HABARLAR

Ýurdumyzda 2 müň 100 tonna pile öndüriler

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň be­ýik baş­lan­gy­jy:

Ta­ry­hyň sa­ra­lan sa­hy­pa­la­ryn­dan bil­şi­miz ýa­ly, ata Wa­ta­ny­myz ga­dy­my eke­ran­çy­ly­gyň dö­rän me­ka­ny­dyr. Bu gün bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­lan­gy­jy bi­len bol­çu­ly­gyň, be­re­ke­diň ýur­du­dyr. Eke­ran­çy­ly­gyň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri suw bol­çu­ly­gy­dyr. Dün­ýä­de uzyn we süý­ji suw­ly der­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan Amy­der­ýa­nyň ha­na­sy­nyň köp bö­le­gi döw­le­ti­mi­ziň çä­gin­den akyp geç­ýär. Ýur­duň äh­li eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­niň 95 gö­te­ri­me go­la­ýy şu der­ýa­nyň kö­me­gi bi­len su­wa­ryl­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­ly we re­je­li peý­da­lan­ma­gyň, ony eg­sil­mek­den we ha­pa­lan­mak­dan go­ra­ma­gyň yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan has ne­ti­je­li usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny düz­gün­leş­dir­mek ba­bat­da hem yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­mak hem-de arassa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek üçin 2010-njy ýy­lyň 4-nji okt­ýab­ryn­da «Agyz su­wy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­n

Nar we injir baglarynyň idegi

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň S.Nyýazow adyndaky subtropiki ekinleri ösdürip ýetişdirýän daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem nar, injir, alma we beýleki gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmekde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Geçen ýyl daýhan birleşiginde 270 gektar meýdany tutýan nar agaçlaryndan, 12 gektar meýdany tutýan injir agaçlaryndan ýokary hilli önüm alyndy. Has takygy, geçen ýyl daýhan birleşigi boýunça naryň we injiriň bol hasyly ýetişdirildi. Bu bolsa daýhan birleşigiň kärendeçileri tarapyndan bellenilen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigini aňladýar. Şeýle hem daýhan birleşigiň 15 gektar meýdanynda ýaş alma nahallary oturdylyp, olara ýokary derejede ideg edilýär. Tejribeli kärendeçiler Döwletýar Berkeliýew, Oguldursun Gaýypowa, Maýa Şapoladowa, Gubadan Berdiýewa daýhan birleşikde gazanylan üstünliklere özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Birleşigiň ussat kärendeçi bagbanlary baglara yhlasly hyzmat etmek bilen, miwe berýän agaçlaryň ýokary hasyl bermegi we ýaňy oturdylan nahallaryň kadaly boý almagy üçin agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda iş alyp barýarlar. Şu günler kärendeçi bagbanlar baglaryň ak güllere bürenen meýdanlarynda möhüm çäreleri amala aşyrýarlar. Miweli agaçlara ideg işlerini ýokar

Kiwi agajyny ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watanymyzda dürli ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge, olardan datly miwedir ir-iýmişleri we gök-bakja ekin önümlerini almaga uly mümkinçilikler bar. Şoňa görä-de, biziň tebigatymyzyň ýabany ösümlik dünýäsi hem örän köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Ygally ýyllarda bahar aýlary dagetek düzlüklerinde, çöllük we sähra meýdanlarynda ýuwa ösümliginiň agdyklyk etmegi soganyň mekanydygyny aňlatsa, türşegiň bolmagy gawunyň, garpyzyň, ýabany sülebaşyň bolmagy süläniň, arpagan bolsa arpanyň, bugdaýyň ýabany görnüşleriniň bolmagy ak bugdaýyň watanydygyny ýene bir gezek subut edýär. Şeýle hem eziz Diýarymyz özge ýerlerde gaýtalanmaýan dürli görnüşdäki ir-iýmişleriň, şirinden-şeker miweleriň watanydyr. Mähriban ene topragymyzda öz Watanymyza mahsus bolan ekinlerden başga-da, gaýry ýurtlardan getirilip ekilýän, asla toprak-howa şertleri düýbünden başga bolan pürli agaçlar — eldar sosnasyny, možžewelnik, kiparis we tuýa arçasy ýaly agaçlaryň tohumyny ýygnamak, olary ösdürip ýetişdirmek tärlerini işläp düzmek ýa-da ozal ýabany ösýän meýdan ekinleri bolan türkmen arçasyny, ak sazagy, gyzyl gülälegi, üzärligi, göýüli ekerançylyk medeniýetine salmakda uly işler geçirilýär. Lebap welaýatynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilýän, watany Gündogar A

