HABARLAR

Maşgala terbiýesiniň gönezligi

Maşgala terbiýesinde öz milli ýoluny esaslandyran halkymyz nakyllaryň ähmiýetine aýratyn üns beripdir. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz ýaş nesle milli terbiýe bermekde türkmen halk nakyllaryny giňden peýdalanypdyr. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Nakyllaryň mazmun örüsinde juda giň many we pikir jemlenýär. Şonuň üçin ýerini bilip, jaýdar ulanmagy başarsaň, nakyllaryň durmuşdaky ähmiýeti has-da ýokary bolýar. Türkmen halk döredijiliginde durmuşyň aýry-aýry ugurlary, has dogrusy, akyl hem zehin, maşgala terbiýesi, agzybirlik, dost-doganlyk, mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetiň ýüze çykyşy bilen bagly bolan nakyllar köpdür. Ýaş nesliň akyl taýdan ösüşi, akylly-başly şahsyýetleriň jemgyýete berýän peýdasy, ynsany bezeýän zehin ata-babalarymyzyň ünsüni çekipdir. Şeýlelikde hem «Är görki — akyl», «Akylly aýnamaz, altyn çüýremez», «Akylym bar — harjym bar», «Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da, syzylyp çykar» diýen ýaly durmuşy nakyllar ýüze çykyp, olar nesil terbiýesinde giňden ulanylypdyr.

Mynasyp terbiýe — döwrüň talaby

«Çagany başdan» diýýän pederlerimiz çaga terbiýesine onuň enesiniň göwresinde wagty başlamalydygyny, şol päkize çaga doglandan soň bolsa, terbiýäni has hem kämilleşdirmelidigini tekrarlapdyrlar. Çaga eşidýän sözlerinden, şeýle hem görýän zatlaryndan has köp terbiýe alýar. Ene-atasynyň, doganlarynyň hereketlerini gaýtalap, öz häsiýetine ornaşdyrýar. Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,Märekede otur-turuşyn görüň —

Küýsänim — käbäm

Ene — mährem dünýä. Şol ajaýyp dünýäde söýgi bilen hamraklyk höküm sürýär. Ene bolanyňdan soň dünýäniň manysy has-da artyp, bagt diýilýän zadyň nämedigine düşünip başlaýarsyň. Öz janyňdan jan berip, ýagty dünýä inderen perzendiň bir enaýyja ýüzüne seredip sözlemese-de oňa sözsüz düşünip oturansyň. Bir söz bilen aýtsak enelik duýgusy «Bagry badaşmak» duýgusydyr. Ene höwesläp ýeten balasyny ese-boýa galdyrmak üçin edilýän irginsiz yhlasy, ukusyz gijeleri başdan geçirýär. «Eje» diýilýän mährem sözi eşidýänçä balasynyň daşynda perwaz urýan ene şol sözi eşidenden soň bar çeken azabyny unudýar. Yhlasy ýerine düşenden soň ol hakyky şatlyga duçar bolýar. Gudrata, keramata deňelýän enelik söýgüsiniň güýji hem şonda bolsa gerek. Çagalyk döwrüm alyslarda galan-da bolsa bu gün käbämiň til kakyp: «Gyzym, sag-gurgun otyrmyň?!» diýen sesine başym göge ýetýär. Şonda oňa: «Mähribanym salamälik, bu gün menden öňürtdiň käbäm! Jaň edeýin diýip otyrdym» diýip, begenjimi beýan edýärin. Şol pursat şahyryň şu setirlerini gaýtalanymy duýman galýaryn:

Bal süýji, baldan bala süýji

«7/24.tm», № 06 (89), 07.02.2022. Üç ýaşyna çenli bolan wakalar çagalaryň doly ýadynda galmaýar. Muňa psihologiýada «çaga amneziýasy» diýip berýärler.

Zeminiň görki — ene

Halkymyzda «göbegene» diýlen arzyly söz bar. Hiç bir düşündirişi talap etmeýän bu sözde şeýle kärdäki ynsanlaryň mähribanlygy, başarjaňlygy bilen birlikde olara il-günümiziň egsilmez hormaty, sylag-sarpasy jemlenen. Biziň gürrüňini etjek göbegenemiz hem şeýle eneleriň biri. Gülälek ene häzir Tejen etrabynyň Döwletli geňeşliginde ýaşaýar. Onuň kakasy, Mäne obasynda doglan Sary Sähedow Lebap welaýatyna işe ugradylypdyr. Şol ýerde hem 1937-nji ýylyň noýabrynda Gülälek, soňra Kakajan atly jigisi dünýä inýär. Gülälek iki-üç ýaşlaryndaka, kakasy keselläp ýogalýar. Sary aga aýaly Ogulbaýrama: «Çagalary al-da, Tejene gaýt, garyndaşlaryň ýanynda bol!» diýip sargyt edipdir. Tejene gaýdyp gelensoňlar, Ogulbaýram haly kärhanasynda işleýär. Arman, onuň hem ömür tanapy gysga eken. Ýetim galan çagalara kakalarynyň Ogulgerek atly aýal dogany hossar çykýar. Ol mekdepde matematika mugallymy bolup işleýär eken. Çagalaryň daýzasy ýazyjy Agahan Durdyýewiň aýaly eken. Gülälek ene Agahan Durdyýew barada şeýle ýatlaýar: «Ol diýseň ýumşak, mähriban adamdy, bizi öz çagalary ýaly gowy görerdi».

