Zähmet joşýar ak bugdaýly meýdanda

2 gün öň
50

Geçen ýylyň altyn güýzünde 170 müň gektara ak bugdaýyň tohumyny sepen Mary welaýatynyň hasyl ussatlary galla oragyny gowşamaýan depginlerde gyzgalaňly dowam etdirýärler. «Marygallaönümleri» önümçilik birleşigine degişli 45 sany galla kabul ediş nokadynda ýygnalan hasyl bökdençsiz kabul edilýär. Ýüzlerçe galla orujy kombaýnyň sazlaşykly hereketi ýetişen hasyly çalt we zaýasyz ýygnap almaga ýardam berse, «Maryobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ýola goýlan sazlaşykly işler iş öndürijiligi ýokary kombaýnlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Tehniki hyzmatlaryň iş üstünde ýola goýulmagy her bir kombaýnyň iş öndürijiligini artdyrýar. Hünärmenler häzir her gektardan alynýan hasyly saldarlap görmek bilen, şu ýyl gallaçylara azyndan 345 müň tonnalyk sepgidi eýelemäge mümkinçiligiň bardygyny çaklaýar.

Gazanylýan zähmet üstünliklerinde Türkmengala etrabynyň gallaçylary köplere nusga bolýar. 14 müň gektarda bereketli hasyl ýetişdirilip, möwsümde etrap boýunça 29 müň 400 tonna bugdaýyň ýygnalmagyna garaşylýar. Gündelik 30-a golaý kombaýn işe çykarylyp, 1 müň tonna töweregi hasyl ýygnalyp alynýar we ol bada-bat galla kabul ediş nokadyna tabşyrylýar. Galla oragynda etrabyň Magtymguly adyndaky, Kemine adyndaky, «Arzuw» daýhan birleşikleriniň hasyl ussatlary hem-de «Senetçi daýhan» we telekeçi Maýa Rejebowanyň ýolbaşçylygyndaky daýhan hojalyklarynyň önüm öndürijileri, işewürleri has-da tutanýerlilik görkezýärler. «Senetçi daýhan» hojalygynyň önüm öndürijileri 105 gektarda ýetişdiren ak ekinlerinden 403 tonna hasyly Watan harmanyna goşup, şertnamalaýyn tabşyrygy 174 göterim berjaý eden bolsa, telekeçi Maýa Rejebowanyň ýolbaşçylygyndaky gallaçylar döwlet harmanyna 66 tonna guşgursak bugdaý tabşyryp, eýeçilik edýän 22 gektar ýeriniň her gektaryndan ortaça 30 sentnerden hasyl almagyň hötdesinden geldiler. Oragy irki möhletlerde geçiren işewürler boşan ýerleri sürüp, şüdügärläp, tekizläp, gant şugundyryny, gök, bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmäge taýýarlaýarlar. Bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy telekeçileriň, ýer eýeleriniň zähmete höwesini has-da artdyrýar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).