HABARLAR

Sag­dyn­ly­k we ru­hu­be­lent­li­k

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy diý­lip yg­lan edi­len döw­le­ti­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­lary bi­len hal­ky­my­zyň aba­dan ýa­şaý­şy­ny, bag­ty­ýar­ly­gy­ny üp­jün et­mek, yn­san sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak ug­run­da­ky ala­da­lar döw­let sy­ýa­sa­ty­myz­da esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Şu esas­dan hem ýur­du­myz­da ýaş­la­ry sag­dyn­lyk he­re­ket­le­ri­ne çek­mek, spor­ty we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek ug­run­da giň ge­rim­li we ne­ti­je­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ata Wa­ta­ny­myz­da mil­li spor­tu­my­zy ös­dür­mek­dä­ki be­ýik öz­gert­me­ler özü­niň gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri bi­len ýü­rek­le­re eg­sil­mez joş­gun, kalp­la­ra yl­ham paý­la­ýar. Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin dö­re­dil­ýän giň şert­ler bol­sa sag­dyn jem­gy­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gi­ne şert dö­red­ýär.

Ylgamak we onuň saglyga täsiri

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýä we sporta döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berlen sport desgalarynyň, stadionlaryň, seýilgähleriň köpsanlysy, Ginnesiň kitabyna giren Aşgabat şäherimizdäki «Olimpiýa» şäherjigi bedenterbiýä-sporta uly ähmiýet berilýändiginiň alamatydyr.

Hereket — sagdynlygyň girewi

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Maşk et­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak, ýö­re­mek, we­lo­si­ped sür­mek, bag­la­ra we gül­le­re ideg et­mek — iş­jeň he­re­ke­tiň gör­nüş­le­ri bo­lup, bu­la­ryň haý­sy hem bol­sa bi­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni üp­jün ed­ýär. Gü­nü­ni iş otag­la­ryn­da ge­çir­ýän adam­lar ag­şam öýü­ne ba­ran­da, köp­lenç, öz­le­ri­ni aşa ýa­daw we sus­su­pes duý­ýar­lar. Mu­nuň se­bä­bi he­re­ket­siz­lik bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Eý­sem, he­re­ket­siz­li­giň ala­ma­ty haý­sy­lar? Ýe­ter­lik de­re­je­de iş­jeň bol­maz­lyk nä­me­le­re se­bäp bo­lup biler?!

Şäherde ylgamak

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ir sä­her­ler­de ýa-da seý­rek ýag­daý­lar­da ag­şam­la­ry­na şä­her kö­çe­le­rin­de yl­gaw edip ýö­ren adam­la­ryň, esa­sa­nam, ýaş­la­ryň duş gel­me­gi ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­niň ösü­şi­niň oňyn ala­ma­ty bo­lup dur­ýar. Eý­sem-de bol­sa şä­her mer­kez­le­rin­de yl­gaw et­mek şä­her etek­le­ri­niň, üm­süm şä­her­çe­le­riň kö­çe­le­rin­de, oba­la­ryň gum-guk­luk ýo­da­la­ryn­da yl­ga­mak­dan es­li ta­pa­wut­la­nyp bi­ler. Göz­ýe­ti­miň yn­san na­za­ry­na ýa­pyk­ly­gy­nyň özi eý­ýäm yl­gaý­jy­nyň dyz­maç ru­hu­ny bi­raz sy­ka­ja sa­lyp, onuň säh­ra­da­ky ýa­ly as­man bi­len ze­mi­niň bir­leş­ýän çy­zy­gy­na ýa-da alys­da se­leň­le­ýän dag­la­ryň ete­gi­ne ta­rap «ýa­şyl şe­mal de­ýin, ga­nat­ly de­ýin» (G.Ezi­zow) üm­dü­zi­ne tut­du­ryp gi­di­ber­me­gi­ne maý be­re­nok. Esa­sy päs­gel­çi­lik bol­sa şä­her gur­şa­wy­nyň yl­gaý­jy­ny her ädim­de se­re­sap bol­ma­ga mej­bur ed­ýän şert­le­ri bo­lup dur­ýar. Ýog­sam bol­man­da be­den­ter­bi­ýe jä­he­tin­den tu­tuş­ly­gy­na al­nan­da şä­her­de

Eziz ildeşler!

Güýz paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy içmegi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmekligi, witaminlere baý gök we miwe önümlerini iýmegi, şeýle hem maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris.

Sagdyn bolmagyň kadalary

Her paslyň özüne mahsus aýratynlygynyň bolşy ýaly, saglygy berkitmek bilen bagly düzgünleri hem bar. Aýratyn-da, pasyl çalşygynda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeklik zerur bolup durýar. Tomsuň salkyn güýze gezegini geçirmegi bilen, biziň her birimiziň möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmagymyz üçin şu aşakdaky düzgünleri berjaý etmegimiz gerek: Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Ynsan başynyň täji

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygyna öwrüldi. Häzirki wagtda sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek üçin ata Watanymyzda ähli mümkinçilikler bar. Saglygy goraýyş we dikeldiş merkezlerinde, şypahanalarda ýylyň islendik döwründe raýatlarymyzyň döwrebap dynç almagy, saglygyny berkitmekleri ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby häzirki wagtda dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda uly seslenme döredýär. Kitapda türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýeti ylmy taýdan esaslandyrylýar hem-de bejerijilik ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär. Ýurdumyzyň şypahanalarynda kitapda agzalýan dermanlyk ösümliklerden melhem çaýlar taýýarlanyp, saglygyny berkitmäge gelýänlere hödürlenilýär. Ýurdumyzyň ähli şypahanalary geçen sanlyja ýyllaryň içinde döwrebaplaşdyryldy, täze binalar guruldy.

Sagdynlyk ýörelgeleri rowaçlanýar

Halkymyz sagdynlygy, ruhubelentligi gadymy döwürlerden bäri mizemez durmuş ýörelgelerine öwrüp, nesilden-nesle geçirip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny gorap saklamakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler has-da rowaçlanýar. Sporty ösdürmekde, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmakda, zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreşmekde, daşky gurşawy goramakda tutumly işler amala aşyrylýar. Bular babatda iri möçberli taslamalaryň, maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzy sagdynlygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde dünýä äşgär etdi. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmek adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Güneşli Diýarymyz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýan ýurdudyr. Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň giň gerime eýe bolmagy üçin ýadawsyz aladalary edýärler. Bu ugurda badalga berilýän başlangyçlar üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň, esasanam, ýaşlaryň arasynda dürli sport çäreler

Saglygymyzy goramak öz elimizde

♦Güýz paslynyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň. ♦Sagdyn we kadaly iýmitleniň.

Güýz paslynda saglygy berkitmek üçin maslahatlar

— Güýz paslynda howanyň üýtgäp durmagyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň! — Sagdyn durmuş ýörelgesine eýeriň, zyýanly endiklerden daşda duruň!