Saglygyň sargydy

16 Fewral 2021
1214

Lukmançylykda, adamlaryň arasynda-da düşünmeli we çözmeli zadyň biri hem keseliň haýsy ulgama, ýagny hirurgiýa ýa-da terapiýa degişlidigidir. Bu öran wajyp bolup, ol näsagyň keseliniň döreýşine, geçişine we bejergisine gönüden-göni täsir edýär. Meselem, terapiýa degişli keselleriň köpüsi adamyň durmuşda özüni alyp barşyndan gözbaş alyp, bejergisinde-de köp zatlary şahsyň ruhy we içki agzalarynyň işleýşine bagly bolup, näsagyň sagalmagyna göni täsiri bar. Bu kesellerde lukmanyň hereketi ikinji ýerde durýar diýsek ýalňyşmasak gerek. Terapiýa kesellerinde wagt näsag üçin işläp, onuň sagalmagyna esas bolup hyzmat edýär, köp halatlarda öý şertlerinde bejerip bolýar. Hirurgiýa kesellerinde onuň tersine, köplenç adamyň ösüşinde näsazlygyň barlygyny görkezip, lukmanyň hünär başarjaňlygyna we wagta bagly bolup, gyssanmaç dogry hereketi talap edýär.

Adamlarda uly bolsun, kiçi bolsun iç agyry köp duşýar. Ol ýönekeý zatdan başlap, gaty agyr geçýän kesellerde duşýar. Käbir adamlar agyry ýüze çykanda biperwaýlyk edip, agyry aýyrýan derman içýärler. Bular ýaly gylyk gaty ýalňyş bolup, soňy gaýra üzülmä getirmegi mümkin. Eger agyry çalt geçýän bolsa, onda onuň sebäbini biljek bolmaly, eger agyry ýarym sagatdan geçmese, onuň üstesine güýçlense, onda hökman lukmanyň maslahatyny almaly. Durmuşda araçäk ýagdaýlar hem köp düş gelinýär, onda meseläni lukman çözse laýyk bolar.

Çary NAZAROW,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty