Şanly senelere, wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň gowaça hasylynyň binýadynyň berk tutulmagy ugrunda degişli çäreleri görýän Babadaýhan etrabynyň zähmetsöýer kärendeçileri öňde duran jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk görýärler. Babadaýhanly «ak altyn» ussatlary şu möwsümde etrap boýunça 27700 gektar meýdana gowaça ekmegi meýilleşdirýärler.
—Gowaça ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda geçirmek täze hasylyň binýadynyň berk bolmagynyň şerti bolup durýar. Şonuň üçin-de biz bosagada duran möhüm möwsüme taýýarlyk işlerini etrabymyzyň tehniki hyzmat ediş kärhanasy bilen sazlaşykly alyp barýarys. Nesip bolsa, şu möwsümde gowaça ekiljek atyzlara traktorlaryň hem-de ekijileriň 71-sini çykarmagy maksat edinýäris. Gowaça ekişinde işlediljek traktorlaryň, ekijileriň we beýleki tehnikalaryň birkemsiz taýýarlanylmagy etrabyň daýhan birleşikleriniň 8-de hem-de daýhan hojalyklarynyň 2-sinde möhüm möwsümi ýokary hilli, bökdençsiz geçirilmegini üpjün eder. Kärhanada zähmet çekýän her bir işçi-hünärmen daýhanlara bol-bereketli hasyl ýetişdirmäge möwsümleýin, tapgyrlaýyn geçirilmeli agrotehniki çäreler üçin zerur bolan dürli tehnikalaryň, gurallaryň hemişe abat ýagdaýda taýýar bolup durmalydygyna oňat düşünýär. Şonuň üçin-de şeýle maksatlar üçin kärhanada mallaryň, boronalaryň, hatarara bejerijileriň, dökün berijileriň, dökün pürküjileriň ýeterlik mukdary taýýarlanylýar. Bu möhüm işde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň işgärleri hem kärendeçi daýhanlara ýakyndan ýardamçy bolýarlar — diýip Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Daýançmyrat Täşliýew gürrüň berdi.