HABARLAR

Bagyr ehinokokkozynyň hirurgiýasynda galyndy boşlugynyň antiparazitar işlenilmegi

Bagryň ehinokokkozy parazitar keseliň endemiki ojaklaryna degişli ýurtlarda möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Operatiw bejergiden soň, keseliň gaýtalanmagy 22,3-31,3% aralykda ýüze çykýar. Bagyr ehinokokkozynyň hirurgiki bejergisinde kistanyň fibroz kapsulasynyň meselesi kesgitlenilmedik jedelli soragylaryň biri bolup durýar [3, 8, 10-12]. Ylmy maglumatlarda ehinokokkyň ösüşiniň giçki döwürlerinde fibroz kapsulanyň gurluş düzüminiň üýtgemegi hem-de onuň tohum düwünçekleri üçin öz böwet häsiýetini ýitirýänligi bellenilýär. Bu nukdaýnazardan käbir hirurg-gepatologlar tarapyndan operasiýanyň radikal häsiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, fibroz kapsulanyň kesilip aýrylmagy esaslandyrylýar. Ýöne kistanyň diwarynyň bagryň magistral gan damar-öt ýollaryna ýakyn ýerleşen halatynda fibroz kapsulany total ýa-da subtotal aýrylmagyny ýerine ýetirmek mümkinçiligi düýpli çäklenýär. Köplenç, ehinokokkektomiýa interoperasion döwürde kistanyň diwaryny açmak, onuň hitin bardasyny we skolekslary aýyrmak bilen ýerine ýetirilýär [3, 10-12].

Diş-äň anomaliýaly çagalarda agyz boşlugynyň ýagdaýyna kliniki baha bermek

Diş-äň anomaliýalar (DÄA) häzirki zaman çagalar stomatologiýasynyň iň bir çylşyrymly meselesi bolup, BSGG -nyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryna girýär [5]. Ylmy barlaglar ortodontiýa bilen parodontologiýanyň arasynda göni baglanyşygyň barlygyny görkezýär [3, 4, 8-11]. Türkmen alymlarynyň we daşary ýurtly alymlaryň ylmy işlerinde bellenilişi ýaly 38-50% ýagdaýda DÄA bolan çagalarda üznüksiz kataral gingiwitiň (ÜKG) alamatlarynyň bejergiden öň hem ýüze çykarylandygyny belleýärler [1, 6-8, 10-12]. Öz gezeginde ÜKG-iň irki döwürlerinde ýüze çykarylmagy we parodontal dokumanyň sagdynlygyny gazanmak täsirli ortodontiki bejerginiň netijeliginiň esasy faktorlarynyň biri bolup durýär [2, 9, 11]. Şeýle hem çagalarda ÜKG-iň patogeneziniň aýratynlygyny gaýnaglama hadysanyň ösüp barýan, funksional we morfologiki taýdan kemala gelmedik ýaş parodont dokumada döremegi, ujypsyz zeperleýji faktorlara duýgurlygynyň ýokary bolmagy bilen baglaşyklydygyny bellemek gerekdir [6, 9, 12]. Işiň maksady – diş-äň anomaliýaly çagalarda üznüksiz kataral gingiwiti irki döwründe anyklamak üçin agyz boşlugynyň arassaçylyk barlagynyň netijelerine, parodontal görkezijilerine kliniki baha bermek.

Arassaçylyk we onuň esasy düzgünleri

Arassaçylyk — bu adam saglygyny berkitmek we saklamak baradaky düşünjedir. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keseliň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny biziň her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Şonuň üçin hem her bir ata-ene bu babatda öz çagalaryna gözegçilik etmelidir. Ýiti respirator keselleri howa-damja ýollary bilen näsag adamlaryň üsgürmeginde, asgyrmagynda, gürlemeginde köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmegi öz durmuşyňyza ornaşdyrmaly. Dürli ýokanç kesellerden goranmak hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklar bilen hem meşgullanmalydyr.

Türkmen selmeleginiň ýapraklarynyň jöwheriniň antibakterial täsirini kesgitlemek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ilatyň saglygyny goramakda döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda raýatlary we bejeriş edaralaryny derman serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmek hemişe iň möhüm wezipeleriň biridir. Häzirki döwürde amaly lukmançylykda Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikleri düýpli öwrenmek, olaryň çig mallaryndan täze derman serişdelerini taýýarlamak we rejeli peýdalanmak meselelerine düýpli seredilýär. Ýokarda aýdylanlara esaslanyp, türkmen selmeleginiň ýapraklaryndan taýýarlanan jöwheri bilen mikrobiologiki barlaglar geçirildi [3, 6]. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki neşirleriniň III jiltinde türkmen selmeleginiň (lat: mandragora turcomanica) biologiki häsiýetnamasy hemmetaraplaýyn beýan edilen. Türkmen selmelegi itüzümler maşgalasynyň, selmelekler urugynyň, boýy 20-40 sm ýetýän, ýapraklary rozetka görnüşinde, aşaky ýapraklarynyň uzynlygy 80 sm ýetýän, ýokarky ýapraklary gysgarak, olaryň diametri 160 sm ýetýän, baldaksyz, köpýyllyk ösümlikdir. Mandragora wajyp häsiýetleri özünde jemleýär: köpýyllylyk, sowuga çydamlylyk we dowamly wegetasion döwrüniň bolmagy. Şonuň üçin m

Il saglygy — ýurt baýlygy

Keselleriň öňüni almak ugrunda Golaýda Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň mejlisler jaýynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramagynda «Keseli bejereniňden onuň öňüni alanyň netijelidir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. COVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlaryny raýatlara tapgyrlaýyn geçirmek barada guralan wagyz-nesihat çäresine welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Süýjüli diabetiň 2-nji tipiniň utgaşmagynda ýüregiň işemiýa keselini bejermekde emel usullarynyň aýratynlyklary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär, häzirki zaman lukmançylyk şertleri döredilen hassahanalar, şypahanalar, anyklaýyş merkezleri halkymyza hyzmat edýär [1]. Bütin dünýäde ilatyň ölümçiliginiň esasy sebäbi ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK) bolmagynda galýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, bu keselden ölümçilik ähli ölümçiligiň, takmynan, 25%-ni tutýar [2].

Halk bähbitli beýik işler

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda halkyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak, arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça giň göwrümli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde N.F.Gamalei adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy we degişli şahadatnamany berdi.

Sadap dişleriňiz saglyk eçilsin

Keseliň aglabasy agyz boşlugy, dişler bilen bagly bolup durýar. Haçan-da dişlere kadaly ideg edilende, hem-ä olar sagdyn, owadan bolarlar, hem-de birnäçe ýokanç kesellerden goranyp bileris. Elbetde, dişlerimize kadaly ideg etmek öz elimizde bolup, onuň üznüksiz bolmagyny gazanmak gerek. Dişleri agşam ýatmazdan ozal, hökman arassalap ýatmaly. Diş ýuwlandan soň hiç zat iýmeli däl. Sebäbi gije dişde galan iýmit bölekleri çüýräp biler. Irden bolsa, ilki agzyňy suw bilen çaýkap, ertirlikden soňra diş ýuwulsa, has peýdaly bolar. Çünki şeýtmek bilen biz dişleriň arasyndaky iýmit galyndylaryny aýrarys. Dişler ýuwlanda, çotkany aşaky dişlerde aşakdan ýokary, ýokarky dişlerde ýokardan aşak hereketlendirmeli. Azy dişleri gapdallary, üstleri bilen ýuwmaly. Ýörite serişde bilen dişasty etleri hem ýuwmagy ýatdan çykarmaly däl.

Saglygyň we sagdynlygyň gymmaty

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda, olara garşy göreşmekde uly işler döwlet derejesinde guraldy. Bu uly göwrümli, yzygiderli amala aşyrylýan işleriň netijesinde, tapgyrlaýyn öňüni alyş sanjymlaryň netijesinde birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edildi we bu babatda abraýly halkara guramalary tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitleri ykrar edýän şahadatnamalar gowşuryldy. Olar bilen bir hatarda biziň ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň esasy sebäpleri bolan ýaramaz endiklere, nädogry iýmitlenmäge, hereketsizlik ýagdaýlaryň garşysyna netijeli işler edilip, fiziki işjeňligi gazanmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn iýmitlenmek babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu işleri ýokary derejede guramagy we özüniň şahsy görelde bolmagy netijesinde gazanylan sepgitlere hem abraýly halkara guramalary tarapyndan uly baha berilýär.

Luk­man­la­r mas­la­hat­ berýär

— Saglygyňy berkitmek we möw­süm­leýin ýi­ti ýo­kanç ke­sel­ler­den go­ran­mak üçin şu aşak­da­ky ka­da­la­ry ber­jaý et­mek mas­la­hat beril­ýär­. — Jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni da­kyn­ma­ly we howp­suz ara­ly­gy sak­la­ma­ly.