HABARLAR

Dolanyşyk donuna dolanan

«Köňül köle sary» hekaýalar toplumyndan Topraga tagzym edip, onuň bilen dil tapyşýan daýhan ýeri ýerlikli ulanmagyň ussady. Azaby abraý, deri dür. Yhlas eder her işde, gazanýany bol serişde. Alkyşly işleriň aňyrsy ahyrlamaýar. Topraga hyzmat, ekine ideg etmek onuň baş çelgisi. Ekin dolanyşygy usulyny ulanmak topragyň talaby, ekiniň islegi, daýhanyň daýanjy. Ýer bozurgar, hasyl eçiler, daýhanyň bagty açylar.

Oba hojalygy: täze hasylyň aladasy

Ýer rysgal eçilýär Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny çalt depginlerde ösdürmek, daýhany ýerden alýan bereketli hasylyna görä barha gurplandyrmak hakyndaky görkezmelerinden ugur alyp işleýän oba hojalykçylar ýeriň hasyllylygyny artdyrmak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Tejribeli ekerançy Hakmyrat Halmyradow hem indi köp ýyllardan bäri Baýramaly etrabynyň “Merw” daýhan birleşiginiň çägindäki alty gektar ýerden bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny alyp gelýär. Ýeriň eçilýän rysgal-döwleti maşgalanyň ähli agzalarynyň ruhuny belende göterýär. Şonuň üçinem topraga zähmet derini siňdirmeli bolanda halypanyň aýaly Amangözel Halmyradowa, ogullary Şamyrat, Baýmyrat, gelni Ogulnyýaz uly höwes bilen işleýärler. Olar agzybirlikde zähmet çekip, ýeriň talabalaýyk bolmagyny gazanýarlar. Topragyň endiganlygy, onuň dürli dökünler bilen yzygiderli gurplandyrylmagy, tehnikanyň hyzmatynyň dowamly ýola goýulmagy ýeriň göwün diýen hasyly eçilmegine mümkinçilik döretdi.

Möwsümiň bosagasynda

Golaýda Türkmenistanyň Oba hojalyk we tebigaty goramak ministrliginiň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda okuw maslahaty geçirildi. Dört ýerde — Çärjew, Dänew, Kerki, Döwletli etraplarynda guralan tutumly çärä etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, daýhan birleşikleriniň baş agronomlary, pagta arassalaýjy zawodlaryň, galla kabul ediş nokatlarynyň agronomlary, ösümlikleri goramak gullugynyň işgärleri gatnaşdylar. Okuw maslahaty gowaça we güýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirmek, ekinlerden bol hasyl almak, tehnikalary ekişe göreldeli taýýarlamak, ösümliklere zyýan berýän mör-möjeklere garşy göreşmek boýunça öňde durýan jogapkärli wezipelere bagyşlandy.

«Sary altyn»

Adamzat jemgyýeti özüniň ösüş taryhynda oba hojalyk ekinleriniň müňlerçe görnüşlerini ösdüripdir. Olaryň arasynda has gymmatly görnüşiniñ biri-de şalydyr. Däneli ekinleriñ arasynda şaly iñ ýokary mukdarda krahmaly saklaýşy we ýokary kaloriýalylygy bilen tapawutlanýar. Şalynyñ dänesindäki krahmal örän ýokumlylygy, aňsat özleşdirilýändigi bilen hem beýleki dänelilerden tapawutlanýar Şaly ekininiň duza çydamlylygynyň ýokary bolmagy ony şor ýerleriň duzuny ýuwup özleşdirmekde giňden ulanmaga mümkinçilik berýär. Şalynyň basdyrylyp suwarylmagy netijesinde, şol topragyň duzy ilkinji gününden başlap ýuwlup başlaýar. Şonuň üçin ony täze özleşdirilýän şor ýerlerde ösdürip ýetişdirmek has peýdalydyr. Şeýle edilende, şor ýeriň duzy gowy ýuwulýar we ony ekin dolanyşygynda has netijeli ulanyp bolýar. Şor ýerleri şaly ekmek bilen özleşdirmek suwy rejeli peýdalanmaga hem ýardam edýär. Belli bolşy ýaly, ýurdumyzda dürli derejede şorlaşan ýeriň duzuny ýuwmak güýz-gyş aýlary geçirilýär. Şorlaşan ýerleri ýuwmak üçin köp mukdarda suw gerek bolýar. Şeýle köp suwy meýdana bir wagtda berip bolmaýar. Şeýle hem ýuwuş suwunyň howanyň salkyn we sowuk döwri geçirilýändigi zerarly, eremesi kyn bolan käbir duzlary toprakdan ýuwup aýryp bolmaýar. Şaly ekilmegi

Maýsalar boý alýar

Bäherden etrabynda ak ekinlere ideg etmek işleri ekerançylygyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Etrap boýunça däne ýetişdirilýän 21 müň 100 gektardaky ýaşajyk maýsalar kadaly boý alýar. Ösüş suwlarynyň agrotehniki möhletlerde tutulmagy bu babatda uly ähmiýete eýedir. Häzirki günlerde 3-nji ösüş suwy tutulýar. Gallaçy kärendeçiler ak ekinleri ösüşi kadalaşdyryjy dökünler bilen hem kadaly iýmitlendirýärler. Bu işler etrabyň Şaja Batyrow, S.A.Nyýazow adyndaky, şeýle-de «Zähmet» daýhan birleşiklerinde ýokary guramaçylykda alnyp barylýar.

