HABARLAR

«Ene — döwletlilik»

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny wagyz etmek, onuň terbiýeçilik ähmiýetini giňden açyp görkezmek, ýurdumyzda eziz enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasyny beýan etmek maksady bilen yglan edilen bäsleşik şeýle atlandyryldy. 5-nji aprelde Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşyp, şertleriň üçüsi boýunça özara bäsleşdiler. «Ene — döwletlilik» atly bäsleşigiň «Ene her bir ynsan üçin ýakymly hem lezzetli hakyda» atly birinji şertinde zenanlar çagalaryny ene mähri bilen ulaldyp, watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýän eneler baradaky buýsançly gürrüňlerini mähriban Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk durmuş ýoly bilen baglanyşdyrdylar. Bäsleşigiň «Çaga terbiýesinde hüwdiniň gudraty» atly ikinji şertinde eneleriň ýürek arzuwlary siňen owazly hüwdüler belentden ýaňlandy. «Enäniň alkyşy — Watanyň rysgaly» atly üçünji şertinde bäsleşige gatnaşyjylar ajaýyp zamanamyza, döwletli döwranymyza buýsançlaryny gazallaryň, aýdymlaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.

Nur eçilýän aý

Milli hem ruhy mirasyny gymmatly hazyna saýýan halkymyz aýlaryň serweri, musulman ymmatynyň ýagşy umyt-arzuwlarynyň, päk niýetleriniň wysal bolýan Oraza aýyny garşylaýar. Mukaddes Oraza aýynda dost-doganlyk gatnaşyklary mäkämleşýär. Haýyr-sogap, ýagşylyk köňülleri birleşdirýär. Hijri-kamary hasaby boýunça onunjy bolup gelýän Remezan aýy haýyr-sogap gazanmak üçin uly mümkinçilikleriň bagyş edilendigi bilen has-da söýgülenýär, ýylboýy garaşylýar. Kalbyňda niýet edip, daň ýeriniň agarmaga başlan çagyndan tä Gün ýaşýança iýip-içmekden we ýaramaz pikirlerden daş durmak — agyz beklemek her bir musulmanyň bagt gapysyna tarap ädim ätmegidir. Hijri-kamary hasabynyň ikinji ýylynda parz edilen oraza tutmagyň — agyz beklemegiň esasy maksady Allanyň razylygyny gazanmakdyr. Onuň ruhy we beden saglygy üçin-de peýdasy bimöçberdir. Ýaramaz hereketlerden, endiklerden saklanmak barada Hadysda şeýle diýilýär: «Oraza bir galkandyr, onda agzy bekli kişi erbet söz aýtmasyn. Özi bilen dawalaşyp gowga çykarmak isleýän kişä iki gezek gaýtalap: «Men orazaly» diýsin».

Maşgala agzybirligi — bagta binýat

Maşgala döwletiň we jemgyýetiň ilkinji düzümi hasaplanýar. Perzendini akylly-başly, edep-terbiýeli edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň baş maksadydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär. Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine hormat goýmagy terbiýelemek maşgaladan başlanýar» diýip belleýär. Döwletimizde adam hem-de onuň bagtly geljegini üpjün etjek ýaş nesil jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hökmünde ykrar edilýär. Şonuň üçin hem ýaş neslimizi ata-babalarymyzyň bize miras goýan belent adamkärçilik kadalaryna, ahlak gözelligine daýanyp, päk kalply, ynsanperwer, Watanyna, halkyna wepaly adamlar edip terbiýelemelidiris. «Çaga — eziz, edebi ondanam eziz» diýip, ata-babalarymyz örän jaýdar belläpdirler. Halkymyz çaga edebinde ruhy we beden taýdan sagdynlyk, päk ahlaklylyk ýörelgelerine daýanýar we şol ýoluň inçe syrlaryny gitdigiçe kämilleşdirýär, millileşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesil terbiýesi hormatly Prezidentimiziň halkymyz

