HABARLAR

Saglyk — baş baýlyk

— Ýiti, göni düşýän Gün şöhlesinden başgaplary geýmek, saýawanlary ulanmak bilen goranmaly. — Tomus paslynda gezelenje çykylanda kiçi ýaşly çagalar uly adamlaryň gözegçiliginde bolmaly.

Önümleriň terligine ünsli bolalyň!

Ak bazarlarymyz ýylyň ähli paslynda-da güneşli Diýarymyzyň sahawatly topragynda bitýän ak-gök önümlerden doly bolýar. Tomus paslynda önüm bolçulygy has-da artýar. Şu günler öý bikeleriniň bakja önümlerinden dürli gaplamalary taýýarlaýan döwrüdir. Şol sebäpli-de önümler gaplanylýan wagtynda onuň düzgünlerini doly we dogry ýerine ýetirmek hökmanydyr. Eger-de arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmese, saglyk üçin howply ýagdaý emele gelip, iýmit zäherlenmesi döräp bilýär. Lukmanlarymyz iýmit zäherlenmesiniň zaýalanan, ýaramaz hilli önümleriň, kesel dörediji mikroblaryň üsti bilen döreýändigini aýdýarlar. Tagamlar taýýarlanylanda ýeterlik derejede gyzgynlyk ulanylmasa, taýýar iýmit önümleri nädogry şertlerde saklanylsa, möhletinden köp wagt duran bolsa, iýmit zäherlenmesine getirip bilýär. Olaryň iň howplulary stafilokokk we botulizm kesel döredijilerinde duş gelýär. Stafilokokk iýmit önümlerine düşende, oňa amatly şertler döräp, endotoksin bölüp çykarýar, şeýle bolsa-da, iýmit önümleriniň ysy, tagamy üýtgemän galyp bilýär. Keseliň alamatlary kellagyry, ýüzüň reňkiniň agaryp, sowuk der basmagy, ýürek bulanma, gaýtarma hem garnyň agyrmagy bilen başlanýar. Bedeniň gyzgynlygynyň 38 — 39 derejä çenli ýokarlanmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Suwda ýüzmegiň saglyga täsiri

Suwda ýüzmek sportuň özboluşly bir görnüşi bolup, ol biziň ýurdumyzda-da giň meşhurlyga eýedir. Onuň aýratynlygy, suw gurşawyndaky fiziki işjeňlige baglylygy bilen tapawutlanýar. Adam bedenine fiziki maşklar we suw gurşawy täsir edýär. Suwuň dykyzlygynyň howanyň dykyzlygyndan ýokary bolandygy üçin, adamyň bedenine agyryly ýagdaýa meňzeş duýgular berip, bu duýga garşy rahat ýagdaýda bolmaga mümkinçilik döredýär. Suwda ýüzülende onuň bedene täsiri deriniň üsti bilen başlanýar. Beden ýuwlup, deri arassalanýar, onuň iýmitlenişi we dem alşy gowulanýar. Suwuň dykyzlygyndan we basyşyndan başga-da, ýylylyk kuwwaty ýüzülýän wagtynda bedene oňat täsir edýär. Ýüregiň işini ýeňilleşdirýär, myşsalary gowşadýar we bogunlaryň işini gowulandyrýar. Suwda ýüzülende adamda köp tarapdan fiziologik üýtgeşmeler bolup geçýär.

Saglygymyz üçin peýdaly maslahatlar

Adam saglygyna peýdaly bolan Gün şöhlesini ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Sebäbi Gün şöhlesi diş we süňk dokumalaryna zerur bolan D witaminiň işlenip çykmagyna täsir edýär. Gezelençler ir säher, sagat 6-dan 9-a çenli, agşamlyk bolsa 18-den soň bolmaly. Gündiz daşaryk çykylanda kelläňe başgap geýmeli, ýaglyk daňmaly ýa-da saýawanly gezmeli.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde

Bagtyýar ýaşaýşyň kepili Şanly ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenýän ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, ilatyň saglyk abadançylygy üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda gowy netijeler gazanyldy. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Netijede, ilatyň saglyk ýagdaýy gowulandy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýa, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýok

