HABARLAR

«Kim çopan, kim sürekçi, kim daýhan, kim ekinçi?»

Ýaşuly adamlaryň biri ýokarky jümläni aýtdy welin, men ony heniz eşitmedik nakyllarymyň birimikä öýtdüm. Ömrüni çopançylykda geçiren goja ýaňky sözüň manysyny tirmäge howlugýanymy aňyp, özüniň çopançylyga baş goşup başlan günlerinden söz açdy: — Çopançylyga ilki başlan günüm Sary aga meni aý berip, käsi gäwüş çalyp ýatan, käsi dik duran goýun sürüsiniň ýanyna eltdi-de: «Çopan bolmaga geldiňmi ýa-da sürekçi?» diýip sorady. Men çopan bolmak isleýändigimi aýdamda, ol: «Çopan boljak bolsaň, goýnuň ýüzüne seredeniňden onuň halyny bilmegiň gerek. Sürekçi (hakyna tutulýan mal sürüji) boljak bolsaň, onda bu zatlaryň geregi ýok» diýdi. Soňam: «Hol garabaş goýun ýataklap, guzlajak bolup dur. Hol çebşiň wagtyhoşlukdan böwregi bökýär, oýun edesi gelýär. Hol maşal goýun bolsa, dişi kütelensoň, garyn çöpüni alyp bilmändir» diýip, goýunlara ýeke-ýeke häsiýetnama berip başlady. Yzyndanam: «Indi çopan bilen sürekçiniň parhyna göz ýetirdiňmi?» diýdi.

Topragyň berekedinden bagt tapan

Şu gün­ler ba­ha­ryň her sä­he­ri­ni sa­nap, gün-gün­den boý al­ýan bug­daý­ly meý­dan­lar diý­seň gö­zel gö­rün­ýär. Ýa­kyn­da uly ýo­luň gy­ra­syn­da­ky şeý­le ýa­şyl maý­sa­ly atyz­la­ryň bi­ri­niň ýa­nyn­dan ge­çip bar­ýar­kam, dö­kün­den, tyl­la­ýy Gü­nüň şöh­le­sin­den, Amy­der­ýa­nyň süý­ji su­wun­dan, yn­san zäh­me­tin­den ide­gi ýe­tik, ga­ryş boý­ly na­şy­ja ýa­şyl maý­sa­la­ry guwanmak bilen syn­la­dym. Gör, nä­hi­li ena­ýy! Eý, ene top­rak, se­niň naz-u-nyg­ma­ty­ňa, be­re­ke­di­ňe dö­ne­ýin! Sen­den ön­ýän iň uly baý­lyk-be­re­ket şu däl­mi, eý­sem?! Bu ba­ra­da ata-baba­la­ry­myz: «Ýe­re ur­dum pal­ta­ny,Ag­zy gy­zyl hal­ta­ny, Ýer­den bir og­lan çyk­dyUly iliň sol­ta­ny»di­ýip, ma­tal hem dö­re­dip­dir­ler ahy­ryn.

Babadaýhan etrabyndan gowşan habarlar

Etrapda gowaça ekişi barha ýaýbaňlanýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanyljak ýylynda etrap boýunça 27700 gektar meýdanda ekiş geçirmegi maksat edinýän babadaýhanlylar bu işiň depginini barha güýçlendirýärler. Häzir etrabyň daýhan birleşikleridir hojalyklarynda gowaça ekişinde Tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli ekijileriň, traktorlaryň 73-si bökdençsiz işledilýär. Gowaça ekişinde etrabyň «Ak altyn», «Türkmenistan», «Täze ýol» daýhan birleşikleriniň we «Nurly sümmül», «Tutly kenar» daýhan hojalyklarynyň zähmetkeşleri has-da tapawutlanýarlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň «Jeýhun», «Ýolöten—7», «Ýolöten—14» görnüşlerini ekmek maksat edinildi. 1500 gektar meýdanda bolsa gowaçanyň inçe süýümli görnüşi ekiler. Bu möhüm agrotehniki çäräni öz wagtynda ýokary hilli geçirmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Mekgejöwen

Mekgejöwen bütin dünýäde hem-de güneşli Diýarymyzda giňden ýaýran ösümlikdir. Bu birýyllyk ösümligiň watany Meksika hasaplanýar. Maglumatlara görä, mekgejöwen 9 müň ýyl mundan ozal medenileşdirilip, köpçülikleýin ekilip başlanypdyr. Mekgejöwen Antarktidadan başga ähli yklymlarda ekilip, ekiliş möçberi boýunça bugdaýdan soň ikinji orunda durýar. Ondan un, krahmal, ýag ýaly ençeme iýmitlik önümler bilen birlikde, derman serişdeleri, mallar üçin ot-iým hem taýýarlanylýar. Mekgejöwenden taýýarlanýan işdäaçarlar, gaplanan önümler, şeker tozly patrakdyr mekgejöwen taýajyklary, gaýnan mekge uly-kiçiniň halaýan tagamlarydyr. Mekgejöwen adamyň saglygy üçin hem örän peýdalydyr. Tagamyň nähili görnüşde taýýarlanandygyna garamazdan, mekgejöweniň düzümindäki peýdaly witaminlerdir mineral serişdeleriň, ýokumly maddalaryň aýrylmaýandygy bellärliklidir. Mekgejöwen witaminlere örän baýdyr, onuň düzüminde adamyň saglygyna oňat täsir edýän 26 sany himiki element bardyr. Onuň dänelerinde В witaminler toplumyndan B1, B2, B3, B6; A, С, D, Е, К, PP, ýagynda bolsa F witamini bar. Mineral serişdelerden kaliý, kalsiý, fosfor, demir hem-de magniý, mikroelementlerden bolsa nikel hem-de mis bolup, ol däneli ekinleriň arasynda iň peýdaly ösümlikleriň biridir.

