Arzuw
Aýjahan, kitaphanadan çykyp gelşine, ýaňyja okan setirlerini bir zat bilen baglanyşdyrmak isledi, ýöne kelebiň ujuny ýitiren ýaly, pikirleri dagynykdy. Şu güne çenli başdan geçiren wakalaryny ýekän-ýekän göz öňünde janlandyryp barşyna, bu mahal serini gozgalaňa salan pikirleriniň haýsy birini bijebaşy etjegini bilmän kösendi. «Munça pikir bir başa, munça arzuw bir ömre nädip sygarka?!» diýip oýlanýardy. Bir pikir onuň halys erkini elden alypdy. «Arzuwlaryňam iň beýigi bolýar ekeni. Ynsanlaryň, dogrusy, meniň iň beýik arzuwym nämekä?» diýen sowal gyzy gününe goýmady. Dogry, ynsan üçin beýik söýgi, beýik ynam, beýik dostluk bolup biler, emma arzuwlaryň beýigi barada oýlanmandygyna öz ýanyndan geň galýardy. Bu meselede gyz arzuwlary giden bir ummana meňzedýärdi. Her kimiň arzuw etmäge haky bar. Hiç kim hiç wagt başga birini arzuw etmekden saklap bilmez. Ynsan arzuwlaryň ummanynda göwün solpusyndan çykýança gulaçlap ýüzmäge haklydyr, muňa päsgel berip biljek ynsan ýokdur. Bu pikirler Aýjahanyň aňynda mäkäm orun alypdy. Emma bu wagt ol: «Ynsan üçin iň beýik arzuw nämekä?» diýip oýlanýardy. Gyz ýuwaşja ýöräp duralga geldi. Awtobus ýaňy ugran bolmaga çemeli. Aýjahan muňa, gynanmaga derek, gaýta begendi. Boş oturgyçlaryň birine geçip oturdy.