HABARLAR

Edep ene hüwdüsinden başlanýar

Halkymyz edepli perzent ýetişdiren ene-atany siňdiren yhlasy ýerine düşen, umydy myrat beren bagtly maşgala hasap edýär. Hakykatdan hem, edepli ogul-gyz ýaman ýerde görünmeýär, iliň oňlamajak işini etmeýär. Edepli perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek ene-atadan irginsiz zähmeti, gaýduwsyz yhlasdyr aladany, akyldyr paýhasy, sabyrdyr kanagaty talap edýär. Perzent — her bir maşgalanyň baş arzuwy. Çagalar — her bir ojagyň ody, durmuşyň dowamy, ýürekleriň örki, göwünleriň görki. Biz hem edepli perzentleri kemala getirýän eneleriň durmuş tejribesini paýlaşmak we wagyz etmek maksady bilen Ak bugdaý etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň tejribeli mugallymy, 9 çaganyň, 33 agtygyň, 6 çowlugyň enesi Gülnahal NURMYRADOWA bilen gürrüňdeş bolduk. — Gülnahal mugallym, halkymyz çaga terbiýesini iň wajyp mesele hasaplaýar. Siz hem 9 çagany dünýä inderip, olara ilhalar terbiýe berdiňiz. Ýaşlaryň edep-terbiýesi baradaky söhbetdeşligimiziň üsti bilen durmuş we iş tejribäňizi okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaňyz!

Edep — ynsan bezegi

Halkymyzyň iňňän gadymy döwürlerde peýda bolan we asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen edep mekdebi bar. Ol milletiň geljegi, nesil terbiýesi, çagalary uly durmuşa taýýarlamak bilen baglydyr. Ile-güne gerekli adam bolup ýetişmegiň ähmiýeti ähli döwürlerde-de öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Döretmek, gurmak üçin başarjaň, zähmetsöýer, hünärli hem-de edepli bolmaly. Eždatlarymyz ýöne ýerden «Edep — bergidir, bermedige — görgüdir» diýmeýär. Soňra-da onuň üstüni «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Çaga ýaşlygyndakyny unutmaz», «Ogul edebi bilen arzyly, gyz — gylygy bilen», «Edepli ile ýarar» ýaly ajaýyp nakyllar bilen ýetirýär. Bu ajaýyp parasatlar uly durmuş hakykatynyň sözlerdäki çeper aňladylmasydyr. Çagalara edep-terbiýe bermek maşgalada başlanyp, soňra bilim ojaklarynda dowam etdirilýär. Şeýle möhüm işe biz hem çagalaryň ýaş wagtynda girişýäris. Şonda terbiýeçilik işlerini körpeleriň ene-atalary bilen bilelikde alyp barmaga ýykgyn edýäris. Möhüm meselä bilelikde çemeleşilmegi edilýän talaplaryň bir bolmagynda, işleriň gowy netije bermeginde ähmiýetlidir.

Bagyşla, eje...

«7/24.tm», № 35 (66), 30.08.2021. Adam göwni elmydama müň hyýalda. Gyz maşgala-ha, asylam. Oýa wagtam düýşde ýalydyr. Arzuwlaram şol ýagyp durandyr köňül dagynyň depesinden...

Siziň söýgüli multfilmiňiz

“Animakkord” studiýasynyň önümi bolan “Maşa we aýy” rus multserialy dünýä boýunça çagalaryň iň islegli multfilmleriniň ilkinji bäşligine girýär. Ýewropa ýurtlarynda bolsa ol 6 ýaşa çenli körpeleriň iň söýgüli multfilminiň üçlüginde durýar. “Maşa we aýynyň” 150-den gowrak ýurtda görkezilip, dünýäniň 42 diline terjime edilendigi hem körpeleriň arzyly multfilminiň näderejede meşhurlygynyň alamatydyr. 12 ýylyň dowamynda bu multserialyň bäş möwsümi — 104 bölümi körpelere ýetirildi. “Maşa we aýy” multfilmi ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Russiýadaky “Gijäňiz rahat bolsun, körpeler!” gepleşiginde ýaýlyma goýberilýär. Galjaň, dogumlyja, bilesigeliji Maşa atly gyzjagaz bada-bat çagalaryň söýgüli gahrymanyna öwrülýär.

Asylly ýörelgeler rowaçlanýar

«Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda raýatlaryň abadan, asuda, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, şol sanda maşgala mukaddesligini gorap saklamak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi döwletiň, jemgyýetiň özenini maşgala emele getirýär. Maşgalada agzybirlik, asudalyk bolsa, jemgyýetde, döwletde hem agzybirlik, asudalyk höküm sürýär. Jemgyýetiň özenini emele getirýän maşgala, ählimize mälim bolşy ýaly, iki sany ýaş juwanyň durmuş ýoluna gadam basmagyndan, ýagny bagt toýuny toýlamagyndan başlanýar. Durmuşa täze gadam basýan ýaş juwanlary birek-birege söýginiň, ynamyň, wepalylygyň, sylag-hormatyň gurşap almalydygy öz-özünden bellidir. Sebäbi şolar bolmasa, maşgalanyň binýady berk bolmaýar. Eger-de biz maşgalany uly daragt hökmünde göz öňüne getirsek, onuň köküniň näçe berk bolsa, şonça-da uzak ýaşajakdygy, töweregine saýa saljakdygy, gol ýaýradyp, miwe berjekdigi hemmä aýan hakykatdyr.

