HABARLAR

Arzyly pellehana golaýlaýar

Oba hojalygynda jogapkärli möwsüm bolan galla oragy Sarahs etrabynda hem gyzgalaňly dowam edýär. Bol hasylly meýdanlarda päk zähmetiň joş alýan günlerinde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gallaçylaryň arasynda bolup, olaryň armalaryny ýetirýärler, öňdebaryjylary höweslendirýärler hem-de zähmet ýeňşine ruhlandyrýarlar. Etrap boýunça däne ýetişdirilen 22 müň 900 gektaryň aglabasynyň hasyly ýygnalyp, galanlarynda kuwwatly kombaýnlar bökdençsiz işledilýär. Ýygnalan hasylyň dessine kabul ediş nokatlaryna daşalmagy gazanylýar. Gyzgalaňly günlerde işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy, meýdandaky dokmaňyz ak bugdaýyň ýitgisiz ýygnalmagy galla harmanynyň barha beýgelmegine getirýär. Bu bolsa gallaçylarymyzy arzyly pellehana barha golaýladýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri bolup, möwsümiň ahyryna çenli gallaçylaryň arasynda höweslendiriş işlerini netijeli alyp bararys.

Galla — 2024

Batly gadamlar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda zähmetsöýer kärendeçilerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli göwrümli işleri durmuşa geçirip, ýeňişli sepgitlere eýe bolýarlar.

Gant şugundyry: aralyk ekiniň ekişi

Düşewüntli işiň aladasy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary bilen täze hasyl üçin 17 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek barada şertnama baglaşyldy. Paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşan kärendeçiler tehnika, ýokary hilli tohum, mineral dökünler, ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy himiki serişdeler bilen üpjün edilýär.

Bagym bar — bossanym bar

Ýer — hazyna Pederlerimiz ýöne ýerden “Ýer — hazyna” diýip aýtmandyrlar. Munuň hakykatdan-da şeýledigini keremli toprakdan bol hasyl alyp gelýän ýer eýeleriniň mysalynda görmek bolýar.

Gün nuruna öwşün atýan meýdanlar

Galla — 2024 Şu günler welaýatymyzyň gallaçylary gyzgalaňly we jogapkärli günleri başdan geçirýärler. Olar Gün nury siňen bugdaý meýdanlarynda zähmet çekme kemini goýanoklar. Arly ýyl daýhan azaby siňen ekin meýdanlarynda altyn öwsüp bişen bugdaýyň oragy gowşamaýan depgin bilen dowam etdirilýär. Gallaçy daýhanlaryň yhlas siňdirip ýetişdiren guşgursak bugdaý hasylynyň Watan harmanyna ýitgisiz tabşyrylmagyna sürüjiler, mehanizatorlar mynasyp goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kämil kombaýnlary, kuwwatly awtoulaglary galla oragynda netijeli işledilýär.

Yhlasy ýerine düşdi

Bereket etrabynyň «Isgender» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda bolup, alnyp barylýan işler bilen tanşanyňda, bugdaý hasylyndan belent harman döredýän kärendeçileriň köňüllerinde beslän arzyly sepgitlerine ýetýändiklerine buýsanýarsyň. Diňe bir bu daýhan birleşiginde däl, eýsem, tutuş etrapda tanymal ekerançylaryň biri bolan Baýrammämmet Çopanowyň hem buýsançly nazaryndan alan hasylyndan göwnüniň hoşdugyny aňmak kyn däl. Ol ideg edýän 40 gektar ýerinden 185 tonna bugdaý hasylyny alyp, şertnamalaýyn borçnamasyny etrapda ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetiripdir. Topraga bagry badaşan kärendeçi her gektardan alan hasyly 46 sentnerden geçipdir. — Ene topraga halal hyzmat edip bilseň, ol berekedini bolluk bilen eçilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize ýerden bol hasyl almak üçin ähli şertleri döredip berýär. Tabşyran hasylymyz üçin nagt hasaplaşyk öz wagtynda geçirilip dur. Häzir meýdandaky samany ýygnap, bereketli topragy öňde duran güýzlük bugdaý ekişine taýýarlap goýmak — esasy aladamyz. Şeýle hem 5 gektar ýerde ekilen pagta ideg edýäris. Bakja ekinleriniň ýygymy hem dowam edýär. Bu işlerde maşgalam Güljemal we ogullarym bilen arkalaşýaryn. Döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden al

Zähmet abraý getirýär

Daýhan zähmeti bilen kemala getirilip, bereketli topragyň bezegine öwrülen tylla jygaly ak bugdaýyň bitginli hasylyny öz wagtynda ýygnap almakda kuwwatly kombaýnlara erk edýän mehanizatorlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Şol jogapkärçilige abraý bilen hötde gelýän tejribeli mehanizatorlaryň biri-de «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatory Parahat Gulaşowdyr. Özüniň erk edýän «CLAAS» kysymly kombaýny bilen Gyzylarbat etrabynyň D.Azady adyndaky daýhan birleşiginiň galla meýdanlarynyň hasylyny ýygnamak işlerine gatnaşyp ýören mehanizatoryň gürrüň bermegine görä, ol indi on bäş ýyl töweregi wagt bäri kombaýna erk edýär, her günde 25-30 gektar meýdanyň hasylyny ýygnamagyň hötdesinden gelýär. Şeýlelikde, tejribeli mehanizator bugdaýyň Watan harmanyna ýitgisiz tabşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýar.

Umumy işe mynasyp goşant

Galla oragy Gyzylarbat etrabynyň Garagum derýasynyň boýundaky mes toprakly ekin meýdanlarynda hem guramaçylykly dowam edýär. Ýygnalyp alynýan guşgursak dänäni galla kabul ediş bölümlerine daşamakda awtoulag sürüjilerine hem uly orun degişlidir. «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň awtoulag sürüjisi Raşit Gurdyýew hem bu il-ýurt bähbitli işe özüniň mynasyp goşandyny goşýar. — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galla oragynyň gyzgalaňly döwründe welaýatymy

Hasyly ýangyndan goramak üçin

Bugdaý oragynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, şeýle hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda etrapdaky galla kabul ediş nokadynda okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna bu nokadyň işgärleri, hünärmenleri, şeýle-de etrabyň galla oragyna dahylly bolan edara-kärhanalaryndan, daýhan birleşiklerinden wekiller gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda degişli hünärmenleriň çykyşlary diňlenilip, hasyly ýangyn howpundan goramagyň düzgünleri dogrusynda ýörite taýýarlanylan görkezme esbaplarynyň üsti bilen düşündiriş işleri geçirildi.

Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirlendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär, oba hojalyk pudagy toplumlaýyn sanlylaşdyrylýar. Şeýle-de döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli şertleri döredýär. Uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan obasenagat toplumynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen tagallalar «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Onda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen anyk wezipeler kesgitlenip, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär.