Eger-de biz geýýän eşiklerimizi möwsüme görä üýtgedýän bolsak, sepinýän atyrlarymyzy hem üýtgetmeli. Ýazda güller açylyp, anbar yslarynyň ýaýraýşy ýaly, ulanýan atyrlarymyzyň ysy hem mylaýym, ýakymly bolmalydyr. Möwsümleriň üýtgäp durmagynyň duýgularymyza täsir edişi ýaly, sepinýän atyrlarymyzyň üsti bilen biziň hem daş-töweregimize berýän energiýamyzyň täsiri artýar. Esasan hem, ýaz aýlarynda tebigatyň janlanmagy bilen täze duýgulara beslenýäris. Tebigatyň ajaýyp ysy deýin, ulanýan atyrlarymyz bizde-de tebigy taýdan ýakymly ys döredýär.
* * *