HABARLAR

Ösüşde okgunly ädimler ädilýär

Bu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň daýhanlary hem ýere hyzmat etmäge, ondan has ýokary hasyl almaga ruhlandyrýan özgertmeleri üçin ýurt Baştutanymyza tüýs ýüreklerinden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň amatly ýollaryny salgy beren teklipleri we şolaryň esasynda Halk Maslahatynyň çykaran Kararlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilip ugramagy daýhanlaryň durmuşyny bütinleýin özgertdi. Toprakdan önüm öndürýän daýhanlaryň ruhlary belende göterilip, zähmet gadamlary has batlandy. Olar şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak üçin has-da gujur-gaýrata galýarlar. Welaýatyň oba hojalyk pudagyndaky oňyn özgerişlikler, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, daşary ýurtlaryň kämil tehnikalarynyň satyn alnyp berilmegi ýokary netijeleri gazanmak üçin oňaýly şertleri döredýär. Has dogrusy, daýhanlaryň zähmet çekmäge, ýokary netijeleri gazanmaga bolan isleglerini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy b

Öňde möhüm möwsüm

Gyş pasly öz ornuny mylaýym ýaz paslyna berip, ýere ýyly girenden soňra ýurdumyzyň daýhanlarynyň ýaz aladalary başlanýar. Olaryň hatarynda ýazky gowaça ekiş möwsümine aýratyn orun degişlidir. Gymmaty altyna deňelýän pagta hasylynyň düýbüni tutmak işlerine ýurdumyz boýunça döwlet derejesinde örän jogapkärli çemeleşilýär. Çünki pagta hasyly Berkarar döwletimiziň aýratyn baýlyklarynyň biridir. Muňa Ahal welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli bolan etrap tehnikalara hyzmat ediş kärhanalarynyň abatlaýjylary-da oňat düşünmek bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýazky ekiş möwsümine gurat tehnikalar bilen doly taýýarlykly barmak ugrunda özleriniň yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Şeýle kärhanalaryň biri hem Ak bugdaý etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasydyr.

Tagamy datly türkmen ýeralmasy

Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda ýeralma ekip ýetişdirýän telekeçileriň we kärendeçileriň sany indi ýylsaýyn artýar hem-de türkmen ekerançylary geçen ýyl ýurt boýunça müňlerçe gektar meýdana ýeralma ekip, ondan bol hasyl almagy başardylar. Geçen asyryň kyrkynjy ýyllaryndan soň, türkmen Diýaryndaky mes toprakly ýerlerde badat, ýeralma ekmek has rowaçlanyp başlaýar. Eýýäm ellinji ýyllaryň ikinji ýarymynda Aşgabat şäheriniň günbatarynda ýerleşen Köşi, Ýalkym, Gökje, Bagyr, Gurtly… ýaly obalaryň ekin meýdanlarynda türkmen daýhanlary ir we giç ýetişýän ýeralmalary ekip, olardan örän ýokary hasyly ýygnamagy başarypdyrlar. Netijede, ol obalarda ýeralma ýetişdirmek boýunça ussat ekerançylar nesli kemala gelipdi.

Köşekler geçen ýylkydan köp bolar

Hormatly Prezidentimiziň düýedarçylygy ösdürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur almak bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi öz öňlerinde baş wezipe edip goýýan Sakarçäge etrabynyň «Sakarçäge» maldarçylyk hojalygynyň agzybir sarwanlary hem gyş paslynyň şu günlerinde gaýratly zähmet çekýärler. Çünki bu ýerde bar bolan çopan toparlarynyň ählisi hem öz işlerine tüýs ýürekden berlen, düýedarçylykdan oňat baş çykarýan, ýylyň islendik paslynda-da düýeleri horlaman orta we ýokary semizlikde saklap bilýän galjaň maldarlardan ybarat. Hut şonuň üçin hem olar düýelerden önüm almakda ýylyň-ýylyna gowy netije gazanyp, işleriň ilerlemegine mynasyp goşant goşup gelýärler. Hojalygyň sarwanlary geçen ýylda-da bu babatda gowy görkezijiler gazandylar. Has takygy, geçen ýyl bu ýerde bakylýan düýelerden 661 köşek alyndy.

Anyklaýjy dronlar

XXI asyryň esasy tehnologiýa täzelikleriniň biri bolan dron kameralarynyň mümkinçilikleri barha artýar. Ýakynda Ysraýylyň we Braziliýanyň alymlary oba hojalyk maksatly dronlaryň täze görnüşini işläp taýýarladylar. Has takygy, täze kamera sitrus miweleriniň ösüşi we onuň ösüşini bökdeýän ýagdaýlar barada maglumatlary toplap, eýesine habar berýär. Bu kameralary Ysraýylyň «Agrowing» we Braziliýanyň «VetorGEO» kompaniýalarynyň hünärmenleri işläp düzdüler.

Kömelek ekini gorar

Bugdaýa degýän käbir keselleri kömelek sporalary bilen hem bejerip boljak ekeni. Bu teklibi Daniýanyň Kopengagen uniwersitetiniň alymlary öňe sürýärler. Olar bugdaýyň aphid infestasiýalaryna garşy göreşijiligini ýokarlandyrmak üçin kömelegiň üç görnüşiniň täsirini öwrendiler. Uniwersitetiň alymlary tarapyndan alnyp barlan taslamanyň wekilleriniň biri bolan Nikolaý Witt Meýling: «Synaglarda käbir himiki serişdelerden hem peýdalanyp, kömelekleriň ösümlikleri goramak ukybynyň bardygyny ýüze çykardyk. Olaryň ösümlige täsirini hem synag edip gördük. Netije gowy» diýýär.

BAE-de dik ekinzarlyk taslamasy

Ekerançylyk meýdanlarynyň birnäçe gektar giňlige däl-de, birnäçe metr beýiklige uzajakdygyny göz öňüne getireliň!. Ýagny ekin häzirkisine görä, wertikal görnüşde — dikligine ýetişdiriler. Eýýäm bu babatynda käbir tutumlaryň hem başy başlandy. Ysraýylyň «Vertical Field» kompaniýasy «Emirates Smart Solutions and Technologies» kompaniýasy bilen Birleşen Arap Emirliklerinde dikligine ekin ýetişdirmegiň tutuş bir ulgamyny döretmek boýunça ylalaşyga geldi.

Özgertmeleriň depginini güýçlendirmek möhümdir

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi 3-nji fewralda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Oba hojalygyny ösdürmegiň ýokary depgini saklanmalydyr

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe söz berdi. Ministr pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bir etrapdan iki habar

ÖŇDEBARYJY KÄRENDEÇINIŇ BUÝSANJY Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň kärendeçi daýhanlary özleriniň yhlasly zähmetleri bilen oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerinden bol hasyl almakda her ýyl guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Şeýle kärendeçileriň hatarynda N.Gylyjow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Oguljemal Babaýewany hem görkezmek bolar.