Lukmanyň maslahaty

Ýandagyň dermanlyk häsiýeti

Ýandak ynsanyň jan saglygy üçin örän peýdalydyr. Ol köpýyllyk ösümlik bolup, dermanlyk häsiýeti örän uludyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde giňişleýin beýan edilýär. Halk tebipçiliginde ýandagyň 15 — 20 gram owradylan baldagy 0,5 litr gaýnag suw bilen 10 minut gaýnadylyp, gyzgynlygyna süzülýär. Şol melhemlik bilen dowamly (hroniki) we ýiti içagyry, sanjy, aşgazandaky ýara keselleri, onki barmak içegäniň keselleri, babasyl bejerilýär. Melhemi güýçli içgeçmede 4 — 10 günläp 100 — 200 millilitrden günde 3 gezek, nahardan öň içmeli, çagalara az möçberde hem-de ýygyrak bermeli. Enterkolit, sanjy ýüze çykanda hem ýokardaky möçberdäki melhemlik ulanylýar. Ýiti hem-de hemişelik gastritde bejeriş 5 — 10 gün bolup, ýiti görnüşli bolsa ýandagyň melhemini 1-2 aýlap 100 millilitrden günde 3 gezek nahardan öň içmeli. Örän ýiti gastritde ýandakdan alnan melhemlik ilki-ilkiler ýiti agyry döretmezlik üçin az-azdan, ýagny 2-3 nahar çemçesi möçberinde içilse, has peýdaly. Garyn-içegedäki ýaralary bejermekde ilki ýandak güllemänkä ýa-da ýaňy gülleýän döwri ýygylan ýandagyň suwy bolmaly. Bu melhemi ilki 20 — 30 gün içmeli. Soňra bolsa ýandagyň tohumlanandan soňky ýygylan baldaklaryn

Kanunlar ynsan saglygynyň goragynda

Ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Zyýanly endikler diňe bir saglyga zyýan ýetirmän, olar ösen döwletiň medeniýetine gabat gelmeýän närselerdir. Zyýanly endiklerden daşda durmak ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý bolmaklygyny gazanmaga mümkinçilik döredýär. Bu endiklere çilim çekmek, nas atmak, alkogolly içgileri içmek, az hereket etmek, nädogry iýmitlenmek, şahsy arassaçylygy berjaý etmezlik ýaly häsiýetler degişli bolup durýar. Çilim çekmegiň ynsan bedenine edýän ýaramaz täsirlerini hem-de onuň ilatymyzyň saglygyna howp salmagyny aradan aýyrmak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan çäreler toplumlaýyn häsiýete eýedir.

Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň saglygyny gorap saklamak boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Güneşli Diýarymyzda ynsan saglygyny goramak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Sporty ösdürmekde, ony durmuşa giňden ornaşdyrmakda amala aşyrylýan işleriň netijesinde sagdyn nesliň kemala gelip, olaryň sport äleminde öz orunlaryny tapýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle bolansoň, köpçülikleýin sporty ösdürmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde wajyp orny eýeleýän sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek, sagdyn, edep-terbiýeli nesli kemala getirmek maşgalanyň hem jemgyýetiň baş maksady bolup durýar. Döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň abadan durmuşy baradaky alada ata Watanymyzda bu ugurda alnyp barylýan syýasatda bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.

Suwda ýüzmegiň ähmiýeti

Aslynda sport hemmeler üçin zerur. Onuň islendik görnüşi bilen meşgullansaň-da saglygyň üçin örän peýdalydyr. Sportuň suwda ýüzmek görnüşi ynsan saglygyna has-da oňyn täsirini ýetirýär. Sebäbi sportuň bu görnüşi ähli beden agzalarynyň işini kadalaşdyrýar. Umuman, biziň hemmämiz akar suwy — deňzi, derýalary, çeşmeleri synlamagyň ynsanyň nerw dartgynlylygyny aýyrýandygyny bilýäris. Olarda suwa düşmegiň özi adamy has-da rahatlandyrýar. Şeýle-de, artykmaç agramyňy aýyrmaga kömek edýär. Käbir kesellerde lukmanlar näsaga suwda ýüzmegi maslahat berýär. Sebäbi suw saglygyňy berkidýär. Suwda ýüzmegiň ýüregiň kadaly işlemegine täsir edýändigini aýratyn bellemek gerek. Sportuň bu görnüşi bilen yzygiderli meşgullanýan adamyň ýürek urşy hemişe kadaly bolýar.