Pederlerimiz: «Garyň känligi — gallaň bollugy» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ak gara beslenip gelmegi-de, 2021-nji ýylyň galla hasylynyň bereketli boljagyndan nyşan. Ak bugdaýyň mekany bolan eziz Watanymyzyň agzybir halky bugdaýy, bugdaýdan öndürilýän önümleri maňlaýyna sylyp, esasy mukaddeslikleriň hatarynda goýýar. Ak bugdaýyň unundan taýýarlanýan pişmedir gatlamalar, çelpekler milli toýlarymyzda desserhanlarymyzyň datly nygmatlarydyr.
Agzybir halkymyzyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary esasynda nesilden-nesle geçen bu süýjülik önümleri häzirki döwürde-de bäbek, galpak, sünnet, täze jaý, ýaş juwanlaryň durmuş, ýaşulularyň ak goýun toýlarynyň-da esasy nygmatlarynyň biridir. Uzak ýola gidilende, ýanyňa ýoldaş diýlip mele-myssyk çöregiň alynmagy-da, biziň şu günlerimize gelip ýeten däpleriň biridir.