HABARLAR

Görseň — ýeken, örseň — sebet

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

7. Obasenagat toplumy Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Aýdyň maksatly daýhan

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky daýhan birleşigi diňe bir etrapda däl, eýsem, welaýatymyzda hem gök, bakja ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýan iri hojalyklaryň biri. Daýhan birleşiginde gök, bakja ekinlerini ýetişdirmekde baý tejribe toplan gök ekerançylar barmak büküp sanardan kän. Şolardan Döwran Esenow hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeler geçirmek baradaky talaplaryny amal etmäge öň hatarda girişenleriň biri. 725 gektar ýeri 99 ýyllyk peýdalanmaga alyp, gök, bakja ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýan bu daýhan köpýyllyk tejribesine daýanmak bilen, kärende meýdanyndan bir ýylda iki-üç gezek hasyl almagyň hötdesinden gelýär. Irki ýeralmanyň yzyna ekilen giçki käşir, gawun we beýleki ekinler gowy bişip ýetişýär. Meýdanyň irki ýazlyk ekinleriň ekiljek ýerleri şüdügärlenip, çillenilip, suw tutmaga taýýar edildi. Ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirildi. Häzirki wagtda bu ýerde howanyň amatly günlerinden ýerlikli peýdalanylyp, meýdan işleri gowşamaýan depginde dowam etdirilýär. Geçen ýyly gowy netijeler bilen jemlän kärendeçi bu ýyl hem has gaýratly zähmet çekip, ýokary hasyl almagy maksat edinýär.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Daýhan hojalygy ösüşde Adamyň ekleýjisi bolan ýerden bol hasyl alýan obahojalykçylar iki tarapa-da bähbitli bolan iş usullarynda zähmet çekmegi halaýarlar. Indi birnäçe ýyldan bäri daýhan hojalyklary döredilýär. Welaýatymyzda bu ugurda Baýramaly etraby has işjeňlik görkezýär. Döwlete bugdaý, pagta, gant şugundyryny, gök, bakja we beýleki önümleri tabşyrmakda abraýly netijelere eýe bolýan etrabyň birnäçe daýhan hojalyklary bar. Öňki “Mekan” daýhan birleşiginiň esasynda birnäçe daýhan hojalyklary döredildi. Olaryň birine tejribeli obahojalykçy Eziz Wallykow ýolbaşçylyk edýär. “Melhemli güller” diýlip atlandyrylan bu daýhan hojalygy 974 gektar ýere eýelik edýär. Bu barada E. Wallykow şeýle gürrüň berýär:

Öri meýdan maldarçylygy bilen baglanyşykly adalgalar

Alaçaýag [a:laçaýag] — garpyz toşabyna goýnuň guýruk ýagyny goşup taýýarlanýan datly önüm. Alagök [a:lagök] — öri meýdanlaryndaky saman otuň aşagyndan gök otuň gögerip çykyp başlamagy. Alagökde goýun ondan-oňa gezip, gök ota kowalaşýar.

Maldarçylykda täze tehnologiýalar

Hormatly Prezidentimiziň mallary hususy eýeçilige bermek işlerini çaltlandyrmak, döwrebap maldarçylyk toplumlaryny gurup işe girizmek, mallaryň tohumçylyk-seçgi işlerinde täze usullary ulanmak arkaly olaryň önümliligini ýokarlandyrmak, öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we ulanyjylara bermegi düzgünleşdirmek, mallaryň ot-iým üpjünçiligini gowulandyrmak, weterinariýa işlerini güýçlendirmek babatda edýän tagallalary oňyn häsiýete eýe bolýar. Maldarçylykda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzda bu pudagy has güýçli depginler bilen ösdürmekde, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmekde, daşary ýurtlardan getirilýän mallaryň genofonduny ulanmakda özüniň oňyn netijelerini berer hem-de ekologiki taýdan arassa süýt-et önümleri bilen üpjün eder. Häzirki döwürde täze gurlan maldarçylyk toplumlarynda maldarçylygy senagat esasynda alyp barmagyň tehnologiýasy işlenilip düzülýär hem-de giňden ornaşdyrylýar.

Habarlar

Ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulandyrylýar Welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda önümçilik kärhanalarynyň birnäçesi hereket edip, olar ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle kärhanalaryň hatarynda «Türkmenbaşysuwhojalyk» önümçilik dolanyşygyny görkezmek bolar. Onuň hünärmenleri her ýyl öz öňünde goýan meýilnamalaryny üstünlikli berjaý edip, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, ekinleri suw bilen üpjün etmekde göwrümli işleri alyp barýarlar. Geçen ýyl dolanyşyk tarapyndan hojalygara suw akabalarynyň 195,2, hojalygara zeý suw akabalarynyň 85,97, içki suw akabalarynyň 265, içki zeý suw akabalarynyň 274,6 kilometrinde çuňaltmak we arassalaýyş işleri geçirildi.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Belent sepgitlere badalga Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde, ýerden bol hasyl almakda uly işler bitirilýär. Daýhanlar döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawa daýanyp, dänäniň, pagtanyň, gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekýärler.

Bag — gözellik

Ilimizde agaç nahallaryny oturtmak, bagy-bossanlygy döretmek asylly iş hasaplanýar. «Bagym bar, barym bar» diýen ajaýyp aýtgy hem bagyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda eýeleýän ornuny aýdyň ýüze çykarýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bag ekmek ýaly asylly ýörelgä berk eýerilip, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek we tokaýlaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Adam eli bilen döredilen bu bagy-bossanlyk halkymyzyň zähmetiniň miwesidir» diýmek bilen, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, daş-töweregimizi gurşap alan tebigatymyzy aýawly saklamaga her birimiziň öz şahsy goşandymyzy goşmalydygymyzy aýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk çagyryşyna ýaşlar uly hyjuw we höwes bilen seslenýärler hem-de asylly işe mynasyp goşandyny goşýarlar.

Suwçynyň mirasyndan

Ata-babalarymyzdan miras galan ekerançylyk tärleri, suwy tygşytlamak we akar suwuň ýok ýerlerinde hasyl almak babatdaky usullary häzirki wagtda giňden ulanylýar. Şolaryň birnäçesi hakda durup geçmek diýseň täsirlidir. Üzümi oturtmak. Ownuk şahly mallaryň öri meýdanlarynda ýazlaga çykylýan ýerindäki süýji suwly guýylaryň golaýynda ýer saýlanyp alynýar. Munuň üçin üzüm agajy gyrkylanda onuň şahasynyň iň uzyny gyrkylman goýulýar. Soňra üzüm oturdylýan güýz-gyş möwsüminde üzüm agajyny uzyn şahasy bilen köwkenip alynýar. Daşyndaky gabygy gowy arassalanýar. Oturtmak üçin üzümiň töňňesi bilen ýörite goýlan şahasy uza boýny ölçenilýär. Boýuna görä çuň çukur gazylýar. Ýerasty suwlaryň derejesinden 50 santimetr ýokarda bolar ýaly edilip gömülýär. Gömülende üzümiň töňňe bölegine köpräk ders berlip, suwarylýar, galan bölegine toprak bilen ders garylyp gömülýär.