Türki döwletleriň guramasynyň ýanynda Türki dünýäniň umumy maddy we maddy däl medeni mirasynyň katalogy taýýarlanylýar. Bu barada “Anadolu” agentligine beren interwýusynda Türki medeni mirasy gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa habar berdi.
Katalogyň taýýarlanmagy üçin konsultatiw geňeş jogapkär bolar. Onuň düzümine Türki döwletleriň guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň agzalary, bu guramanyň, TÜRKSOÝ-yň, Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasynyň we Türki akademiýanyň wekilleri, şeýle hem her ýurtdan 2-3 bilermen girer.