HABARLAR

Terbiýäniň gözbaşy

Ýaş nesli kemala getirmekde esasy orun zähmet terbiýesine degişlidir. Şonuň üçin çagada zähmete bolan söýgini, zähmete hormat goýmak ýaly duýgulary döretmeli. Çagalarda zähmet çekmek höwesini döretmek üçin olary ahlak taýdan terbiýelemek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Zähmet terbiýesiniň maksatlary bolsa: ● zähmet hakynda umumy düşünjeleri kemala getirmekden;

Gaýtalanmajak mukam

Adamyň kalby onuň içki dünýäsi. Içki dünýäniň hemişe gowulyklardan ylham almagy, gözelliklere guwanyp ýaşamagy, gabat gelýän ejizlikleri ýeňip geçmegi her ynsanyň özüne bagly. Şeýle duýgular bilen ýaşaýan adam daş-töweregini gurşaýan tebigat gözelliklerine guwanyp, olary ajaýyp dünýä öwürmäge ymtylýar. Şu babatda ene-mamalarymyzyň asyrlarboýy owadan dünýäniň aşygy bolandyklaryny nygtamakçy. Olar gözellikleri nagyşlarda göz öňüne getirip, keşdä salypdyrlar, hala çitipdirler. Belki, şondandyr, olaryň hiç bir çyzgysyz ýerine ýetiren el hünärleri, döredijilik ylhamy kalbymyzda ýüpek tarlaryň gaýtalanmajak mukamy bolup ýaňlanýandyr. Perzendi kemala getirmek, olaryň aňyna türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň özeninde bolan ýagşy gylyk-häsiýetleri, däp-dessurlary siňdirmekden ötri, ene-mamalarymyzyň ajaýyplyklary döretmäge-de mähirlerini, söýgülerini bagyş edendiklerine haýran galýarsyň. Keşdeli dünýä

Ejekemi ýatlap...

«Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýýärler. Ýaşan ömrüňde il-günüňe haýyrly iş etseň, adyň dillerde dessan bolýar. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Janahyr obasynda eneden doglan Alma Çeperalyýewany hem ýakynlary, obadaşlary ýagşylykda ýatlaýarlar. Bu zenan kakamyň aýal dogany, biziň ejekemiz. Ol barada ulularyň gürrüň beren ýakymly ýatlamalaryny «Zenan kalby» žurnalynyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildim. Sebäbi onuň durmuş we zähmet ýolunda zenanlara nusgalyk işler kän. Alma ejekemiň adamsy Gazakbaý aga, kakasy Çeperaly aga 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlanda ilkinjileriň hatarynda Watan goragyna gidýärler. Watan üçin, il-günüň parahat durmuşy üçin jeň içinde söweşip, şirin janlaryny gurban edýärler. Durmuşyň agyr labyry Alma ejekemiň gerdenine düşýär. Ol öz perzendi bolmasa-da, ejesine, jigilerine goltgy berip, ekin meýdanynda arman-ýadaman zähmet çekýär. Gijelerine bolsa obadaşlary bilen front üçin jorapdyr ellik örýär. Alma ejekem dogumlylygy, işjanlylygy bilen il arasynda tapawutlanypdyr. Ol şol ýyllarda Gyzylarbat şäherindäki orta okuw mekdebiň agşamky bölüminde okap, ýörite orta bilim alýar. Zähmetsöýerligini, belent adamkärçilik sypatlaryny göz öňünde tutup, oba adamlary ony Janahyr oba geňeşliginiň ilki orunbasary, s

Arzymanym, käbäm ejem

Ir säherden kalbyma pürepürlenen keýpiçaglygymyň ýorgudyny baharyň hoştap howasyndan gözläp, äpişgäni açdym. Gijeki ýaz ýagşyndan soň öňküden-de tämizlenen howadan uludan dem aldym. Bu bahar meniň üçin üýtgeşik geldi. Çünki men bu ýylyň baharyny alys ýurtdan görme-görşe gelen ejem jan bilen garşy aldym. Arzyly öýümiň törüni bezäp, gymmatly nesihatlaryny berip oturan ejem miweli agaçlaryň gül açyp, pyntyk ýaran uçurlary birden öýüne gaýdarman boldy. Sebäbini biljek bolup soragly nazarymy dikenimde bolsa, ol: «Wah, gyzym jan, agalaryň, ýeňňeleriň zol jaň edip durlar-a. Agtyklarymyň göresi gelipdir. Giýew ýol peteginiň ugruna çyksa gowy bolardy» diýdi. Ejem janyň äpişgeden daşaryk bakyp, ak patrak bolup gül açan miweli baglary synlaýan nazary welin, başga zat diýýärdi. Onuň öz eken baglarynyň gül açanyny göresi gelýärdi. Bu baharda hem täze nahallary oturdyp, olaryň üstüni dolmagyň höwesindedi. Otursa-tursa, miweli baglary barada gürrüň ederdi. Daşarda gül açan baglary görüb-ä, «Üljeleriň, erikleriň bary gülländir. Häk, şu narlaryň üstüni basyraýmadyk, sowuk urmadyk bolsa-da bir ýagşy» diýip, zol gaýtalady durdy. Towuklaryny, mal-garasyny dilinden düşürmedi. Garry öýe üýşülende toý mähellesini ýada salýan agtyklaryny ýekän-ýekän ýatlanda, öý

