HABARLAR

Tehnikalar taýýarlyk hatarynda

Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri öňde duran jogapkärli möwsüme — gowaça ekişine taýýarlykly barýarlar. Ekişe agrotehniki möhletde başlamakda we gysga wagtda tamamlamakda ekiji tehnikalaryň orny uludyr. Muňa oňat düşünýän etrabymyzyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri ýaz ekişine gatnaşdyryljak traktorlary we gurallary möwsüme taýýarlamakda yhlaslylyk görkezýärler. Olaryň tagallasy bilen tehnikalardyr ekijiler doly ýagdaýda taýýarlyk hatarynda goýulýar. Ýaz ekişine gatnaşdyryljak tehnikalaryň tejribeli mehanizatorlara berkidilmeginiň ähmiýeti uludyr. Munuň özi ekişiň ýokary talaplara laýyklykda, bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda möwsüme gatnaşmaly tehnikalaryň sany doly kesgitlenip, ýokary öndürijilikli traktorlar bu ugurda ýeterlik iş tejribesi bolan mehanizatorlara berkidildi. Bu tehnikalar ekişiň ilkinji günlerinden daýhanlaryň ygtybarly daýanjyna öwrüler.

Topraga siňen yhlas

Kärendesine ýer almak üçin Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan birleşigine gelen Hangeldiniň islegi kanagatlandyrylanda, ol guş bolup uçupdy. Topraga yhlas etseň, seni dilgir etmeýär. Oňa siňdiren yhlasyň bol hasyl bolup gaýdyp gelýär. Bu hakykata oňat düşünýän Hangeldi işini, ilki bilen, özüne bölünip berlen ýeri öwrenmekden başlady. Bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg etdi. Şeýdibem, ene toprakdan bol hasyl almagyň usullaryny kemsiz özleşdirdi. Hangeldi geçen ýylda ideg eden 2 gektar kärende ýerinden 10 tonna golaý guşgursak däne alyp, Watan harmanyna tabşyrdy.

Baglaryň melikesi

Bahar. Bag. Gözellik. Zenan. Bu sözleriň arasyndaky baglanyşygy düşündirmek üçin uzyndan-uzyn sözlemleri, hatar-hatar setirleri biri-biriniň yzyndan tirkäp oturmagyň hajaty hem ýok. Bu baglanyşyk şeýle-de düşnükli. Şonuň üçin hem baharyň goýnundaky ilkinji baýramlaryň birini zenanlarymyza bagyşladyk. Tebigatyň şu baýramyň ― Halkara zenanlar gününiň bellenilýän uçurlaryndaky gözelligini ýylyň başga hiç bir möwsümi bilen deňär ýaly däl. Şol günlerde tutuş tebigat ― baglaram, daglaram, sähralaram güllere bürenýär. Göwnüňe bolmasa, bütin barlyk zenanlara tagzym edýär. Onsoň adam ogly dagy nämejik?! Sizi turuwbaşdan pelsepewi oýlaryň jümmüşine alyp gitmegimiz ýönelige däl. Çünki şu ýazgylaryň ýazylmagyna sebäp bolan günde biz baglaryň we zenan elinden döreýän gözelligiň janly şaýady bolduk. Özi-de uzakda däl, Türkmenabatdan bary-ýogy birnäçe kilometr uzaklykdaky Miweçiler obasynda.

Jogapkärli möwsüme taýýarlyk

GIŇ GERIMLI IŞLER«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde welaýatymyzyň ähli ýerlerinde golaýlap gelýän ýazky gowaça ekişi möwsümine taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Zähmetsöýer babadaýhanlar özleriniň gözegçiligindäki meýdanlarynda ähli zerur çäreleri ýokary hilli geçirmek ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Munuň özi şu ýylyň bereketli hasylynyň berkden tutulyp, onuň bu babatdaky guwandyryjy netijelere beslenmegine şert döredýär. Şeýle belent maksatlary öz öňlerinde goýýan S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Medeniýet» daýhan birleşiginiň kärendeçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýunyň toýlanýan ýylynda uly zähmet üstünliklerini gazanmak ugrunda şu günlerden gaýratly zähmet çekýärler. Olar gowaça ekişiniň geçirilmegi göz öňünde tutulan 450 gektar ýeri möwsüme taýýarlamak işlerini batly depginde dowam etdirýärler. Häzirki wagtda ekişe taýýar edilen ýerlerde suw tutmak işi alnyp barylýar. Hojalykda suw sorujy enjamlaryň 10-dan gowragy hereket edýär. Olaryň bökdençsiz işledilmegi, degişli jogapkär hünärmenleriň gözegçilik etmegi netijesinde suw tutulan ýerleriň gektar sany barha artýar. Çynar BERDIKULYÝEWA,TAP-niň welaýat komitetiniň baş h

Şu günki hereket — ertirki bereket

«Ýer berseň akary bilen, mal berseň bakary bilen» diýen ata-babalarymyzyň dana hikmetine uýýan babadaýhanlarymyzyň şu günlerde aladalary ýetik. Ýere yhlas edip, onuň ideginde gujur-gaýratlaryny gaýgyrmazdan çeken janypkeşlikli zähmetleri Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň bugdaý öndürmekde gowy netijeleri gazanmaklaryna mümkinçilik berýär. Hojalykda şu ýylyň bereketli hasyly üçin geçen ýylyň güýz aýlarynda 1280 gektar ýerde bugdaý ekişi geçirilip, ýokary hilli gögeriş gazanylypdyr. Şonça gektar ýere daýhançylykda baý iş tejribe toplan kärendeçileriň 482-si eýeçilik gözi bilen garap, ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk berjaý edýärler. — Daýhan üçin ýylyň islendik wagtynda edere iş tapylýar. Ýagny ýapdyr salmalary arassalamaly, esasan hem, gyş paslynda ak ekinleriň idegini ýetirmeli bolýar. Saçaklarymyzyň rysgal-berekedi hasaplanylýan bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip kemala getirilmegine birleşigimizde uly ähmiýet berilýär. Gallaçy kärendeçilerimiziň her bir işiň abyny-tabyny kemsiz ele alyp, işjeňlik görkezmekleri netijesinde, her ýyl tohum sepilen meýdanlarda boldumly hasyl ýetişdirilip, bugdaý öndürmekde has ýokary sepgitler eýelenilýär. Geçen ýyl hojalygymyzda orak möwsüminde 126

Oba hojalyGY: täze hasylyň aladasy

Halkymyzda: «Ekin ekseň, bugdaý ek» diýlip aýdylan ajaýyp söz bar. Munuň özi ýurdumyzda bugdaýa uly sarpa goýulýandygyny alamatlandyrýar. Ýolöten etrabynyň «Momotaý» daýhan birleşiginiň kärendeçi zenany Dursunjemal Ýarykowa özüniň 2 gektar mülk ýerinde ekiniň bitginli hasylyny ýetişdirýär. Ol geçen ýylyň güýzünde mülk ýerine bugdaý ekdi. Yhlasly zähmeti netijesinde gowy gögeriş alyp, şu günler bugdaýy iýmitlendirmek, suw tutmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirýär. Ýylyň-ýylyna bereketli hasyl alyp, kärdeşlerine görelde bolmagy başarýan kärendeçi zenan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Watan harmanyna bol hasyl tabşyrmak ugrunda aladalanýar.

Bag — durmuşyň bezegi

Bag ekmegiň ähmiýeti «Köpri gurmak, ýol çekmek hem- -de bag ekmek örän sogap iş hasaplanýar. Bag ekmek dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdyr, ene topraga öz adyňy müdimilik ýazmakdyr» diýip, hormatly Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasynda belläp geçdi. Her ýylyň ýaz we güýz paslynda hormatly Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, ähli türkmen halkymyz bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşýar.

Ýokary hilli tohumlar

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň hilini gowulandyrmak baradaky tabşyryklary welaýatymyzyň obahojalykçylary tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, indi köp ýyllardan bäri bugdaýdan, gowaçadan we beýleki ekinlerden bol hasyl alnyp gelinýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ýaz ekişi möwsümi hem barha golaýlaýar. Bu jogapkärli günlerde gowaça ekiljek meýdanlar birkemsiz taýýarlanylýar. Wagtynda göwnejaý şüdügärlenen ýerlerde tekizleşik, geriş çekmek, suw tutmak işleri tejribeli adamlar tarapyndan üstünlikli berjaý edilýär. Şeýle derwaýys wezipelerde hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren ýokary iş öndürijilikli tehnikalaryndan, olaryň gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdaryny taýýarlamakda «Marypagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda abraýly işler berjaý edilýär. Munuň şeýledigine Türkmengala etrabyndaky Nurmuhammet Akmyradow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän döwrebap pagta arassalaýjy kärhanasynda durmuşa geçirilen işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Kuwwatlylygy möwsümde 40 müň tonna nah pagtany gaýtadan işlemäge ukyply bolan kärhanada taýýarlanylan tohumlyk gowaça çigidiniň 14 müň tonnadan gowra

IKEA-nyň öý ekinzarlygy

Öý şertlerinde gök önüm ýetişdirmek işine dünýä belli IKEA kompaniýasy hem goşuldy. Kompaniýanyň hödürlän «Öý ekinzarlygy» aşhanadaky sähelçe ýere ýerleşip biler. Özi-de ekin topraksyz ösdürilip ýetişdiriler. Bu kompaniýa mebel we öý bezegleri ugurlary boýunça dünýäde öňdebaryjy şereketleriň biri. Indi ol nirede ýaşaýandygyna garamazdan, gök önümi özi ýetişdirip iýmek isleýänler üçin hem önüm öndürýär. Bu önümçilikde gidrofon ulgamy ulanylýar.

Bäherden etrabyndan gowşan habarlar

Ýuwuş suwy tutulýar Etrabyň oba zähmetkeşleri ýerleri ýaz ekişine taýýarlamagyň çäklerinde ekin meýdanlarynda ýuwuş suwuny tutmak işini geçirmäge jogapkärli çemeleşýärler. Gowaçanyň düýbüni mäkäm tutmakda we bu ekiniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýuwuş suwuny talabalaýyk tutmagyň ähmiýeti örän uludyr. Muňa oňat düşünýän pagtaçy-kärendeçiler howanyň amatly şertlerinden ýerlikli peýdalanmak bilen, geçen ýyllarda toplanan tejribelerine daýanyp, ýuwuş suwuny degişli talaplara laýyklykda tutýarlar.