HABARLAR

Çopanlaryň her güni uly edermenlikdir

Gowaçalaryň idegi ýetirilýär

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Akdepe etrabynyň pagtaçy kärendeçileri 320 müň gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirýärler. Etrabyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşigi boýunça 800 gektar, «Hakykat» daýhan birleşigi boýunça 950 gektar, R.Ataýew adyndaky daýhan birleşigi boýunça 1 müň 500 gektar, S.Çerkezow adyndaky daýhan birleşigi boýunça 960 gektar meýdanda ekilen gowaça ideg edilýär. Bu daýhan birleşiklerinde ýylyň-ýylyna «ak altynyň» bereketli hasyly kemala getirilýär. Daýhan birleşiklerinde şu günler gowaçalara ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Gowaçalary haşal otlardan arassalamak, hatarara bejergi geçirmek, iýmitlendirmek işleri öz wagtynda we talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle bolansoň, ähli daýhan birleşikleriň meýdanlarynda gowaçalar kadaly boý alýarlar.

Aralyk döwri

Ýyldyz senenamasynyň Aralyk döwri özboluşly aýratynlyklary bilen Ýyldyz senenamasynyň beýleki döwürlerinden tapawutlanýar. Eýsem, şol aýratynlyklar nämelerden ybarat?! Bu döwürde howada dürli üýtgeşmeleriň bolmagy ähtimal. Şol ähtimallygy nazara almak bilen, adamlar Aralyk döwründe nämelere has köpräk üns berseler, gowy boljak?! Ine, şeýle sowallar bilen, biziň öz habarçymyz Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary, mirasgär Çerkez Allajykowa ýüz tutdy. Çerkez aga habarçymyzyň sowalyna şeýle jogap berdi:

Daýhançylyga degişli nakyllar we atalar sözi

Jepakeşi il tanar, çyn daýhany pil tanar. Harman aldym–gala aldym.

Üstünlige beslenýän netijeler

Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýän, her ýylda 100 müň tonna bugdaýy saklamaga we ýylda 80 müň tonna un öndürmäge niýetlenen taslama kuwwatlylygy 5 müň tonna bolan tohumlyk bugdaýy arassalanýan we saklanýan bölümden ybarat bolan «Türkmenabat galla önümleri» kärhanasy ýurdumyzda öňdebaryjy kärhanalaryň biri hökmünde tanalýar. Ýylyň başyndan bäri bu kärhanada jemi 19 müň 831 tonna un öndürilip, şondan 6 müň 574 tonnasy ýokary hilli, 13 müň 257 tonnasy bolsa 1-nji hilli un önümi boldy. Şeýlelikde, kärhananyň ösüş depgini 101,4 göterime barabar boldy.

Gallaçylaryň zähmet joşguny

Ak bugdaýyň bereketli hasylyny wagtynda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmakda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň edermen gallaçylary hem aýratyn tutanýerlilik görkezýärler.  Olar 1 müň 200 gektar ýerde bugdaýyň ähli ideglerini wagtynda we agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýerine ýetirip, guşgursak dänäniň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Şu günler bolsa ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap, galla kabul ediş bölümine tabşyrmak ugrunda gallaçy kärendeçileriň, hünärmenleriň, kombaýnçylaryň sazlaşykly zähmeti ähli ýerde joş urýar. Gallaçy kärendeçileriň arasynda başarjaňlygy we janypkeşlikli zähmeti bilen eýeçilik edýän ýerinden göwün diýen hasylyny öndürmegiň abraý bilen hötdesinden gelýän guýmagursak daýhanlaryň ençemesi bar. Olardan Ogulhan Abdyýewa 20, Jemal Baýarowa 39, Myratguly Orazkulyýew 8, Öremyrat Muhammedow 6,4 gektar kärende ýerleriniň her gektaryndan 40 sentnerden geçirip  galla hasylyny ýygnap, guwandyryjy netijeleri gazandylar. Birkemsiz ýetişen hasyly yrýa etmän ýygnap almakda kuwwatly tehnikalar daýhanyň esasy daýanjy bolup durýar. Etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň kombaýnçylary Gurbanmyrat Akmedow, Şirjan Kosmanow, Myrat Altyýew, Rejep Hajyýew dagy daşary ýurtlaryň kämil tehnikalaryny saz işledip

San­ly ul­gam bol ha­sy­lyň gi­re­wi­dir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyz ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Ata-baba daýhançylyk ýörelgelerinden ugur alnyp, häzirki günde ýerleri gurplandyrmak, baýlaşdyrmak, her bir ekilýän ekinlerden bol hasyl almak babatda uly aladalar edilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Sanly tehnologiýalara esaslanýan ekin dolandyryş ulgamy oba hojalygyny ösdürmegiň häzirki döwründe önümçilik prosesleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýokary hilli we ygtybarly önüm öndürmegiň täze ýollaryny we gurallaryny gözlemäge iterýär. Iň oňat tejribe, oba hojalyk önümçiliginiň sanlylaşdyrylmagy onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we pudagy innowasiýa ösüş ýoluna geçirmäge kömek edýär. Sanly tehnologiýalar durnukly agrosenagat toplumynyň emele gelmeginiň, oba ýerleriniň ösmeginiň, topragy gurplandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň açarydyr. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga oba hojalygynda esasy ugurlaryň biri hökmünde

Harmanlar barha beýgelýär

Daşoguz welaýatynda galla oragynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar, ilkinji zähmet ýeňşini gazanan daýhan birleşikleriniň hatary artýar, şertnamalaýyn tabşyryklaryny berjaý eden kärendeçileriň sany köpelýär. Görogly etrabynyň «Aksaraý», Boldumsaz etrabynyň «Döwletli», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr», Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk», Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşikleri welaýat boýunça öňdäkileriň hatarynda belent sepgide ýetip, şanly ýylyň toýly günlerini uly üstünliklere beslediler. Welaýatyň obasenagat toplumynyň iri düzümleriniň biri bolan Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ussat gallaçylary ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, uly zähmet ýeňşini gazandylar. Şu ýyl hojalyk boýunça bugdaý ekilen 2420 gektar meýdandan 8 müň 524 tonna hasyl ýygnalyp, şertnamalaýyn tabşyryk 160 göterim berjaý edildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň orak möwsüminde hojalygyň ähli düzümleriniň sazlaşykly hereket etmegi üçin degişli işler ýokary derejede guraldy. Bu paýdarlar jemgyýetinde işi ýöretmegiň, hojalygy dolandyrmagyň täze usullaryndan netijeli peýdalanylýar, ylmyň öňdebaryjy gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Bugdaýyň, pagtanyň, beýleki oba hojalyk

Oýtakda — gawun, dagda — sogan

Gyzylarbatly bakjaçylaryň harmanynyň buşlukçysy Eşidensiňizem, görensiňizem, «Bazardan bal akýar» diýilýän mahalda, gök-bakjanyň leýs ýetişen döwri «Gyzylarbadyň gawuny», şonuň gapdalyna goşulybam, «Oýtakda biten gawun» diýilýänini. Ýogsamam Aşgabat  — Türkmenbaşy awtomobil ýoluna nesibäňiz çekse, Bamydan ötüp, Zaw obasynyň çägine girseňiz, tä Berekede çenli aralykda gawun-garpyz harman bolup durandyr. Hemmesem Gyzylarbatda biten, oýtakda bişen gawun-garpyz, kädi, käşirdir...

Hindistan soganyň ýarym million tonnalyk ätiýaçlygyny döreder

Hindistanyň hökümeti zerurlyk dörän halatynda içerki bazardaky islegleri kanagatlandyrmak we nyrhlaryň kadalylygyny üpjün etmek üçin ýarym million tonnalyk sogan ätiýaçlygyny döretmäge girişdi. Häzirki wagta çenli şu maksat bilen daşary ýurtlardan, takmynan, 71 müň tonna sogan satyn alyndy.