Türkmen halkynyň bereketli saçagynda balykdan taýýarlanýan naharlar aýratyn orun eýeleýär. Deňizde, derýalarda, köllerde balyklaryň dürli görnüşi gabat gelýär. Bekre, lakga, çapak, kepir we beýleki balyklaryň görnüşlerinden süýji tagamlar taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda hem balykdan nahar taýýarlamagyň aýratynlyklary beýan edilýär.
«Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda beýleki naharlar bilen birlikde balyk çorbasy, balykly palaw, balyk ýahnasy, balyk çekdirmesi ýaly görnüşleri hakynda maglumatlar bar. Mundan başga-da, balykdan ýahnaly aş, dürli işdäaçarlar taýýarlanylýar. Olaryň taýýarlanylyşynyň aýratynlygy barada «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda giňişleýin maglumatlar berilýär. Munuň özi türkmen halkynda, esasan hem deňiz kenarynda balykly naharlaryň bişirilip gelnendigini aňladýar. Aslynda, balykdan taýýarlanan naharlar hem tagamly, hem saglyga peýdaly bolýar. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, balyk ýokumlylygy, peýdaly witaminleri bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem bu tagamlar halkymyzda, esasan hem kenarýaka ildeşlerimizde köp taýýarlanýar.