Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde dili senaly hormatly ýaşulular sanlyja gün ozal «Çäjiňe bereket!» diýip, «Bismilla» bilen galla oragyna dabaraly ýagdaýda badalga berdiler. Asylly däbe eýerýän gallaçy daýhanlar, başarjaň mehanizatorlar şol dabaraly pursatlary joşgunly zähmete utgaşdyrdylar. Ata-babalarymyzyň «Daýhan mert — ýer jomart», «Gallam bar, tyllam bar», «Ýer daýhany dabanyndan tanarmyş» diýen pähim-parasatlaryna ýürekden uýýan oba zähmetkeşleri şu günler jogapkärçilikli orak möwsüminiň çärelerini göwnejaý guramak, ak bugdaýyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Döwlet Baştutanymyzyň 15-nji iýunda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, galla oragynyň barşy bilen tanyşmagy hem-de Gyzylarbat etrabynyň kärendeçileriniň haýyşy boýunça «Bismilla» diýip, galla oragyna ak pata bermegi, kärendeçilere sowgatlaryny gowşurmagy ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň armasy boldy hem-de olary orak möwsümini üstünlikli alyp barmaga ruhlandyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 24-nji iýunda «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda bolup, işiň guralyşy, işçiler üçin döredilen şertler bilen tanyşmagy, ol ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi, şeýle-de şatlykly günde zähmetsöýer daýhanlarymyzyň häzire çenli Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak ak bugdaýy tabşyrandygy baradaky hoş habaryň aýdylmagy buýsançly boldy. Bu hoş habar Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bosagasynda agzybir halkymyzyň, tutanýerli babadaýhanlarymyzyň toý şatlygyny hem-de göwün guşuny ganatlandyrdy.