Maşgala gatnaşyklary berkidilýär

Ýurdumyzda türkmeniň maşgala gymmatlygynyň hukuk esaslary hem düýpli berkidilip, milli maşgala gatnaşyklarynyň kämil hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda, maşgala adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly topary hasap edilýär. Maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar. «Agzybir maşgala — berk döwlet» diýilýän düşünjeden ugur alynýan Watanymyzyň milli maşgala kanunçylygynda maşgalanyň kämil, berk bolmagynda är-aýalyň hukuklary we jogapkärçilikleri aýratyn berkidilip, kanunyň ähli düzgünleri maşgala gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda ýaş maşgalalara ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmeginde, olara ýaşaýyş jaýyny almakda, telekeçilik işi bilen meşgullanmakda, maşgala agzalarynyň saglygy dikeldiş we lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagynda we durmuşyň beýleki ugu

Mähir mukamy

Eneleriň kalby söýgüden doly. Olaryň mähriban didelerini göreniňde bar ünji-aladaň zym-zyýat bolýar. Ene hüwdüsinde janlanyş bar. Men şol süýji hüwdüleriň manysyna diňe käbäm ýaly ene bolanymdan soň düşünip galdym. Ýaradanyň emri bilen ene bolmak bagty miýesser eden zenanlaryň ählisi bu hakykata göz ýetiren bolsalar gerek. Asyl, ol hüwdüler dag göwsüni ýaryp çykýan çeşmäniň gözbaşy deý, enäniň kalbynyň çuňlugyndan syzylyp çykýan eken. Ene göwni hüwdüler bilen ýaz güli ýaly açylyp, öz ýeten bagtyny mukama sazlaşdyryp beýan edýän eken. Ýüreginiň bir parçasy — balasyna dünýäniň ähli gowulyklaryny arzuw edip, kalbynyň owazyny zybanyna getirýän eneler ähli ýagşy umyt-arzuwlaryny hem hüwdüleriň üsti bilen aýdýar. Zeminiň, Arşyň arasyndaky ýagşydyr ýaman zatlardan bihabar körpejäni rahatlandyryp bilýän şol ajaýyp hüwdülerde kerem-keramat bar. Çünki olar ene kalbynyň arzuwy, eneleriň dileg-dogasy. Ene arzuwy bolsa, Arşda hasyl bolýan iň arzyly dilegdir.

Maşgalanyň abatlygy — döwletiň abadançylygy

Döwletiň abadançylygy, asudalygy, ösüşi hem özgerişi maşgaladan başlanýar. Aslynda, döwlet maşgalanyň bir ýurduň çäklerine, mümkinçiliklerine we şertlerine çenli giň gerim berlen görnüşi dälmi eýsem? Şeýle bolansoň, islendik ýurda sapar bilen ýa-da syýahat etmäge barlanda, şol döwleti tanamak, durmuş-ykdysady derejesine, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine göz ýetirmek üçin, ilkinji nobatda, halkyň hal-ýagdaýyna, ýaşaýşyna, jaýlaryň we öýleriň binagärlik aýratynlyklaryna hem-de olarda döredilen şertlere aýratyn üns berilýär. Şu babatdan alanyňda, bir tarapdan seredeniňde, maşgalalar we olaryň jaý bilen üpjünçiligi döwletiň ýüzüni görkezýär diýsek-de ýalňyş bolmasa gerek. Elbetde, aýtmak, diýmek, baha bermek dilde aňsat. Esasy gep olary durmuşa geçirmekde. Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň, kottejleriň, bir gatly öýleriň gurluşyklaryny ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň olara bolan elýeterliligini ýokarlandyrmak döwletiň esasy aladalarynyň birine öwrüldi. Netijede, Aşgabat şäheri bu gün bir başyndan beýleki başyna çenli ulag bilen gidilende-de ep-esli wagtyňy alýan, giň, owadan, häzirki zaman şäher gurluşygy