Jogapkärli möwsümlere guramaçylykly taýýarlyk görülýär

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Damjalaýyn usulda suwarylýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýyldaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Döwletli etrabynda ozalky daýhan birleşiklere degişli müňlerçe gektar ýerde häzir iri daýhan hojalyklarynyň ýedisi döredildi. Bu sebitde geçen ýylyň sentýabrynda döredilen we işi kämil derejede ýola goýlan hojalyklaryň biri hem «Gaýrat agro» daýhan hojalygydyr. Hojalyk Çärjew etrabynyň H.Hajyýew adyndaky daýhan birleşigine degişli 1350 gektar meýdany tutýan ýerde döredildi. Häzir ol ýeriň 690 gektarynda ýaşyl maýsalar boý alýar, 337 gektar ýere bolsa gowaça ekildi. Ýeriň galan böleginiň 100 gektaryna ýorunja, ýene şonçasyna arpa sepiler. Soganly meýdanlar 15, mäşli meýdanlar 50 gektara çenli uzaýar. Bulardan başga-da, «Gaýrat agro» daýhan hojalygyna özleşdirmek üçin ýene-de goşmaça 237 gektar ýer berildi. Bu ýeriň 20 gektary eýýäm özleşdirilip, onda täze bir baglygyň düýbi tutuldy. Onda, esasan, erik we garaly nahallary oturdyldy. Daýhan hojalygynda 25 adam işleýär.

Ýeralmalar talabalaýyk ekilýär

Şu günler Köneürgenç etrabynyň daýhanlary ýaz ekişi möwsüminde ýeralmany ekmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Ýeralmanyň ekiljek ýerleriniň irgözinden taýýar edilip goýulmagy, endigan tekizlenmegi, bu jogapkärli işiň çalt depginler bilen alnyp barylmagyna ýardam edýär. Etrabyň daýhan birleşikleri we önüm öndürijileri ýeralmanyň ýokary hilli tohumy bilen ýeterlik derejede üpjün edildi. Etrapda ýazky ýeralmanyň ekişiniň kuwwatly traktorlaryň we ekiji gurallaryň kömegi arkaly agrotehnikanyň talaplaryna laýyk, ylmy esasda geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýeralmanyň tohumynyň topraga kada laýyk düşmegine ýörite hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär. Häzirki döwürde ekin meýdanlaryndaky yzy ekiji gurally kuwwatly tehnikalaryň sazlaşykly, bökdençsiz işleýän görnüşlerini hem-de ýazlyk ýeralmanyň göni ekilen hatarlaryny synlanyňda, etrabyň ussat bakjaçy daýhanlarynyň ekiş möwsümini ýokary hilli, guramaçylykly geçirjekdiklerine we ýeralmadan bol hasyl almakda belent sepgitleri eýelejekdiklerine ynamyň artýar. Etrabymyzyň azyklyk ekin bolan ýazlyk ýeralmany ekmek ýaly möhüm işe uly ähmiýet berýän bakjaçy daýhanlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 70 gektar meýdanda ýeralma ekmegi meýilleşdirýärler.

Üzümi ýyladyşhanada ekmek

Ýyladyşhanada ýetişdirilýän üzümiň ösüş döwürlerine, hasylynyň mukdaryna we hiline täsir edýän daşky gurşawyň iň esasy şertlerine ýylylyk, çyglylyk, ýagtylyk, kömürturşy gazy, howanyň kislorody, topragyň mineral we organiki maddalary degişlidir. Gyş möwsüminde ýyladyşhanalarda üzüm ösdürilip ýetişdirilende, gijeki ýylylyk +16 gradusdan aşak düşmeli däldir. Temperatura +40 gradusa ýetende, üzümiň boý alşy örän haýallaýar.

Limon ösdürip ýetişdireýin diýseňiz...

Limonyň häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilýän «Lissabon» we «Meýer» görnüşleri has meşhurdyr. Onuň «Meýer» görnüşini ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek uly gerime eýedir. Limonyň «Lissabon» görnüşi has tikenli bolup, ol, esasan, gyş aýlarynda ýetişýär. Limonyň «Meýer» görnüşiniň tagamy ýumşak we az kislotaly bolýar. Onuň hasyly edil «Lissabonyňky» ýaly gyş aýlarynda alynýar. Ýöne ondan tapawutlylykda ol tutuş ýylyň dowamynda üznüksiz önüm berýär. Limonyň «Meýer» görnüşiniň boýy 3 metre çenli bolup, ony ýörite niýetlenen küýzelerde ösdürip ýetişdirmek hem özüniň ýokary netijesini berýär.

Ýokary hilli sogan almagyň kadalary

Oba hojalyk ekinlerinde ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek we olaryň ýaýramagynyň öňüni almak agrotehnikanyň esasy talaplaryna degişlidir. Sebäbi keseller ekinlerden alynýan önümleriň hasyllylygynyň we hiliniň peselmegine getirýär. Bu, ylaýta-da, gök-bakja önümlerini öndürijiler üçin möhümdir. Göräýmäge tagamy ajy hem bolsa, bakja ekini bolan soganyň özboluşly zyýanberijileri bar. Soganyň hasyllylygyny pese düşürýän keselleriň biri ýalan un-çaň (Peronosporoz) keseli. Soganyň un-çaň keseli köp ýaýran keselleriň biridir. Bu keseli dörediji oomisetler klasyna degişli Peronospora destructor Casp. kömelegidir.