HABARLAR

Halkymyz hakynda asylly alada

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Her ýy­lyň 7-nji ap­re­li Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni hök­mün­de giň­den bel­len­ilip ge­çil­ýär. Dün­ýä ýurt­la­ryn­da 1950-nji ýyl­dan bä­ri bel­li bo­lan bu baý­ram­çy­lyk Garaş­syz­lyk ýyllarynda Türk­me­nistan­da hem dür­li sag­lyk we me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­ri­ne bes­le­ni­lýär.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si da­ba­ra­lan­ýar

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Her bir döw­le­tiň öňün­dä­ki we­zi­pe­le­riň bi­ri ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­dan, ola­ryň sport, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ka­da­la­ry bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak­la­ry­ny üp­jün et­mek­den, şeý­le­lik bi­le­nem, sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­den yba­rat­dyr. Se­bä­bi di­ňe sag­dyn jem­gy­ýet bi­len uly ösüş­le­ri ga­za­nyp, ta­ry­hy öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çi­rip bol­ýar. Ar­ka­dagly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler dün­ýä nus­ga­lyk­dyr.

Bahar nygmaty

Kömelekden taýýarlanylýan tagamlar ganazlykda we sowuklamada peýdalydyr. Ýöne iýmit siňdiriş ýollarynda, böwrekde, ýürek-damar ulgamynda gowşaklyk bolanda, maddalaryň alyş-çalyş bozulmasynda näsaglara kömelekden bişirilen naharlardan saklanmak maslahat berilýär. Kömelekler ýaramlylygy boýunça birnäçe topara bölünip, olar iýilýän, şertli iýilýän, zäherli kömeleklerdir. Esasy zat ony saýlamakda ýalňyşmazlykdyr. Kömelek peýdaly maddalara, ylaýta-da, B witaminler toplumyna, D witaminine, şeýle-de demir, sink, kükürt, fosfor, kaliý, kalsiý ýaly mikroelementlere baýdyr. Bular saglygy berkidip, myşsalary belok bilen baýlaşdyrýar, beýnidäki näsazlyklaryň, ganazlygyň öňüni alýar.

Sportuň ynsan saglygyna täsiri

Ynsan saglygy üçin sportuň ähmiýeti örän uludyr. Hereketiň az bolmagy adamyň işleýiş ukybynyň peselmegine, süňkleriň, myşsalaryň gowşamagyna, hatda içki organlaryň işleýşiniň üýtgemegine sebäp bolýar. Durmuşda ýeterlik işjeňligiň bolmazlygy bedeniň ähli ulgamynyň işiniň bozulmagyna sebäp bolýar. Netijede, dürli keseller döräp başlaýar. Şonuň üçin adam saglygy we sport biri-biri bilen baglanyşykly düşünjelerdir. Fiziki zähmet myşsalary güýçlendirýär, süňk dokumalaryny gowulaşdyrýar. Mundan başga-da, sport bilen meşgullanýan adamyň diňe bir fiziki däl, eýsem, psihologik çydamlylygy hem artýar, sebäbi sport häsiýeti, ruhy güýji taplaýar. Sport bilen meşgullanmak gan damarlaryny sagdynlaşdyrýar, ýürek-damar ulgamynyň ýagdaýyny gowulaşdyrýar, bu bolsa dürli ýaşdaky adamlarda ýüze çykýan kellagyrynyň, howa garaşlylygynyň alamatlarynyň öňüni alýar.

Ruhubelentlik we sagdynlyk

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak we har­by gul­luk­çy­la­ryň hem-de ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da taý­syz ta­gal­lala­ry ed­ýär. Mu­nuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň hem mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ry­lyp, iş üp­jün­çi­li­gi, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri has-da kä­mil­leş­di­ril­ýär.

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Sag­lyk yn­san üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­ly baý­lyk ha­sap­lan­ýar. Edil şo­nuň ýa­ly sag­lyk ul­ga­my­na de­giş­li när­se­ler hem gym­mat­ly­dyr, has dog­ru­sy sag­lyk ha­kyn­da­ky ki­tap­la­ram. Çün­ki olar yn­sa­na sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak­da, ber­kit­mek­de we di­kelt­mek­de dog­ry ýol­la­ry sal­gy ber­ýän çel­gi bo­lup hyz­mat ed­ýär. Türk­men we dün­ýä luk­man­çy­lyk ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri­niň ýan­ki­ta­by­na öw­rü­len şeý­le gym­mat­ly eser­le­riň bi­ri hem Gahry­man Arkadagy­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my-en­sik­lo­pe­dik ese­ri­dir. «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­by luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň dün­ýä luk­man­çy­lyk yl­my­nyň, fi­to­te­ra­pi­ýa­nyň ös­me­gi­ne hem döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na goş­ýan bi­möç­ber şah­sy go­şan­dy­dyr.

Döwletliligiň sakasy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Döwletliligiň, agzybirligiň sakasynda saglyk bar. «Saglygym — baýlygym» diýýän türkmen halky ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolup ýaşaýar. Her bir haýyrly işi amala aşyrmak üçin hem, ilkinji nobatda, saglyk gerek. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygy, bagtyýarlygy, rahat ýaşaýşy üçin döwletimizde uly işler durmuşa geçirilýär.

Abu Ali Ibn Sina

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Luk­man­çy­lyk yl­my­ny düýp­li öz­ger­den, dün­ýä yl­myn­da Awi­sen­na ady bi­len ta­na­lan pel­se­pe­çi alym, ta­ny­mal luk­man Ibn Si­na, döw­rü­niň «Il­kin­ji Gip­pok­ra­ty» ha­sap­la­nan Se­ýit Ys­ma­ýyl Gür­gen­li, Mu­ham­met Gaý­maz Türk­men ýa­ly gör­nük­li ýüz­ler­çe türk­men alym­la­ry dün­ýä yl­my­nyň ýi­ti şug­la­ly ýyl­dyz­la­ry­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Şol alym­la­ryň ara­syn­da Abu Aly Ibn Si­na­nyň ady hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de-de giň­den meş­hur­dyr. 

Sag­dyn­lyk — bag­ty­ýar­lyk

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň: «Hal­kyň sag­ly­gy, aba­dan bag­ty­ýar dur­muşy bi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir» di­ýip, aý­ra­tyn nyg­taý­şy ýa­ly, eziz Di­ýa­ry­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da her ýyl giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýän Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän äh­li adam­la­ryň baý­ra­my­dyr. Ol her ýy­lyň 7- nji ap­re­lin­de bel­le­nil­ýär.

Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil...

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň şy­pa­ha­na­la­ry ýy­lyň do­wa­myn­da hal­kyň hyz­ma­tyn­da. Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry sag­lyk äti­ýaç­lan­dyr­ma şertnamasyny bag­la­şyp, ýy­lyň do­wa­myn­da şy­pa­ha­na­lar­da sag­lyk­la­ry­ny ber­ki­dip bi­ler­ler. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni alyp ba­ryň, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da du­ruň we bu ba­bat­da ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­re we ýet­gin­jek­le­re gö­rel­de bo­luň, gü­nüň do­wa­myn­da komp­ýu­ter­ler, smart­fon­lar we plan­şet­ler bi­len az wagt­lyk meş­gul­la­nyň.