Mährem dünýä

Türkmen zenanlarynyň söýgüli neşiri bolan «Zenan kalby» žurnalynyň her sanyny elime alanymda, ilki bilen, mähriban käbeler hakynda ýazylan makalalary okap çykýaryn. Mukaddeslige deňelýän eneler barada ýazylanlary okamak ýakymly. Olary okanymda, ejem jany ýatlaýaryn. Ejem jan zehinli, işeňňir, çeper elli, mylaýym, arassaçyl zenandy. Zehinli diýmegimiň sebäbi türkmen halk döredijiliginden eserleriň köpüsini, esasan-da, dessanlary gürrüň bererdi. Çagalykda köp gezek diňlänimdenmi ýa-da käbämiň sada dilde düşnükli edip aýdyp berenindenmi, şol dessanlar daşa ýazylan ýaly bolup, aňymda baky galypdyr. Ol döwürler suwy guýudan çekip içerdik. Ejem bize suwuň her damjasynyň tygşytly ulanylmalydygyny aýdardy.

Hoşboý ysly atyrlar hakda...

Eger-de biz geýýän eşiklerimizi möwsüme görä üýtgedýän bolsak, sepinýän atyrlarymyzy hem üýtgetmeli. Ýazda güller açylyp, anbar yslarynyň ýaýraýşy ýaly, ulanýan atyrlarymyzyň ysy hem mylaýym, ýakymly bolmalydyr. Möwsümleriň üýtgäp durmagynyň duýgularymyza täsir edişi ýaly, sepinýän atyrlarymyzyň üsti bilen biziň hem daş-töweregimize berýän energiýamyzyň täsiri artýar. Esasan hem, ýaz aýlarynda tebigatyň janlanmagy bilen täze duýgulara beslenýäris. Tebigatyň ajaýyp ysy deýin, ulanýan atyrlarymyz bizde-de tebigy taýdan ýakymly ys döredýär. * * *

Tutanýerliligiň daşy

Oniks kwars toparyna degişli bolup, silikat düzüminden emele gelýär. Ol kwarsyň ak we gara zolak geçýän halsedonly görnüşiniň biridir. Mineral, köplenç, bezegleri we şaý-sepleri ýasamak üçin ulanylýar. Oniks daşynyň daşky görnüşi barada aýdanymyzda, mineral dürli reňkleri we üýtgeşik tebigy nagyşlary, şeýle-de çydamlylygy bilen tanalýar. Oniksiň gara reňklisi we aýna ýaly dury görnüşi iň gymmatly hasaplanýar. Bu daş özüne çekiji görnüşe we özboluşly mozaika nagşyna eýe bolup, olardan, köplenç, şaý-sepler we heýkeller ýasalýar. Oniks, başgaça, «nogat», «onihion» diýlip hem atlandyrylýar. Reňkleri barada aýdanymyzda, köplenç, ak-gara ýa-da gara-mele görnüşde bolýar. Ýöne onuň gyzyl, ýaşyl, sary we gülgüne reňklerine hem duş gelinýär. Bu mineral eýesinde ynam döredýär, oňa her bir işde dogry karar çykarmaga kömek edýär, ýaramaz (negatiw) täsirlerden goraýar. Oniks tutanýerliligiň, durnuklylygyň we deňagramlylygyň nyşany hasaplanylyp, ondan ýasalan şaý-sepdir heýkelleri, köplenç, öýde, iş ýerlerinde goýýarlar ýa-da sazlaşyk üçin ýany bilen alýarlar.

Aşpezçilik, döredijilik

Jenis Wong 2014-nji ýylyň dekabrynda Singapurda ýerleşýän «Ion Orchard» we «Marina Bay Sand» dynç alyş seýilgählerinde ýerleşýän dükanlara «Janice Wong» nyşanyny goýup, ol ýerde öz oýlap tapan önümlerini, ýagny iýmitlik sungat eserlerini döredýär.

Matalara nähili ideg etmeli?

Matalaryň ajaýyp, owadan reňkleriniň parlak görünmegi olara degişli ideg edilmegindendir. Köp adamlar matanyň reňkine, görnüşine we eşikleriň bellik hatlaryna (öndürilýän kärhana tarapyndan eşigiň arkasyna tikilýän bellik) eýermän ýuwýarlar. Şeýle egin-eşikleriň reňkleri solýar. Dogry ideg we seresaplylyk önümiň daşky görnüşiniň we hiliniň uzak wagt saklanmagyna kömek edýär. Ýüpek matalara ideg etmegiň düzgünleri:

Öý bikesi öwrense...

Badamjan ikrasy Gerekli önümler: 4-5 sany badamjan, 2 sany käşir, 3 sany düýp sogan, 4 sany pomidor, 3 sany bolgar burçy, 3 diş sarymsak, duz, burç.