Uzak ýaşly enäniň guwanjy

Fotosuratçy ýigidiň elime jaň eden wagty tomsuň günortanynyň tüp yssysy depäňi deşip barýardy. Işden ýadap, öýe ýaňy girip durşumdy. Fotosuratçy ýigidiň uzak ýaşly enäni surata düşürmekçi bolýandygy (özem ol 111 ýaşly ene hakynda gürrüň edýärdi), eger islesem, meni hem ýany bilen alyp gitmekçidigi barada aýdanlary meniň ýadawlygymy el bilen aýrylan ýaly etdi. Şeýle uzak ýaşan ene bilen didarlaşmagyň, onuň hal-ahwalyny sorap, mümkin bolsa, gürrüňlerini diňlemegiň özi ullakan bagt ahyry. Biz öýlänler Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ýalkym geňeşliginiň Annaoý obasynda ýaşaýan mährem ene Ogulbäbek Muhammedowalara baranymyzda hem, Günüň howry gaýdyşmandy. Ak guş ýaly perişdepisint ene bizi mähir bilen garşylady. Bagtymyza enäniň jany sag, wagty hoş eken. Halyndan habar almaga gelendigimizi hem-de surata düşürmekçi bolýandygymyzy eşidende, ol has hem begendi.

Mertebäm sensiň, käbäm!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyndan: «Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur. Kemala gelen perzent üçin bolsa, enäniň ak patasy onuň ýüregine düwen ýagşy niýetini amala aşyrmagynyň şertliligidir. Bu, elbetde, dogrudyr. Halkymyzyň paýhas gorunda bu ýagdaý hem öz beýanyny tapypdyr. Seýrek hem bolsa, il arasynda: «Enesiniň ak patasyny almady» diýip, şowlamadyk işiň sebäbiniň basym aýdyň edilýändigini eşitmek bolýar».

Dostluk suprasy

Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly geçirildi. Dostluk suprasy, aşpezlik sungaty islendik ýurduň medeniýetiniň örän gyzykly we gözel sahypalarynyň biridir. Biz žurnalymyzyň şu sanynda şol festiwala gatnaşan doganlarymyzyň bir supranyň başyna jem bolup taýýarlan tagamlaryndan okyjylarymyza hödürleýäris. Gazak bäşbarmagy

Gül — ylham we melhem

Güller — dünýäniň bezegi. Ynsan kalbynyň ylhamy hasaplanýar. Çünki, ähli gowy zatlar hem güllere deňelýär. Birek-biregiň hal-ahwaly soralanda hem “Gül ýaly” diýilmegi ýa-da iň gowy arzuwlar bilen “Durmuşyňyz güller ýaly owadan bolsun” diýlip, ýagşy dilegleriň edilmegi, ter bägülleriň sowgat berilmegi hem ýöne ýere däl bolsa gerek. Mundan, başga-da, lukmançylykda hem gül melhemlik hökmünde peýdalanylýar. Gadymy Çyn--Maçyn (Hytaý) tebipleri bägüllerden, gül-gunçadan garrylar üçin juwanlyk melhemini ýasapdyrlar. Keselbent gojalary gülap suwy bilen bejeripdirler. Üstesine-de, olar garrap tapdan düşse, hatda iň soňky deminde ýatan garry näsaglaryň daş-töweregini täze, ter açylan bägüllerden, gül-gunçalardan boglan çemenler bilen bezäp goýup, otagda bägül biomeýdanyny döredipdirler. Bu bolsa garrap, tapdan düşen, agyr halda ýatan näsagyň şol güllerden güýç-kuwwat alyp, kem-kemden sagalmagyna itergi beripdir. Şeýle hem geçmişde, ata-babalarymyz, huşundan gidip, ýykylan adamlaryň ýüzüne gülap suwuny sepipdirler. Ýüregagyryly kişilere bolsa, gülap melhemi içirilipdir, bägül müşki ysgadylypdyr. Şeýle täsin usuly ulanyp, tebiplerimiz huşundan giden kişini, ýüregagyryny bejeripdirler.

Öý — görüm-görelde ojagy

Arada obada ýaşaýan talyplyk ýoldaşymyňka myhmançylyga gitmeli bolduk. Olar täze jaýa göçensoňlar öýlerine ilkinji gezek barşymyzdy. Şonuň üçin öýlerini tapmak üçin köçäniň başyndan soňuna çenli ulagly geçdik. Gidip barşymyza birden hatar öýlerden mesaňa saýlanyp duran bir öýe synym oturdy. Ol öý binagärlik tarapyndan kaşaň, owadan bolmasa-da, şeýle bir özüne çekiji, gözel görünýärdi. Aýnasynyň bardygy bildirmeýän penjireleriň, lowurdap duran gapylaryň, daş-töweregiň arassalygy, ähli zatlaryň ýerbe-ýer, tertipli goýulmagy, ol öýi diýseň bezeýärdi. Hatda mellekleri hem edil el bilen süpürilen ýalydy. Diýmek, bu öýde üýtgeşik zenan bar bolmaly! Aslynda, zenan diýmek ― eneňdir, uýaňdyr, gyzyňdyr we söwer ýaryňdyr. Öýüň zenany gowy bolanda, öýüň görki, durky, berki düýbünden başgaça bolýar. Türkmen halkynda watansöýüji, maşgala ojagyna wepadar, durşy bilen pähim-paýhasa ýugrulan çeper elli enelerimizdir gelin-gyzlarymyzyň ady we mertebesi müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejä göterilip gelinýär.