Sakarçägäniň banany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň döredip berýän diýseň amatly şertlerinden peýdalanyp, ene topraga yhlasly ýapyşmak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan önümleriň bolçulygyny döretmäge isleg bildirýän işeňňir adamlaryň, telekeçileriň, hususyýetçileriňdir hojalyk jemgyýetiniň sany üzül-kesil artdy. Üç-dört ýyllykda Sakarçäge etrabynyň «Geňeş» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşen «Ferhar» hojalyk jemgyýeti hem şeýle asylly işe uly höwes bilen goşuldy. 2017-nji ýylda bu ýerde gurlan ýyladyşhanada oturdylan 2 müň düýp «Grantnina» görnüşli banan nahallarynyň biziň toprak-howa şertlerimize çalt uýgunlaşmagy, kesele durnuklylygy, öz-özünden köpelýändigi bilen ony ekip ýetişdirenleriň göwünlerini galkyndyrdy, bu ekine bolan höweslerini has hem artdyrdy. Sebäbi boýy 6 metre, esasy köküniň uzynlygy bolsa, 4 metre ýetýän banan agajynyň iň söýgüli iýmitiniň goýun, sygyr dersi ýaly ýerli dökünlerdigi, goşmaça-da möwsümine görä, azot, fosfor, kaliý ýaly mineral dökünleriň hem ýeterlik mukdaryny peýdalansaň, ýyladyşhanany daşky howa ýagdaýyna laýyklykda 24 — 30 gradus gyzgynlykda, 60 — 70 göterim derejedäki çyglylykda saklasaň, onda bu ekiniň eýesini dilgir etmejekdigine hojalyk j

Her damjasy eşrepi

Bu goja Zemindäki ýaşaýşy suwsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Aslynda, Zemine jan beren, barça janly-jandaryň, ösümlikleriň döremegine sebäp bolan suw ahbetin! Ýigrimi birinji asyrda, adam aňynyň has ösen döwründe-de suw ezeli ähmiýetini — ýaşaýyş gymmatyny birjik-de peseldenok. Öz akyl-paýhasy bilen Arş gämisini ýasap, ýedi gat asmana çykmagy başaran, köp zatlary kompýuterler arkaly dolandyryp bilýän adam, suwuň öňünde hemişe-de baş egýär. Ençeme aýlap Arş gämisinde ylmy işleri alyp barýan kosmonawtlar üçin zerur bolan iýmiti kiçijik gapjagazdaky emeli goýaltma ýa-da kindiwanja gerdejik bilen çalşyp bilen, başga-da zerur hasaplanan köp zatlaryň oruntutarlaryny döredip bilen adamyň suwy hiç bir zat bilen çalyşmaga, onuň oruntutaryny döretmäge heniz-henizler-ä akyly çatanok. Bu geljekde-de başardar öýdemok. Çünki ähli zatlary döretmekde suw derwaýys bolsa-da, göräýmäge adaty zat hasaplanylýan bu gudratyň oruntutaryny döretmek welin, asla mümkin däl. Dogry, soňky döwürlerde internet saýtlarynda alymlaryň howadan suw almagy başarandyklary ýa-da suwuň külke görnüşini döredendikleri baradaky habarlar gabat gelýär. Ýöne howanyň düzüminde-de suwuň bardygyny ýatlasak, onda howadan suw almak onuň oruntutarynyň döredilendigini aňlatmaýar. Suwuň külke görnüşi h