Ylym we tejribe

Mallaryň önüm berijiligini artdyrmak ugrunda Milli Liderimiziň görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň maldarlary mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, maldarçylykda tohumçylyk işini kämilleşdirmek ugrunda uly tagalla edýärler. Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw-tejribe hojalygynda hem mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň mugallymy Meretmät Meretmädowyň ýolbaşçylygynda gara mallaryň saglygyny gorap saklamak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak we ýokary önüm berýän mal sürülerini döretmek maksady bilen «Çydamly, kesellere durnukly ýokary önümli gara mallaryň gatyşyk toparyny döretmek» atly ylmy iş alnyp barylýar. Onuň çäklerinde ilkinji gezek ýerli gara mallaryň garyşyk tohumlaryny ýokary önüm berýän iri şahly mallaryň gara-ala golştin tohumly öküzleri bilen tohumlandyryp, olaryň tohum hilini gowulandyrmak işleri, mallaryň fiziologik, önüm berijilik, iýmitlendiriş we saklanyş aýratynlyklary, kesellere durnuklylygy, daşky gurşawyň täsirleri öwrenilýär.

Jogapkärli möwsüme taýýarlyk

Gowşamaýan depgindeBoldumsaz etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda şu günler oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny abatlamak, olary degişli möwsüme taýýarlamak işleri gowşamaýan depginde alnyp barylýar. Kärhananyň garamagynda sürüm traktorlarynyň 32, bejergi traktorlaryň 27, däne ýygýan kombaýnlaryň 35, pagta ýygýan kombaýnlaryň bolsa 26 sanysy bolup, olaryň ählisi taýýarlyk hataryna çykaryldy. Şeýle hem bu ýerde daýhan birleşikleriniň tehnikalaryny, borona-malalaryny abatlamak işleri amala aşyrylýar. — Kärhanamyzyň işçileri ekerançylykda tehnikanyň ähmiýetiniň juda uludygyna oňat düşünýärler. Şonuň üçin hem olaryň abatlanylyşynda aýratyn yhlaslylyk görkezýärler. Bu işiň abyny-tabyny kemsiz ele alan Artyk Nurbaýew, Otuzbaý Zarybaýew, Rejep Ýegenmedow we beýlekiler abatlaýşyň ýokary hilli bolmagyny hemişe üns merkezinde saklaýarlar. Biz ýakynlaşyp gelýän ýaz ekişi möwsümini hemmetaraplaýyn taýýarlyk bilen garşylamagy maksat edinýäris — diýip, tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň baş inženeri Begenç Täçgeldiýew gürrüň berýär.Jumamyrat REJEPOW,TAP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni.

Maldarlaryň gyş aladalary

Mallar dok gyşladylýar Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli “Maldar” maldarçylyk hojalygynyň bu ugurdan baý iş tejribeli adamlary Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mallary talaba laýyk gyşladýarlar. Olar öz wagtynda taýýarlanylan 38 müň tonna ätiýaçlyk otdan netijeli we tygşytly peýdalanýarlar. Dowarlaryň gyşladylýan ýerlerinde ýerleşdirilen ot mallaryň dok gyşladylmagyna uly goldaw bolýar. Bu babatda aýratyn hem Serhetabat, Tagtabazar, Sakarçäge, Wekilbazar “Maldar” maldarçylyk hojalyklarynda görelde alarlykly işler durmuşa geçirilýär. Welaýatymyzyň maldarlarynyň jogapkärli döwürdäki alyp barýan işleri örän abraýly. Olaryň dowardarlary we beýleki mallarynyň zähmetsöýer eýeleri howanyň amatly günlerinde ýaýlalarda sürüleri aga-ýana bakýarlar. Munuň şeýledigine aýratyn hem düýedarçylyga ýöriteleşdirilen Sakarçäge “Maldar” maldarçylyk hojalygynda oňat göz ýetirilýär.

Möhüm pudagyň netijeliligi

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiligini herekete getirmek üçin ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ekologiýany goramaga, tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, ösümlikleri we haýwanlary goramak, toprak-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmäge uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2021-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Karara gol çekmegi bilen, gowaça ekişi möwsüminiň taýýarlyk işlerine badalga berildi. Bu Karara laýyklykda, şu ýyl 620 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

Ekerançylykda suwarmagyň kadasy

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, öndürilýän önümiň möçberlerini artdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak, ýerleri uzak möhletleýin esasda hususy önüm öndürijilere bermek bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. Suwarymly ekerançylykda suwaryş kadasy daýhançylygyň wajyp we esasy bölegi hasaplanylýar. Suwaryşyň möçberinden suwarmagyň mukdaryndan we ölçeglerinden, möhletinden tutulmaly suwuň kadasy gelip çykýar.