Elektron senagaty ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen, innowasion, ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti döretmek hem-de ösdürmek Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu wezipäni üstünlikli berjaý etmek üçin, esasan, üç şert zerur bolup durýar: infrastruktura, elektron işewürligi we elektron täjirçiligi.
Sanly ykdysadyýetiň ösüşi sanly we ykjam tehnologiýalar bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan birnäçe bazar düzümleriniň kämilleşmegi bilen şertlendirilýär. Bulara onlaýn söwda, maliýe hyzmatlary, sanlylaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş hem-de döwlet hyzmatlary degişlidir. Häzirki wagtda kagyz pullarynyň dolanyşygynyň nagt däl hasaplaşyk bilen çalşyrylmagy netijesinde söwda ulgamy güýçli depginde ösýär. Indi müşderiler internet toruna birigip, göwün söýen harytlaryny islendik wagtda we islendik ýerden satyn alyp bilýär. Sanly ulgamyň kömegi arkaly söwda alyp barýan fiziki şahslardyr kärhanalar hem kärende tölegi we işgärlere hak tölemek ýaly ugurlarda çykdajylaryny azaldýar. Harytlary müşderilere dessin eltip bermek, bazaryň bikanun gatnaşyjylaryny ýa-da düzgün bozujylaryny ösen tehnologiýalaryň kömegi bilen ýüze çykarmak, işi uzak aralykdan guramak we dolandyrmak, tölegleriň ýönekeýleşdirilmegi, öndürijiligiň ýokarlandyrylmagy, harytlaryň özüne düşýän gymmatynyň azaldylmagy, kagyz dolanyşygynyň bütinleý aradan aýrylmagy we elektron dolanyşygy girizmek sanly ykdysadyýetiň oňyn taraplarydyr.