HABARLAR

Ynsan saglygyna melhem şypahana

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen açylyp, ulanylmaga berlen şypahanamyzda-da raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde, keselleriň öňüni almakda uly işler alnyp barylýar. Jeýhunyň sag kenarynda — Farap etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala obasynda ýerleşýän bu ajaýyp şypahananyň tebigy suwunyň bejeriş täsiri 1958-nji ýyldan bäri mälimdir. Ol şol ýerde geologiýa-barlag ekspedisiýasy tarapyndan gözleg işleri geçirilende, 900 metr çuňlukdan öz akymyna çykýan mineral suwly guýynyň ýatagy açylmagy sebäpli ýüze çykaryldy. Mineral suwuň ýylylygy bütin ýylyň dowamynda 39 gradus bolup, onuň düzüminde 32-den gowrak elementiň bardygy anyklanyldy. Suwuň adam bedenine şypaly täsir edýändigi ylmy esasda tassyklanyldy.

Saglygymyz — baýlygymyz

Elleriňizi sabyn bilen ýuwuň, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen tämizläň! Öýden daşary çykanyňyzda agyz-burun örtügini dakynyň!

Lukmanlar maslahat berýärler

— Agyz-burun örtüklerini ulanyň! — Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý ediň! Çig we taýýar iýmitleri kesmek üçin aýratyn pyçaklary we tagtalary ulanyň!

Saglyk — baş baýlyk

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgärleri etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde, etrabyň ilatynyň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, düşündiriş işleri etrabyň «Artyk» geňeşliginiň ýaşaýjylarynyň arasynda geçirildi. Wagyz-nesihat topary agzalan geňeşligiň ýaşaýjylarynyň öýlerine aýlanyp, möwsümleýin ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranmak bilen baglanyşykly degerli maslahatlaryny berdiler. Olar öý şertlerinde bolan duşuşyklaryň barşynda pasla görä geýinmegiň, asgyrylanda, üsgürilende hökmany ýagdaýda elýaglyk bilen agzyňy we burnuňy ýapmagyň, elleri ýygy-ýygydan sabynly suw bilen ýuwup, elmydama arassa ýagdaýda saklamagyň, iki metr howpsuz araçägi saklamagyň möhümdigi barada aýratyn durup geçdiler. Agyz-burun örtüklerini dakynmak, bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhe

Saglyk hemmämiz üçin zerur!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Melhemler hazynasynyň düri

Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürden bäri bellidir. Muhammet Gaýmaz Türkmen özüniň «Pygamber tebipçiligi» atly meşhur eserinde öt haltasynyň keselleriniň üzüm bilen bejerilişi barada gürrüň berýär. Meşhur tebip Muhammet Huseýiniň «Melhemler hazynasynda» ýazylyşyna görä, üzüm peýdaly miweleriň biri. Halk lukmançylygynda ösümligiň iýmişi gipertoniýanyň (arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy), ganazlygyň, bronhial demgysmanyň, öýken inçekeseliniň, aterosklerozyň, babasylyň, dowamly nefritiň, daşly keselleriň başlangyç döwründe, şeýle hem bagyr kesellerinde, nerw ulgamynyň gowşaklygynda, bedende ýaglaryň we minerallaryň alyş-çalşy bozulanda ulanylýar. Onuň öt çykaryjy, gakylyk gopduryjy täsiri bolan melhemlikleri dürli kesellerde ulanmaga mümkinçilik berýär. Ýapraklarynyň jöwheri basykda (anginada) bokurdak çaýkamak üçin, başly ýaralarda ýaralary bitirmek üçin peýdalanylýar, ownuk kerçelen ter ýapraklary ýaralara, çybana ýapylýar.

Sarymsak — serim sag

Adam saglygyna peýdaly ekinleriň biri sarymsakdyr. Halk lukmançylygynda boz toprakly, döküni ýeten, bol suwly ýerde ekilip, alnan sarymsagyň adamyň ýüzüniň durkuny gowulandyrmakda, gözüniň görejini ýiteltmekde, gulagyň gowy eşitmeginde peýdasynyň köpdügi bellenilýär. Hatda ir döwürlerde-de saçyň düşmeginiň öňüni almak üçin hem sarymsagy saç düýbüne çalypdyrlar. Bu bolsa saç düşmeginiň öňüni alypdyr. Orta ýaşan adamlar sarymsagyň dişini ikä bölüp, dişiň etine çalypdyrlar. Şeýdip dişleriniň berkemegine şypa beripdirler. Adamyň bedenine düşen ýaralary-da sarymsak suwy bilen bejeripdirler.

Sagdynlyk — iň uly baýlyk

Hormatly Prezidentimiz «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Bu giň gerimli işler raýatlarymyzyň sagdyn bedenli we ruhubelent bolup ýaşamaklary baradaky aladalar bilen berk baglanyşyklydyr. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda ilatyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň durnukly öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda, şeýle hem ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça uly işler üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy hakynda Karara gol çekmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Kabul edilen resminamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakdan we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmakda

Saglygyň gadyryny bilgil...

Häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýän günlerinde möwsümleýin ýiti respirator keseller, sowuklama ýaly näsazlyklar ýüze çykyp bilýär. Howanyň häli-şindi üýtgäp durmasy, aram-aram ýagyşdyr garyň ýagmagy ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinden, bogun agyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýän adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döredip ýa-da gaýra üzülmelere sebäp bolup bilýär. Adam bedeninde Gün şöhlesiniň ýetmezçilik etmegi bedeni tapdan düşürip, nerw ulgamyny gowşadýar. Bu bolsa, öz gezeginde, adamyň ukuçyl, ysgynsyz bolmagyna sebäp bolýar. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin saglygymyz hakynda öz wagtynda alada edip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp durmaly. Bu günki gün Saglyk öýleri tarapyndan geçirilýän köpugurly öňüni alyş barlaglary keselleriň öňüni almaga gönükdirilen iň möhüm çäreleriň biridir. Olar keselleriň döremegine getirip biläýjek näsazlyklary gaýra goýman ýüze çykarmaga we bejermäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, Saglyk öýleri tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde sagdyn iýmitlenmek, möwsümde ýüze çykýan ýiti respirator ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, olaryň adam saglygyna ýetirýän zyýanly tä

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Häzirki wagtda howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen, köpçülik ýerlerine barlanda, bellenilen howpsuz araçägi saklamaly. Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak üçin ýörite düzgünleri berk berjaý etmeli. 1. Otaglary we olardaky mebelleri, gapylaryň tutawaçlaryny, pollary zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen yzygiderli arassalap durmaly, penjireleri açyp, otaglary ýelejiretmeli.