HABARLAR

Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­ky döredildi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi 2014-nji ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da Gah­ry­man Arkadagymyzyň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­lip­di. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan giň ge­rim­li da­ba­ra­la­ra bes­len­ýän şu ýyl­da onuň dö­re­dilenine 10 ýyl dol­ýar. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 7-nji iýun­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­sin­de bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­ne hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­ky­nyň hu­kuk ýag­da­ýy­ny ber­mek ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­me­gi bi­len, bu mer­ke­ziň ady we hu­kuk ýag­da­ýy üýt­ge­dil­di. Onuň Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­ky diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy we hal­ka­ra de­re­jä­niň be­ril­me­gi bu ýer­de zäh­met çek­ýän­le­riň, äh­li türk­men aly

Teh­no­lo­gi­ýa­lar – dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň eý­ýa­my bo­lan XXI asyr­da san­ly ul­ga­myň, in­no­wa­si­on en­jam­la­ryň müm­kin­çi­li­gi gün-gün­den art­ýar. In­di bi­ze dur­mu­şy­my­zy, hat­da ýe­ke­je gü­nü­mi­zi hem olar­syz göz öňü­ne ge­tir­mek kyn. Teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­my­za yk­jam or­na­şyp­dyr we­lin, iň bär­ki­si jü­bi te­le­fo­ny­ny ulan­man ýa­şa­mak bi­zi ýürekgysgynç ýag­da­ýa sa­lyp bi­ler.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar

Golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, sanly ykdysadyýete geçmekde hem-de ony ösdürmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna we ykdysady mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda netijeli innowasion ösüş ýolunda ynamly öňe barýar. Şol bir wagtyň özünde, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ähli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin Konsepsiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Konsepsiýa döwlet maksatnamalary we geljek üçin niýetlenen meýilnamalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ähli pudaklardaky tehnologik özgertmeler, olaryň döwlet tarapyndan dolandyrylyşy, ýurdumyzyň ägirt uly serişde we önümçilik mümkinçiliklerine esaslanýan ykdysady bilimleriň emele gelmegi üçin «Ýol kartasy» bolup durýar.

Türkmenistanda statistika ulgamy sanlylaşdyrylýar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, maglumatlary toplamakda we döretmekde täze usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, döwlet statistikasynyň hyzmatlarynda döwlet edaralarynyň statistiki hasabatlylygyny elektron kabul etmek, maglumatlary ýygnamagyň elektron usulyny, ýagny internet arkaly ýygnamak usulyny girizmek göz öňünde tutulýar.

Italiýada tahograf gözegçilik nokatlary artdyrylýar: Galp enjamlary bolan ýük awtoulaglar onlaýn tertipde kesgitlenýär

Ýylyň ahyryna çenli Italiýanyň awtoulag ýollarynda — Kazale şäherindäki A1 Milan — Neapol we A4 Milan — Breşiýa awtoulag ýollarynda ýene iki sany tahograf gözegçilik stansiýasy gurlar. Ulgam agyr ulaglara gözegçilik eder we Fiorenzuoladaky A1 Milan — Neapol hem-de Rimini-Suddaky A14 Bolonýa — Taranto awtoulag ýollarynda häzirki wagtda işleýän ulgamlara goşuljak islendik düzgün bozulmalar ýa-da näsazlyklar barada ýol polisiýasyna habar berer.

«Ferrariniň» ilkinji elektromobili ýarym million amerikan dollaryndan hem gymmat bolar

Italiýanyň «Ferrari» kompaniýasynyň öndürjek ilkinji elektromobiliniň bahasy 500 müň amerikan dollaryndan ýokarda bolar. Şeýle-de hünärmenler her bir ulagyň enjamlaşdyrylyşyna görä, bahanyň ýene-de 15 — 20 göterim ýokary bolup biljekdigini çaklaýarlar. Meşhur italýan brendi tarapyndan öndüriljek ilkinji elektromobil 2025-nji ýylyň ahyrynda bazara çykar. Elektromobilleriň önümçiligi kompaniýanyň Italiýanyň demirgazygynda Maranello şäherinde täze gurulýan zawodynda alnyp barlar. Zawodyň açylyşynyň ýakyn günlerde bolmagyna garaşylýar. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, täze zawod ýylda 14 müňden 20 müňe çenli elektromobilleri öndürmäge ukyply bolar.

Ýylda 100 müň ulag öndürilerH

Hytaýyň «China Xiaou Group» kompaniýasy Özbegistanyň Fergana welaýatynda awtoulaglary ýygyjy önümçiligi ýola goýmagy meýilleşdirýär. Taslamanyň umumy bahasy 1,5 milliard amerikan dollary möçberinde bahalanýar. Taslamanyň birinji tapgyryna 50 million amerikan dollary möçerinde maýa goýlup, onda ulaglary ýygyjy we reňkleýji kärhana işe başlar. Birinji tapgyrdaky kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 60 müň ulaga deň bolar.

Maglumat eýýamynda kiberhowpsuzlyk

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň maglumat giňişliginde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda kiberhowpsuzlyk ulgamynda hem zerur çäreler ýola goýulýar. Maglumat tehnologiýalarynyň ähmiýetiniň barha artýan zamanasynda sanly giňişlikdäki wehimleriň öňüni almak möhüm meseledir. Kiberhowpsuzlyk — ulgamlary, torlary we programmalary sanly hüjümlerden goramaga gönükdirilen iş. Täze döreýän we kämilleşýän howplardan goranmagyň umumy seljermesini kiberhowpsuzlyk düşünjesi bilen beýan etmek bolar.

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny we tehniki häsiýetnamalaryny öwrenýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hytaýda adam derisiniň elektron taýy döredildi

Hytaýyň Singhua uniwersitetiniň alymlary bionik 3D arhitekturaly dünýäde ilkinji elektron derini döretdiler. Ol adamyň beden agzasynyň gurluşyna we wezipelerine öýkünýär. «Science» žurnalynda beýan edilen täze önüm bar bolan analoglardan adam derisi ýaly, fiziki derejedäki basyşy, sürtülmäni we deformasiýany tapawutlandyryp bilýär. «Elektron deri» üç gatlakdan durýar. Olar epidermise (iň ýokarky gatlak, adam derisiniň üstki gurluşyny ýada salýar), dermise (datçikleriň we reseptorlaryň köpüsiniň ýerleşýän orta gatlagy) we derasty kletçatka (aşaky gatlak, adam derisiniň aşakky gatlagynyň teksturasyny gaýtalaýar) öýkünýär.