Zenan — mähir dünýäsi

Haýsy ýurtda zenanlaryň kalby, olaryň öýi rahat bolsa, şol ýurdy bagtyýar, geljegini has röwşen hasaplap bolar. Çünki ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň terbiýesi, dünýägaraýşy şol nesilleriň enesinden gözbaş alýar. Gözbaş dury, sagdyn bolanda, onuň akabasynyň giň hem çuň bolýandygy ikuçsuzdyr. Adamzat döräli bäri bize gelip ýeten ýazuw çeşmeleriniň arasyndan Gün kibi lowurdap göze ilýän Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Görogly begiň, Togrul begiň, Alp Arslanyň... nusga alarlyk kämil durmuşynyň aňyrsynda olaryň mährem eneleriniň söýgüsiniň, siňdiren mähriniň durandygy taryhy hakykat. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyz zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdir. Teatr sungaty bulary açyk, aýdyň öwrenmäge bizi hemişe borçlandyrýar. Teatr sahnasy bizden hemişe gözlegleri, ösüşleri, kämilligi talap edýär. Tehnologiýanyň şeýle ösen zamanasynda, islendik maglumaty internet ulgamynyň üsti bilen öwrenip bolýan döwürde barybir sahnadaky janly gahryman bilen duşuşyk tomaşaça ýiti täsir edýär. Duýgular, beýan edilmesi mümkin bolmadyk ahwallar sahnadaky artist bilen birlikde, tomaşaçyny hem heýjana salýar. Türkmen teatr sungatyna ykbalyny baglan

Ýüreginde ýazyň keşbi

Möhür basylan ýaly keşdeler heýjanly baharyň heserli heňinden döreýär. Ol köňül gopuzyňy zarňyldadyp, geçmiş bilen şu güni duşurýar.  «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat eje baradaky ýatlamalary çeper elleriň taryha öwrülen keşbini janlandyrýar: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly. Hiç bir zat taý bolmajak mähirli garaýyşly käbämiň keşbinde ýyllaryň möhüri galypdyr. Ondan dünýäniň manysyny okap bolýar». Zenan duýgularyny pyntyk deý ýaryp, bahar geldi. Asmandaky topbak-topbak ak bulutlaryň heýjana gelşini görsene! Olar hem baharyň ýakymyndan täsirlenip, bir ýerde duranoklar. Bir-de çaga hüwdüleýän ýaş gelne, bir-de ik egrip oturan garry enä çalym edýär. Serwi boýly gelinler enelerimiziň düýni, garry ene — ýaş gelniň ertiri. Olaryň arasynda üzülmeýän mähremlik, päklik halkasy şol aýlanyp dur, aýlanyp dur. Baharda naşyja ýaz gülleri depe-düzlere nur paýlaýar. Tebigat güllerden ýaşyl begres geýýär. Çeşmeleriň melhem suwuna zerden syrça çaýylýar. Bu pursat zenan gözelligine gözellik, ylhamyna ylham goşulýar. Birden ylhamyň joşup, harplardan söz, sözlerden goşgy döretmegi başarsaň dagy, onda ol

Sözleri şirin ene

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Gurbangözel Amanmyradowa segseniň onunda gezip ýören ene. Onuň bilen çagalykdan kalbynda mekan tutan halyçylyk sungaty barada gürrüň etdigiňçe, söhbediň uzap barýar. Ese-boýa galan gyzjagaz üçin ejesi Ogulnabat ejäniň dürli reňkdäki sapaklary erişleriň arasyndan çalasynlyk bilen geçirip, nagyş döredişi, ol nagşy emele getirýän çitimleriň bolsa günsaýyn köpelip, halynyň ýüzünde gölleriň emele gelşi geňdi. Gurbangözel üçin eline keser alyp, gölleri çitip başlan güni durmuşynyň iň bagtly pursatlarydy. — Asyl-ha, Bäherden, Gökdepe etraplarynyň gelin-gyzlary her bir döwürde-de haly, palas dokamagyň, el işlerini etmegiň ussatlary hasaplanypdyr. Iňňeden çykma kürteleri, çyrpylary keşdelemekde hem olar hiç kimi öňüne geçirmändir. Syn edip görseňiz, gelin-gyzlaryň aglabasy bu hünäri özüne hemra edinendir. Şeýle bolansoň, bu sungat ýyllar aşyp, şu günlere özüniň asyl keşbi, müdimiligi bilen gelip ýetdi — diýip, Gurbangözel ene aýdýar.

Peýdaly maslahatlar

Çaý ýa-da kofe demlenilende gaýnag suwy näçe beýiklikden guýulsa şonça hem gowy. Birinjiden, içgi kislorod bilen baýlaşýar, ikinjiden hem, tagamyna oňat täsir edýär. * * *