Köşekler geçen ýylkydan köp bolar

7 Fewral 2021
1525

Hormatly Prezidentimiziň düýedarçylygy ösdürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur almak bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi öz öňlerinde baş wezipe edip goýýan Sakarçäge etrabynyň «Sakarçäge» maldarçylyk hojalygynyň agzybir sarwanlary hem gyş paslynyň şu günlerinde gaýratly zähmet çekýärler.

Çünki bu ýerde bar bolan çopan toparlarynyň ählisi hem öz işlerine tüýs ýürekden berlen, düýedarçylykdan oňat baş çykarýan, ýylyň islendik paslynda-da düýeleri horlaman orta we ýokary semizlikde saklap bilýän galjaň maldarlardan ybarat. Hut şonuň üçin hem olar düýelerden önüm almakda ýylyň-ýylyna gowy netije gazanyp, işleriň ilerlemegine mynasyp goşant goşup gelýärler. Hojalygyň sarwanlary geçen ýylda-da bu babatda gowy görkezijiler gazandylar. Has takygy, geçen ýyl bu ýerde bakylýan düýelerden 661 köşek alyndy.

Gurbandurdy MAWYÝEW,
TAP-nyň Sakarçäge etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.