Sagdyn durmuş — bagtyýar geljek

27 Mart 2024
681

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni has-da giň gerime eýe etmek, sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratynam, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, berk bedenli, sagdyn ruhly, ruhubelent, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky işlere aýratyn üns berilýändigi guwandyrýan hakykatdyr. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde ata Watanymyz sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Häzirki döwrümiz sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň zamanasy bolup dabaralanýar.

Ýaşlaryň arasynda sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwesi, söýgini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda wagyz-ündew çärelerine hem uly orun degişlidir. Şeýle çärelerde sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge, zyýanly endiklerden daşda bolup, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga, sagdyn bedenli bolmaga çagyryşlar belentden ýaňlanýar. Bu çagyryşlardan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty hemişelik hemra edinmegi öz borjumyz saýmalydyrys.

Baýrammämmet Nazarmuhammedow,
Türkmenbaşy etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi.