Bagtyýar ýaşaýşyň kepili
Şanly ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenýän ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, ilatyň saglyk abadançylygy üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda gowy netijeler gazanyldy. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Netijede, ilatyň saglyk ýagdaýy gowulandy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýa, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnama, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça Milli strategiýa, «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» kabul edilip, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi» diýip belleýşi ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamynda giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirildi. Bu babatda welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy» diýen dürdäne setirleri durmuşda ynsan üçin saglygyň ilkinji zerurlykdygyny görkezýär. Ähli nygmatlardan ýagşy hasaplanýan saglyk mazasy durmuşyň, dünýäniň ýakym-ýaraşygydyr.