HABARLAR

Ummanlary öwrenmek üçin emeli hemralardan peýdalanylýar

Alym­lar daş­ky gur­şaw­da bo­lup geç­ýän öz­ge­riş­lik­le­ri öw­ren­mek üçin eme­li hem­ra­lar­dan peý­da­lan­ýar­lar. «Cyclo­ne Glo­bal» na­wi­ga­si­ýa hem­ra ul­ga­my (CYGNSS) as­lyn­da um­man­la­ryň üs­tün­de bo­lup geç­ýän tü­we­le­ýiň nä­hi­li eme­le gel­ýän­di­gi­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­nyp­dyr. Emma bu ul­ga­my ABŞ-nyň Mi­çi­gan uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri um­man­lar­da­ky mik­rop­las­tik­le­ri öw­ren­mek üçin peý­da­lan­ýarlar. 5 mil­li­metr­den ki­çi bo­lan we gö­ze il­me­ýän bu plast­mas­sa bö­le­jik­le­ri uzak wagt­lap suw­da çüý­re­me­ýär. Ola­ryň nä­de­re­jede ýaý­ran­dy­gy anyk däl. Alym­lar to­pa­ry şo­ny anyk­la­ma­ga ça­lyş­ýar­lar. Bu ugur­da taý­ýar­la­nan yl­my ma­ka­la­nyň aw­to­ry Kris Ruf we onuň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän to­pa­ry um­ma­nyň ýü­zü­ni öl­çe­mä­ge ni­ýet­le­nen eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly has köp za­dy öw­re­nip bol­jak­dy­gy­na göz ýe­ti­rip­dir­. Ruf yl­my işiň deň­ze düş­ýän mik­rop­las­tik­le­riň çeş­me­si­ni tap­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni aýd­ýar.

Sanly tehnologiýa — bank ulgamynda

Öňdebaryjy tehnologiýalara daýanyp

Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýete geçmek babatda gysga döwrüň içinde bitirilen beýik işler oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Bazar gatnaşyklarynyň globallaşmagy, tehnologiýanyň günsaýyn ösmegi, täze innowasiýalaryň peýda bolmagy bilen, döwrüň talaby hem özgerýär. Watanymyzyň rowaçlanmagynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm çeşmesi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kabul edilýän uzakmöhletleýin milli we döwlet maksatnamalardyr.

Innowasion ykdysadyýetiň mümkinçilikleri

Elektron senagaty ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen, innowasion, ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti döretmek hem-de ösdürmek Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu wezipäni üstünlikli berjaý etmek üçin, esasan, üç şert zerur bolup durýar: infrastruktura, elektron işewürligi we elektron täjirçiligi. Sanly ykdysadyýetiň ösüşi sanly we ykjam tehnologiýalar bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan birnäçe bazar düzümleriniň kämilleşmegi bilen şertlendirilýär. Bulara onlaýn söwda, maliýe hyzmatlary, sanlylaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş hem-de döwlet hyzmatlary degişlidir. Häzirki wagtda kagyz pullarynyň dolanyşygynyň nagt däl hasaplaşyk bilen çalşyrylmagy netijesinde söwda ulgamy güýçli depginde ösýär. Indi müşderiler internet toruna birigip, göwün söýen harytlaryny islendik wagtda we islendik ýerden satyn alyp bilýär. Sanly ulgamyň kömegi arkaly söwda alyp barýan fiziki şahslardyr kärhanalar hem kärende tölegi we işgärlere hak tölemek ýaly ugurlarda çykdajylaryny azaldýar. Harytlary müşderilere dessin eltip bermek, bazaryň bikanun gatnaşyjylaryny ýa-da düzgün bozujylaryny ösen tehnologiýalaryň kömegi bilen ýüze çykarmak, işi uzak aralykdan gura

«Gepleýän» kitaplar ýa-da audio görnüşindäki eserler hakda söhbet

Durmuşy çalt akýan derýa meňzedýärler. Ine, şeýle gysga ömrüň dowamynda ynsana diňe maddy däl, ruhy baýlyk hem howa ýaly zerur. Beýle baýlygy kitapdan başga hiç bir serişdäniň berip bilmeýändigi hemmämize mälim. Ýöne häzirki depginli ösýän döwürde kitap okamak üçin ýeterlik wagt sarp edip bilmeýändigimizi hem bellemeli. Innowasion tehnologiýalaryň durmuşymyza ornaşmagy netijesinde, müşgilimizi ýeňilleşdirýän serişdeler has-da köpelýär. Mysal üçin, audio kitaplaryň kömegi bilen bir wagtyň özünde dürli ýumuşlary bitirip hemem dürli eserlerden lezzet alyp bolýar. Audio kitap adyndan belli bolşy ýaly, haýsydyr bir edebiýatyň, eseriň sesli göçürmesidir. Şeýle görnüşli kitaplara häzirki wagtda bütin dünýäde isleg artýar.

