowamynda has-da kämilleşdiren bagbançylyk ýörelgelerini netijeli peýdalanyp, hu

Maýsaly meýdanlaryň idegi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzünde Sarahs etrabynyň hojalyklarynda däne ekişiniň ýokary guramaçylykly, agrotehniki möhletlerde geçirilmegi kadaly gögeriş gazanylmagyna şert döretdi. Häzirki günlerde ak ekinlere ideg işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Etrabyň Oraz Salyr adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçylary şu ýylda guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylyny öndürip, ýokary iş netijelerini gazandylar. Bu bolsa olary nobatdaky möwsümde däne ekişini üstünlikli alyp barmaga ruhlandyrdy. Daýhan birleşiginiň gallaçylary däne ekilen 1 müň 300 gektar meýdanyň müň gektarynda kadaly gögeriş gazanyp, iýmitlendirmek işlerini üstünlikli alyp barýarlar.

Miweli bag­la­ryň was­py

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň iri pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilýär. Bu bereket bolçulygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny üpjün etmek baradaky aladalarynyň oňyn netijesidir, ýurdumyzyň edermen oba hojalyk işgärleriniň, hususy pudagyň wekilleriniň, telekeçileriň zähmetiniň miwesidir. Ýurdumyzda bagçylyk, bagbançylyk ozaldan meşhur. Ussat bagbanlaryň ençemesi öz halal zähmeti, döreden baglary hem-de dürli görnüşli miwe sortlary bilen at alan, abraý gazanan ynsanlardyr. Häzirki wagtda-da ýurdumyzda oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen birlikde bagçylygy ösdürmäge, dürli miweleriň bolçulygyny döretmäge uly üns berilýär. Bu bolsa halkymyzda ýörgünli bolan «Bagy baryň – bary bar» diýlen pähimiň durmuş hakykatyna esaslanýandygyny, bu hakykatyň beýanydygyny görkezýär. Häzirki wagtda miweçiligi ýöriteleşdirilen hojalykda, kärende ýerlerinde, hususy melleginde dürli miweli baglary ekip, bagçylyk bilen meşgullanyp, almanyň, erigiň, armydyň, garalynyň, üzümiň dürli görnüşlerinden bol hasyl alýan zähmetkeş bagbanlar örän köp.

Çopan synçylygy

Halkymyz irki döwürlerden bäri Güne, Aýa, ýyldyzlara we tebigatda bolup geçýän hadysalara syn edip, howanyň ýagdaýyny öňünden kesgitläpdirler. Tebigatyň hadysalaryndan baş çykarmak, howanyň duýdansyz üýtgemek ähtimallygyny duýmak aýratyn ukyply adamlara mahsus bolupdyr. Men hem çagalyk döwrümden bäri ýakyndan tanyş bolan şeýle adamlaryň biri barada söhbet etmegi makul bildim. Biz Goýmat obasynda Amangylyç agalar bilen goňşy bolup ýaşaýardyk. Olaryň maşgala agzalary bilen garyndaş ýaly gatnaşýardyk. Kürrük ogly Amangylyç aga salykatly, kiçigöwünlidi, uly-kiçi hemmeler oňa Amangylyç kaka diýip ýüzlenerdiler. Çarwa maşgalasynda önüp-ösüp, oglanlykdan çöl-beýewanda goýun bakyp gezen Amangylyç aga arly tomus ak ezýaka köýneginiň daşyndan güpbi geýip gezerdi. Bili guşaklydy. Başyna gara toklynyň derisinden tikilen şypyrma telpek geýerdi. Ol barada köp ýyllar çopançylyk eden Halmämmet aga şeýle gürrüň berdi:

Ekin ýer­le­riniň ga­dy­my at­la­ry

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Çemenlik — dürli otlara, gülzarlyga, lälezarlyga beslenen meýdan. Çemenzarlyklar, adatça, bahar aýlary suwly meýdanlarda, çeşmeleriň kenarlarynda has owadan bolýar, giden çemenzarlygyň içinde guşlar jakgyldaşýarlar. Çemenlikde dürli reňkdäki güller bitýär. Çemen sözüniň sinonimi «yzgarly, suwly» manysyndaky öl (ö:l) sözünden we — (eň) goşulmasyndan durýan öleň sözüdir. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragynyň «Illeri bar diňli-diňli, /Sowuk suwly, ter öleňli» diýen setirlerinde çemenligiň hem waspy ýetirilýär.

Kädi

Kädi saglyga peýdaly aýratynlygy hem-de lezzetli tagamly önümdigi sebäpli dünýäde iň köp ekilýän ekinleriň biridir. Her bir ekini ekmezden ozal, topragyň ekiş üçin taýýar edilmegi zerur şertleriň biridir. Kädi ekilende hem ondan bol hasyl almak üçin ilkinji şert — topragyň bu ösümligiň aýratynlyklaryna görä ekişe taýýarlanylmagydyr. Kädi ösdürilip ýetişdirilende ynjyk bolmasa-da, onuň ösüş döwrüni gözden salmaly däldir. Ýagny, ösümlikden bol hasyl almak üçin, ekilenden soňraky tohum gögerip, tä hasyl berýänçä ideg işleri dogry alnyp barylmalydyr. Onuň üçin toprak kädiden öň ekilen ekiniň galyndylaryndan boşansoň, degişli döwür «dynç» almalydyr. Soňra kädi ekiljek ýer öňünden haşal otlardan, ekine zyýan berýän mör-möjeklerden arassalanyp, dökün bilen baýlaşdyrylmalydyr. Ösümlik ýagtyny, ýyly howa şertlerini halaýandygy sebäpli, ony ekmek üçin Günüň düşýän ýerini saýlamalydyr.