HABARLAR

Depressiýalaryň döremeginiň insultyň ýerine we derejesine baglylygy

Bahargül MEREDOWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasy Soňky ýyllarda insultdan ejir çekýänleriň sany barha köpelýär, şol bir wagtda bolsa bu keselden ýogalýanlaryň sany azalýar. Bular, ilkinji nobatda, näsaglary bejermegiň usullarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen düşündirilýär.

Metaboliki sindromyň öňüni alyş çäreleriniň wajyplygy

Çary NAZAROW, Gül-Bibi GELDIÝEWA, Batyr GURBANGULYÝEWM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, kadaly fiziologiýa kafedrasy Artykmaç agram bilen semizlik metaboliki bozulmalaryň ýaýran görnüşi bolup, häzirki döwürde lukmançylyk meseleleriniň esasyny düzýär. BSGG-niň maglumatlaryna görä, semizligiň ýaýramagy soňky ýyllarda 60-80% ýokarlanyp, bu patologiýa diňe uly adamlaryň arasynda duş gelmän, eýsem, ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda hem onuň sany ýylsaýyn artýar [8]. Köp sanly alymlar tarapyndan bu meseläniň artmagyna häzirki döwürde gipodinamiýanyň we nädogry iýmitlenmegiň sebäp bolýandygy subut edildi [1, 2, 7]. Ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda bu keseliň sanynyň artmagynyň sebäpleri doly öwrenilmedikdir.

Ösmeýän göwreliligiň gematologiki markýorlary

Nargözel MYRATNAZAROWA, Güljahan HOJAMBERDIÝEWA, Swetlana PLESKANOWSKAÝA M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy, Ylmy-barlag merkezi Häzirki zaman akuşerçiliginde ösmeýän göwrelilik (ÖG) wajyp meseleleriň biri bolmak bilen reproduktiw ýitgileriň 10-20%-ni tutýar [1-5]. ÖG-niň köp meseleleri oňat öwrenilip, olaryň anyklaýyş we bejeriliş algoritmleri işlenip düzüldi. ÖG-niň sebäpleri köp dürli bolup, olara genetiki faktorlar, alawlama hadysalary, endokrin, gemostaz we autoimmun bozulmalar degişlidir. Emma 40% ýagdaýda düwünçek ýitgisiniň sebäbi näbelliligine galýar [1, 2, 6].

Menopauzaly zenanlaryň ýürek-damar ulgamyna estrogenleriň täsiri

Tylla TAŇRYBERDIÝEWA, Wladimir GURBANOW, Şemşat AMANDURDYÝEWA M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasy Klimakteriki döwürde, owariektomiýadan soňky ýagdaýda, dowamly alawlama hadysalar sebäpli, ýumutgalyklaryň gormonal işiniň bozulmagynda zenanlaryň ýürek-damar ulgamynda aýdyň metaboliki we funksional üýtgemeler ýüze çykýar [2, 18, 21].

Injik-daban bognunyň şikesden soňky artrozynyň häzirki zaman bejergi usuly

Alym NAZAROWHalkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi Injik-daban bognunyň artrozy bolan näsaglaryň bejergisi – möhüm lukmançylyk we durmuş-ykdysady mesele bolup durýar. Bu bolsa, esasanam, injik-daban bognunyň artrozynyň köp duş gelýändigi we bu patologiýada maýyplygyň ýokarlygy bilen baglanyşyklydyr [1-3].

Çagalarda Kawasaki keseli

Ýazgylyç ÝAWAN, Maral ŞYHLYÝEWA, Ogulkeýik BÄŞIMOWA, Rozygül ORAZOWA,Baýmyrat GOWUŞOW, Aýjahan HOMMYÝEWAM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň fakultet pediatriýasy kafedrasy Kawasaki keseli (Kawasaki sindromy, deri-nemli limfanodulýar sindromy) orta we ownuk arteriýalaryň özboluşly zeperlenmesi we destruktiw-proliferatiw waskulitiň emele gelmegi bilen ýiti geçýän patologiýadyr. Ol kliniki taýdan gyzdyrma, nemli bardanyň, deriniň, limfatiki düwünleriň üýtgemesi, käte koronar we beýleki arteriýalaryň zeperlenmesi bilen ýüze çykýar. Bu kesel Ýaponiýada has ýygy duşýar (5 ýaşa çenli çaga ilatynyň 100 000-de 112 sany). Russiýada 2016-njy ýylyň maglumatlaryna görä, bu kesel bilen 5 ýaşa çenli çaga ilatynyň 100 000-de 6,6 ýagdaýda anyklandy. Şu keselden ölüm 0,1-0,5%-e barabardyr. Kawasaki keseliniň etiologiýasy we döreýşi entek az öwrenilendir [3].

«Zemin we ynsan saglygynyň nyşany»

Zeýtun agajynyň ýapraklary ir döwürlerden bäri parahatçylygyň we ylalaşygyň nyşany hasaplanylyp gelinýär. Şonuň üçin-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Döwlet baýdagynda parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun ýapragynyň şekili ýerleşdirildi. Bu agajyň miwesi ynsan saglygy üçin-de iň gymmatly önümleriň biridir. Oňa «Zeminiň we ynsanyň saglygynyň nyşany» diýsek hem ýalňyş bolmaz. Sebäbi parahatçylyk — zeminiň, ýaşaýşyň, durmuşyň sagdynlygy. Käbir ylmy tapyndylar 6 müň ýyl öň hem adamlara zeýtun miwesiniň tanyş bolandygy baradaky pikirleri öňe sürmäge esas berýär. Babyl şasy Hammurapiniň miladydan öňki 1700-nji ýyllara degişli hasaplanýan kanunlar ýygyndysynda zeýtun ösümligi baradaky maglumat ilkinji gezek getirilýär. Zeýtun Gadymy Müsür bilen baglanyşykly suratlarda-da ýygy-ýygydan gabat gelýär. Ýunanlylar bolsa ony gözellik serişdesi hökmünde-de peýdalanypdyr. Dünýä ýüzünde 500-den gowrak görnüşi hasaba alnan zeýtunyň azyk senagatynda diňe 25 görnüşi ýaramly hasaplanylýar.

Gymmatly baýlyk

Kitap — ruhubelentligiň çeşmesi

Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmek, ruhuňy belent tutmak, ruhy ahwalayňy baýlaşdyrmak ýaly ençeme peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir. Şeýle-de kitap okamak ynsan saglygyna oňyn täsirlerini ýetirýär. Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, okamak ukusyzlykdan halas bolmaga ýardam edýär, nerw ulgamyny rahatlandyrýar. Bilermenleriň bellemegine görä, kitap okamak nerwini rahatlandyryjy iň ygtybarly usuldyr. Bary-ýogy 6 minut kitap okamak nerw dartgynlylygyny dep edip biler.

Bagtyýar çagalygyň Diýary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini gazanmak, saglygyny goramak, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömegini ýokary derejeli guramak, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek babatda amala aşyrylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip düzülen we kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu ugurda uly üstünlikleri gazanmaga köpugurly şertleri döredýär. 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gaznanyň alyp barýan işleriniň netijesinde, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolan wagtynda etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat etdi we olar häzirki wagtda halkymyzyň hyzmatynda. Mary welaýat çagalar hassahanasyna gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen emeli dem beriş we fiziologiýa gözegçilik monitory