Melhemler hazynasynyň düri

10 Ýanwar 2021
2259

Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürden bäri bellidir. Muhammet Gaýmaz Türkmen özüniň «Pygamber tebipçiligi» atly meşhur eserinde öt haltasynyň keselleriniň üzüm bilen bejerilişi barada gürrüň berýär. Meşhur tebip Muhammet Huseýiniň «Melhemler hazynasynda» ýazylyşyna görä, üzüm peýdaly miweleriň biri.

Halk lukmançylygynda ösümligiň iýmişi gipertoniýanyň (arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy), ganazlygyň, bronhial demgysmanyň, öýken inçekeseliniň, aterosklerozyň, babasylyň, dowamly nefritiň, daşly keselleriň başlangyç döwründe, şeýle hem bagyr kesellerinde, nerw ulgamynyň gowşaklygynda, bedende ýaglaryň we minerallaryň alyş-çalşy bozulanda ulanylýar. Onuň öt çykaryjy, gakylyk gopduryjy täsiri bolan melhemlikleri dürli kesellerde ulanmaga mümkinçilik berýär. Ýapraklarynyň jöwheri basykda (anginada) bokurdak çaýkamak üçin, başly ýaralarda ýaralary bitirmek üçin peýdalanylýar, ownuk kerçelen ter ýapraklary ýaralara, çybana ýapylýar.

Güljahan ATAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 16-njy Saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.