Sanly ulgam: maliýe sowatlylygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmak, importyň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini ýola goýmak, döwletiň hususy bölegini ösdürmek, ähli pudaklarda sanly ulgamy giňişleýin ornaşdyrmak ýaly ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bazar ykdysadyýetiniň döwrebap şertlerinde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär. Bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerinde ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak esasy maksatlaryň biridir. Şeýle hem ilatyň pul-karz, durmuş-ykdysady goraglylygyny üpjün etmek, bank we maliýe hyzmatlaryndan işjeň peýdalanmakda ýeňillikleri döretmek hem-de bu babatda höweslendirmek ýaly şertleriň gerimi barha giňeldilýär. Döredilýän ähli amatlyklar bolsa, bank hyzmatlaryndan peýdalanýan ilatyň we ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artmagyna, netijede bolsa ýaşlarymyzyň maliýe taýdan başarnyklarynyň has hem ýokarlanmagyna getirýär.

Kämil tehnologiýalar ösüşe badalga

Döwrüň kämil tehnologiýalaryny — häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryny gündelik durmuşymyza ornaşdyrmak, onuň aňrybaş mümkinçiliklerinden peýdalanmak diňe bir adamzat jemgyýetiniň kämilleşmeginiň esasyny düzýän ykdysady, syýasy, medeni ösüşleri üpjün etmäge hyzmat etmän, eýsem ösen aňyýetli, intellektual babatda düýbünden täze gözýetimli nesilleriň kemala gelmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedir. Bu babatda ýurdumyzda bütindünýä ylmynyň gazananlaryny halkymyz, aýratyn-da, ýaş nesillerimiz üçin elýeterli etmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ylmyň zamanabap ösüşler bilen aýakdaş gitmegini özüniň bilim syýasatynyň özenine öwren hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde bilim almagy, esasan hem, ylmyň soňky gazananlaryny özleşdirmekleri, bu ugurda dünýäniň ösen döwletleriniň ýeten sepgitleri bilen aýakdaş gitmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysady ulgamlaryna, senagatyna, oba hojalygyna, himiýa pudagyna, nebitgaz ulgamyna, lukmançylyk pudagyna, şeýle hem halk hojalygynyň beýleki ähmiýetli ulgamlaryna döwrebap açyşlary ornaşdyrmak üçin ylmy gözlegleriň alnyp barlyşyna aýratyn ähmiýet berýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri

Hormatly Prezidentimiz döwletimizi ösdürmegiň hemmetaraplaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şol sanda energetika ulgamynyň hem toplumlaýyn ösdürilmeginde ekologiýa abadançylygynyň, daşky gurşawyň arassalygynyň kesgitleýji ölçeg bolmagyny hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm ähmiýete eýedir. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak bilen energiýany öndürmek, energetika ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak bu ugurdaky kanunçylygyň esasy maksady bolup durýar. Gün energiýasy, ýel energiýasy, suw akymlarynyň tebigy hereketiniň energiýasy, Ýeriň we daşky gurşawyň ýylylyk energiýasy we beýlekiler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini emele getirýär.

Gümrük gullugynyň sanly mümkinçilikleri

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işi döwrebap kämilleşdirilip, onuň hukuk we maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmegi netijesinde, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri has-da artdy, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ýokarlandy, maýa goýumlary giňeldildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizi dünýäniň ulag-logistika merkezine öwürmegi bilen ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň giň tory döredildi. Ol Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hereket edýär. Şeýle hem gury ýer, howa we suw ýollary arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklar döwrebap häsiýete eýe bolýar. «Serhetýaka», «Ymamnazar» ýaly döwrebap gümrük nokatlarynda elektron ulgam hereket etmek bilen, demir ýol ulaglaryndaky ýükler awtomatik usulda kompýuterler arkaly barlanylyp, jikme-jik hem-de takyk gümrük gözegçiligi geçirilýär. Bu bolsa harby gullukçynyň wagtyny tygşytlaýar we işiň hiliniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ine, şunuň ýaly innowasion tehnologiýalara we enjamlara daýanýan awtomatika ulgamy gullugyň harby gullukçylaryň öz hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmeklerini talap edýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Öňdebaryjy ulgamyň ähmiýeti Islendik döwletiň ösüşli ýoluny ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösdürilmegi kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz Türkmenistanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Ýurt Baştutanymyzyň öňe süren düýpli özgertmeleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň uly orna eýe bolmagy bilen sazlaşykly utgaşýar. Aýratynam, bu babatda sanly ykdysadyýetiň jemgyýetimiziň durmuşyna ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir.