Halkymyz irki döwürlerden bäri Güne, Aýa, ýyldyzlara we tebigatda bolup geçýän hadysalara syn edip, howanyň ýagdaýyny öňünden kesgitläpdirler. Tebigatyň hadysalaryndan baş çykarmak, howanyň duýdansyz üýtgemek ähtimallygyny duýmak aýratyn ukyply adamlara mahsus bolupdyr. Men hem çagalyk döwrümden bäri ýakyndan tanyş bolan şeýle adamlaryň biri barada söhbet etmegi makul bildim.
Biz Goýmat obasynda Amangylyç agalar bilen goňşy bolup ýaşaýardyk. Olaryň maşgala agzalary bilen garyndaş ýaly gatnaşýardyk. Kürrük ogly Amangylyç aga salykatly, kiçigöwünlidi, uly-kiçi hemmeler oňa Amangylyç kaka diýip ýüzlenerdiler. Çarwa maşgalasynda önüp-ösüp, oglanlykdan çöl-beýewanda goýun bakyp gezen Amangylyç aga arly tomus ak ezýaka köýneginiň daşyndan güpbi geýip gezerdi. Bili guşaklydy. Başyna gara toklynyň derisinden tikilen şypyrma telpek geýerdi. Ol barada köp ýyllar çopançylyk eden Halmämmet aga şeýle gürrüň berdi: