HABARLAR

Adaty beýi

Adaty beýi agajy melleklerde, ýöriteleşen hojalyklarda, daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Ösümligiň ýapraklary, gülleri, miweleri we tohumy çig mal bolup hyzmat edýär. Ýapraklaryny we güllerini ösümlik gülleýän döwründe (maý aýynda), miwelerini we tohumlaryny doly ýetişende (sentýabr aýynda) ýygnamaly. Olary açyk howada guratmaly. Bu ösümligiň dermanlyk häsiýetleri Abu Ali ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly nusgawy işinde-de beýan edilýär. Akyldar ony uçukda, beze kesellerinde, ýanyklarda, üsgülewikde peýdalanmagy maslahat berýär. Muhammet Gaýmaz Türkmen «Pygamber tebipçiligi» atly nusgawy eserinde hem beýiniň dermanlyk häsiýetlerini giňişleýin beýan edýär.

Gyş pasly: sagdyn bolmagyň kadalary

● Bedeniňiziň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen itburun, çopantelpek, buýan köki, käkilik oty, keýik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli. ● Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Ir säher bilen we agşamara arassa howada gezelenç etmeli.

Saglyk — baş baýlyk

Milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda bu möhüm ulgamyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Giň gerimli işleriň çäklerinde keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek babatda öňdebaryjy tejribeler giňden ulanylyp, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, elýeterliligi we hili yzygiderli ýokarlandyrylýar. Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasy esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, ylmy-kliniki merkezler, saglyk öýleri gurulýar. Aziýanyň we Ýewropanyň

Gyzyl burç

Gyzyl burçuň watany Günorta Amerika hasaplanylýar. Peru döwletiniň çägindäki gadymy harabalyklarda 6 müň ýyl mundan öňki gyzyl burçuň tohumlary tapylypdyr. Onuň Ýewropadyr beýleki yklymlara ýaýramagy Hristofor Kolumbyň syýahatlary bilen baglanyşykly. Gyzyl burçuň çili, paprika ýaly görnüşleri bar. «Çili» sözi astek dilinde «gyzyl» diýmegi aňladýar. Ir döwürlerde indeý halklary gyzyl burçy agyry aýryjy, göreji ýiteldiji dermanlyk serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Gyzyl burçuň peýdasy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda giňden bellenilip geçilýär. Unaşa gyzyl burç atyp içmek halkymyza ir wagtlardan bäri mahsusdyr. Onuň üsgülewükde, gyzgyny düşürmekde, işdäni açmakda täsiri diýseň uludyr. Şonuň üçinem köp halklarda hojalykda hemişe gyzyl burçuň bolmagy öýde sowuklamanyň dermanyny saklamak ýaly adaty ýagdaý hasaplanypdyr.

Möwsümleýin döreýän kesellerden goranyň!

Mukaddes Diýarymyza  her pasyl aýratyn ajaýyplyklary bilen gelýär. Gyş paslynyň tämiz howasy hem kalplara ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Bu pasylda her bir öýe egsilmez şatlyk getirýän Täze ýyl baýramçylygy bellenilýän günlerde gezelenje çykmak hemmelere hoş ýakýar. Ýöne gyş paslynda möwsümleýin keselleriň ýokuşmak ähtimallygyndan ugur alyp, ildeşlerimize lukman maslahatlarymyzy ýetirýäris. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň! Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly.

Saglygyň baş şerti

Güneşe baý topragyň dermanlyk ösümlikleri

Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek köptaraplaýyn häsiýete eýedir. Dynç alyş-şypahana ulgamyny kämilleşdirmek, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygyň, ruhubelentligiň çeşmesi bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň özenini düzýär Ata-babalarymyzdan dermanlyk ösümlikler bilen kesel bejermegiň köpasyrlyk tejribesi bize gelip ýetipdir. «Adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar. Türkmen tebigaty bolsa dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Ülkämizde peýdaly ösümlikler, diýseň, kändir. Başga ýerler bilen deňeşdirilende türkmen tebigatynda hiç zat bilen çalşyp bolmajak köp sanly dermanlyk ösümlikler ösýär» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda güneşe baý sahawatly topragymyzda bitýän ösümlikleriň ynsan saglygyna edýän dermanlyk we bejerijilik häsiýetleri, aýratynlyklary hem-de olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleýin maglumat berilmek bilen, ol fitoterapiýany ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň köpýyllyk tejribesiniň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan ylmy-ensiklopedik eser dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyny goramakda, keseller

Saglyk — baş baýlyk

•Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. •Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly.

Hünäri — halkara derejesinde

Galkynyşly döwrümizde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ozal görlüp-eşidilmedik öňegidişlikler gazanyldy. Bu ulgamda ýetilen beýik sepgitlerde welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň ýaş lukmanlarynyň hem mynasyp goşandy bar. Welaýat köpugurly hassahanasynyň trawmatologiýa-ortopediýa bölüminiň müdiri Ahmet Döwletow hem şeýle ýaşlaryň biri. Ol özüne ynanylan wezipäni birkemsiz ýerine ýetirmek, bölüme guramaçylykly ýolbaşçylyk etmek bilen çäklenmän, yzygiderli iş tejribesini baýlaşdyrmagyň hem aladasynda. Ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärdeşleriniň birnäçesi bilen bilelikde daşary döwletlerde geçirilen tejribelik okuwlaryna hem gatnaşdy. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl welaýatymyzyň saglygy goraýyş işgärleri Gruziýada we Russiýanyň Tatarystan Respublikasynda, Germaniýanyň Meppen şäheriniň Ludmilştift, Mýunhen şäheriniň Augenklinik Herzog Carl Teodor klinikalarynda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler.

Lukman maslahat berýär

Gyş paslynyň dowamynda howanyň sowamagy, ýagyn-ýagmyrlylygy, çyglylygy we üýtgemegi möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleri dörediji wiruslaryň köpelmegine şert döredýär. Şunda sagdyn nesliň kemala gelmeginde ulularyň görkezýän göreldesi, olaryň öz çagalaryna keselleriň öňüni almaga hemaýatly maslahatlary, şol sanda şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini dogry we doly berjaý etmekligini gazanmak uly ähmiýete eýe bolup durýar. Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keseli — bu dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keseli bolup, wirusly gelip çykyşlydyr we beden synalaryny düýpli gowşadýar, immuniteti pese düşürýär. Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselinde öz-özüňi bejermeklige ýol bermeli däldir. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner. Derman serişdelerini özbaşdak, esasan-da, antibakterial derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman kabul etmeli däl, sebäbi kesel dörediji wiruslara antibakterial serişdeler täsir etmeýär, olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň peselmegine getirer.