Çary NAZAROW, Gül-Bibi GELDIÝEWA, Batyr GURBANGULYÝEW
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, kadaly fiziologiýa kafedrasy
Artykmaç agram bilen semizlik metaboliki bozulmalaryň ýaýran görnüşi bolup, häzirki döwürde lukmançylyk meseleleriniň esasyny düzýär. BSGG-niň maglumatlaryna görä, semizligiň ýaýramagy soňky ýyllarda 60-80% ýokarlanyp, bu patologiýa diňe uly adamlaryň arasynda duş gelmän, eýsem, ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda hem onuň sany ýylsaýyn artýar [8]. Köp sanly alymlar tarapyndan bu meseläniň artmagyna häzirki döwürde gipodinamiýanyň we nädogry iýmitlenmegiň sebäp bolýandygy subut edildi [1, 2, 7]. Ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda bu keseliň sanynyň artmagynyň sebäpleri doly öwrenilmedikdir.