Baldyzym — baş daragtym

Il deňinde deňli-derejeli bolup, durmuş toýuny tutup, bir öýe gelin bolup geleňsoň, şol öýüň abraýyny gorap, öýdäkiler bilen ýürekdeş-göwündeş bolmaga çalyşmaly. Halkymyzda gaýynataňdyr gaýyneneňe, ýüwürjidir baldyzlaryňa hormat goýmak däbi gadymy döwürlerden bäri saklanyp gelýär. Ýanýoldaşyň hossarlaryny sylamak, olaryň abraýyny-adyny goramak, gelinlik hyzmatyny etmek ýaş gelniň mukaddes borjudyr. Gelin gelende hemmelerden öň begenýän, ýaş gelin çörege çagyrylanda onuň ýany bilen gidip, ýaş gelne ýakyn ýardamçy bolýan baldyzlar durmuşda esasy orunlaryň birini tutýar. «Baldyzym — baş daragtym» diýlişi ýaly, ýaşajyk baldyzlaryň üsti bilen gelen gelin täze düşen hojalygynyň ähli düzgünlerine belet bolýar. Gelniň baldyzy bilen gowy gatnaşygy, agzybirligi öýdäki beýleki maşgala agzalarynda hem gelne bolan hormat-sylagy, gowy garaýşy döredýär. Daşyndan seredeniňde dogan ýaly diýdirýän gelin-baldyzy göreniňde göwnüň şatlanýar. Durmuşyň synagly ýollarynda ýaş gyzyň gelinlik dünýäsine düşünmegine, gelne bolsa, baran ojagyna ysnyşyp gitmäge ýardam berýän gelin-baldyz gatnaşyklary tutuş maşgala üçin wajypdyr.

Ata-enäni hormatlamak edebi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň aladalarynyň netijesinde dost-doganlygy pugtalandyrmak babatdaky milli ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkymyz ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli edep-ekramy, ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen ösüp gelýän ýaş neslini terbiýeleýär. Türkmen halkynyň milli halk döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Dana pederlerimiz öz dowamatlaryny, nesillerini arassa ahlakly, päk kalply, ynsaply, ygrarly, lebzihalal, watansöýüji, pähim-paýhasly, mert, batyr, eli çeper edip ýetişdirmek isläpdirler. Olaryň şeýle häsiýetleri özlerinde jemlemekleri üçin, halkymyz özboluşly milli terbiýeçilik ähmiýeti ýokary bolan nakyllary, läleleri, hüwdüleri, aýdym-sazlary döredipdirler. Bu döredijiligiň içinden adamzada öwüt-ündew, özüňi alyp barmak, ene-ata hormat ýaly birnäçe ýagşy ýörelgeler eriş-argaç bolup geçýär.

Perzent bagty

«7/24.tm», № 05 (88), 31.01.2022. Sen meniň köňlümiň ganaty, ömrümiň zynaty, göwnümiň uçar gyratysyň. Sen kyrk gezek elenip, hamyra öwrüljek bugdaýyň ak unusyň, ýüregimiň ýagysyň. Dünýä ineniňde Taňry saňa gülleriň ýakymly ysyny, tagamlaryň agzyňdan gitmejek tagamyny bagyşlapdyr. Balkyldap bakýan bigünä  we päkize gözleriňde durmuşa, geljege bolan tükeniksiz höwesiň we çäksiz gyzyklanmalaryň giden ummany ýerleşipdir.

Dünýäde kän her gülüňem aşygy...

«7/24.tm», № 05 (88), 31.01.2022. Nobatguly Rejebowyň «Özünden göwni geçýär gören çagy gül seni» diýen setirleri arkaly gözelleri wasp eden bolsa, aglaba halatda dünýäniň iň naýbaşy närseleri güle-gunça deňelýär. 

Maşgala ojagynyň gymmaty

Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler etrabyň oba medeniýet öýlerinde etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, geňeşligiň arçynlarynyň bilelikde guramagynda ýaş maşgalalaryň gatnaşmaklarynda «Maşgala ojagynyň gymmaty» ady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklary ýakynda etrabyň Syýadagsakar, Jeňňel, Lebaby geňeşlikleriniň oba medeniýet öýlerinde geçirildi. Geçirilýän duşuşyklarda türkmen maşgalasynyň mertebesini belentde tutmak, maşgala agzybirligini berkitmek, onuň gymmatyny gorap saklamak, maşgala gatnaşyklary bilen bagly ýüze çykyp biläýjek dürli nogsanlyklary aradan aýyrmak dogrusynda täsirli gürrüňler berilýär. Çärä gatnaşanlar ýurdumyzda halkymyza, esasan hem, ýaş maşgalalara döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýdýarlar.