HABARLAR

Ýakymdan doldurar göwün galaňy

Dillerimiziň senasy, törümiziň seresi mähriban enäni maşgala binýadynyň şahalary ýaýylyp, birgeňsi owsun atýan daragtyna meňzedýärsiň. Şol pursat ata-babalarymyzyň «Aýalyň tagtam, bagtam ojak başynda», «Asyl aýal öýüne bezeg» ýaly paýhasly setirleri ýadyňa düşýär. Kümüş saçy nurana ýüzüne has hem gözellik çaýýan Oguljahan enäniň dünýä inderen bäş ogludyr bäş gyzynyň kemala getiren ýigrimi bäş agtygyny, olaryň perzentlerinden dünýä inen otuz alty çowlugyny daşyna üýşürip, bagryna basyp, başlaryny sypap, hersine bir mylaýym söz tapyp, mährini berip oturyşyny görüp: «Enäniň ýumruk ýalyjak ýüregine munça mähir, söýgi neneňsi sygýarka?» diýeniňi duýman galýarsyň. Oguljahan ene pikirimi aňan ýaly: «Perzent süýji, agtyk ondanam süýji, çowluk welin, hemmesinden hem süýji. Ählisi daşyma üýşende, başga bir owadan dünýäniň içine siňen ýaly bolýaryn.Özümden başga bagtly adam bardyr öýdemok. Her kime şeýle bagt nesip etsin!» diýdi. Oguljahan ene mamla. Döwletli maşgalany bir ýere jemläp, oňa guwanmakdan ötri uly bagt ýok bolsa gerek. Bu bagta ýetmek, perzentleriňi ilhalar adamlar edip ýetişdirmek üçin olaryň aňyna türkmeniň döwletlilik ýörelgelerinden gelip çykýan edep-terbiýäni, maşgala agzybirliginiň baş galadygy barad

Pendimi alsaň...

Türkmen zenanynyň asyllylygy, parasatlylygy, uýat-haýalylygy, sadalygy onuň aslynda, zandynda bar zat. Şol häsiýetler hem zenanyň mertebesini beýgeldýär. Gyz maşgala dünýä inende: «Göwün hoşum» diýip, ene-ata onuň boýuna-syratyna guwanyp, kemala getirýär, iline-gününe ýaraýan perzent bolup ýetişmegini arzuwlaýar. Wagtyň gelmegi bilen, gyz maşgala durmuşa çykmaly, başga bir maşgala, ile goşulyp, özüniň kiçijik döwletini — maşgala ojagynyň binýadyny gurmaly bolýar.

Maşgalada kakanyň orny

Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, dünýä inen ilkinji günlerinden kakalaryň körpejelere terbiýe berip, olar bilen ýygy aragatnaşykda bolmagy çagalaryň özüne ynamly, dogruçyl, kämil adamlar bolup ýetişmegine täsir edýär. Şonuň üçin kakalar çagalary bilen ýygy aragatnaşykda bolup, ejeleri bilen deň hatarda ýaş nesle edep-terbiýe bermelidirler. Ýakynlarynyň göreldeli bolmagy çaga üçin terbiýäniň ulusydyr. Sebäbi çaga edebi, göreldäni ene-atadan alýar, olara meňzejek bolýar. Terbiýede ejäniň we kakanyň hersiniň öz orny bar, ýagny olaryň biriniň bolmagy ýa-da bolmazlygy, terbiýä gatnaşman, çetde durmagy çaganyň kämil şahsyýet bolup kemala gelmegine ýaramaz täsirini ýetirýär. Maşgalada çaga eje-de, kaka-da deň derejede terbiýe bermelidir. Çaga üçin kakanyň göreldesi diýseň uly bolup, psihologiýada şeýle diýilýär: «Ejesiniň terbiýesi çagada mähir, duýgy döredýär; — Kaka terbiýesi bolsa onuň erkin, ynamly bolmagyna täsir edýär».

Peýdaly maslahatlar

Ýeralmany gaýnadanyňyzda suwa 2-3 diş sarymsak atsaňyz, onuň tagamy has-da süýji bolýar. Ýeralmany has çalt bişirmek üçin, oňa bir çemçe mesge ýagyny atmak maslahat berilýär. Şeýle hem ýeralma gaýnadylanda dargap gitmezligi üçin, onuň suwuna sirke damdyrmaly. * * *

Bulary bilmek gyzykly

Süýji agaçda ösýärmi? Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyň we Koreýanyň tokaýlarynda goweniýa agajy (Hovenia dulcis) — süýji agajy duş gelýär. Goweniýa agajy kruşina maşgalasyna degişli bolup, «süýji agajy» diýen adyny göterýär. Bu agaçda, hakykatdanam, «süýji» ösýär, düzümi 40%-e çenli şeker saklaýan miwe baldaklary (miwäni ýolup alnanda miwede galýan çöpjagazlary) hem örän tagamlydyr. Bu egri miwe baldajyklary şol durşuna iýilýär. Turşuja kişmişiň tagamyny ýatladýan bu ösümlik Hytaýda we Ýaponiýada süýjülik iýmiti hökmünde ulanylýar.

Gapjygyň taýýarlanylyşy

Gerekli zatlar: — deri önümi ýa-da gataňsy mata;

Öý bikesi öwrense...

Gatlakly tort Hamyry üçin gerekli önümler: 300 g goýaldylan süýt (sguşýonka), 3 sany ýumurtga, 180 g un, 10 g hamyr tozy, 1 çümmük duz, tabany ýaglamak üçin 30 g mesge.

Maşgala we terbiýe

Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 1-nji maddasyna laýyklykda, maşgala — bu adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan, çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly toparydyr.

Datly kökeler

Gerekli önümler: 3 sany ýumurtga;

«Zenan diýmek dünýedir...»

Bir ýerlerden assaja ýaňlanýan zenan hakdaky ajaýyp aýdym gulaga ilýär: Zenan diýmek dünýedir,