Owlak-guzular köpelýär

Sarahs etrabynyň maldarlary oba hojalygynda jogapkärli döwür hasaplanýan dowarlardan owlak-guzy almak möwsümine taýýarlykly girişip, häzirki wagtda bu işi ýokary depginde alyp barýarlar. Maldarlar öz garamagyndaky mallardan ýokary önüm almak boýunça ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Etrabyň maldarlary «Tükmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dowarlardan 12500-den gowrak önüm almagy maksat edinýärler. Etrabyň A.Tekäýew, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşikleriniň maldarlary «Täze guýy», «Kyrk gulaç», «Kesik burun» öri meýdanlarynda jogapkärli möwsümi üstünlikli alyp barmak bilen, ähli guramaçylyk çäreleriniň ýokary derejede üpjün edilmegini gazanýarlar. Maldarlaryň öz öňlerinde goýan belent sepgitlerine ýetmek ugrunda alyp barýan asylly işleri olaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna sowgatly barjakdygyna ynamy artdyrýar.

Tehnikalar taýýarlyk hatarynda

Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri öňde duran jogapkärli möwsüme — gowaça ekişine taýýarlykly barýarlar. Ekişe agrotehniki möhletde başlamakda we gysga wagtda tamamlamakda ekiji tehnikalaryň orny uludyr. Muňa oňat düşünýän etrabymyzyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri ýaz ekişine gatnaşdyryljak traktorlary we gurallary möwsüme taýýarlamakda yhlaslylyk görkezýärler. Olaryň tagallasy bilen tehnikalardyr ekijiler doly ýagdaýda taýýarlyk hatarynda goýulýar. Ýaz ekişine gatnaşdyryljak tehnikalaryň tejribeli mehanizatorlara berkidilmeginiň ähmiýeti uludyr. Munuň özi ekişiň ýokary talaplara laýyklykda, bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda möwsüme gatnaşmaly tehnikalaryň sany doly kesgitlenip, ýokary öndürijilikli traktorlar bu ugurda ýeterlik iş tejribesi bolan mehanizatorlara berkidildi. Bu tehnikalar ekişiň ilkinji günlerinden daýhanlaryň ygtybarly daýanjyna öwrüler.

Topraga siňen yhlas

Kärendesine ýer almak üçin Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan birleşigine gelen Hangeldiniň islegi kanagatlandyrylanda, ol guş bolup uçupdy. Topraga yhlas etseň, seni dilgir etmeýär. Oňa siňdiren yhlasyň bol hasyl bolup gaýdyp gelýär. Bu hakykata oňat düşünýän Hangeldi işini, ilki bilen, özüne bölünip berlen ýeri öwrenmekden başlady. Bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg etdi. Şeýdibem, ene toprakdan bol hasyl almagyň usullaryny kemsiz özleşdirdi. Hangeldi geçen ýylda ideg eden 2 gektar kärende ýerinden 10 tonna golaý guşgursak däne alyp, Watan harmanyna tabşyrdy.

Baglaryň melikesi

Bahar. Bag. Gözellik. Zenan. Bu sözleriň arasyndaky baglanyşygy düşündirmek üçin uzyndan-uzyn sözlemleri, hatar-hatar setirleri biri-biriniň yzyndan tirkäp oturmagyň hajaty hem ýok. Bu baglanyşyk şeýle-de düşnükli. Şonuň üçin hem baharyň goýnundaky ilkinji baýramlaryň birini zenanlarymyza bagyşladyk. Tebigatyň şu baýramyň ― Halkara zenanlar gününiň bellenilýän uçurlaryndaky gözelligini ýylyň başga hiç bir möwsümi bilen deňär ýaly däl. Şol günlerde tutuş tebigat ― baglaram, daglaram, sähralaram güllere bürenýär. Göwnüňe bolmasa, bütin barlyk zenanlara tagzym edýär. Onsoň adam ogly dagy nämejik?! Sizi turuwbaşdan pelsepewi oýlaryň jümmüşine alyp gitmegimiz ýönelige däl. Çünki şu ýazgylaryň ýazylmagyna sebäp bolan günde biz baglaryň we zenan elinden döreýän gözelligiň janly şaýady bolduk. Özi-de uzakda däl, Türkmenabatdan bary-ýogy birnäçe kilometr uzaklykdaky Miweçiler obasynda.