HABARLAR

Ömür — öz gymmatlygymyz

Rahat uky saglygy berkitmegiň we harçlanan energiýany dikeltmegiň iň gowy usulydyr. Saglygy berkitmek üçin hökman 7-8 sagat ýatmaly. Rahat uky immun ulgamyny hem kadalaşdyrýar. Aç gezmek ýa-da artykmaç iýmek bularyň ikisi-de özüňizi duýşuňyza ýaramaz täsir edýär. Günüň dowamynda 1,5-2 litr möçberinde arassa suw içmek maslahat berilýär. Iýmitiňizdäki süýji önümleri azaldyň. Ter gök önümleri we guradylan miweleri köpräk iýmeli. Nahardan soň gezelenç etmeli, hereketde bolmaly. Gündelik iýmitiňize et we balyk, gök önümleri, miweleri, galla, süýt we süýt önümlerini goşmaly. Fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi madda çalşygynyň peselmegine, daýanç-hereket ulgamynyň kesellerine, ýürek-damar, nerw ulgamlarynyň näsazlyklaryna getirýär. Günde azyndan 1 sagat pyýada ýöremek maslahat berilýär. Eger-de oturyp işleýän bolsaňyz, arakesmede, hökman pyýada gezelenç etmeli.

Dem alyş maşklary

Käte dertden gutulan halatymyzda: «El bilen aýrylan ýaly boldy» diýmämiz bardyr. Munuň aňyrsynda halk tebipçiliginde asyrlaryň dowamynda ynsan bedenindäki bejeriş nokatlarynyň öwrenilip, şolary yzarlamak, owkalamak arkaly dürli keselleriň bejerilendigi baradaky hakykat ýatyr. Gündogar lukmançylygynda beden we dem alyş maşklarynyň hem sagaldyş görnüşleri işlenilip düzülipdir. Kesellere garşy göreşijiligi berkitmekde, ýoňlamagyň ýeňil geçmeginde dem alyş maşklarynyň täsiriniň uludygyny lukmanlar belleýärler. Biz hem meşhur türgenler tarapyndan yzygiderli peýdalanylýan maşklaryň käbirini size ýetirmegi makul bildik. Dem alyş maşklary bedeniň gyzgynlygy 38 gradusdan ýokary bolmadyk wagty geçirilmeli.

Nurana ýüzler — sagdynlygyň aýnasy

Oglanlaryň jahyllyk çaglarynda, gyzlaryň kämillik ýaşyna ýeten mahallarynda ýüzünde emele gelýän düwürtikler belli-belli sebäplere görä, deridäki ýag mäzleriniň işjeňliginiň kadadan ýokarlanmagy netijesinde ýüze çykýan näsazlyklardyr. Düwürtikleri bejermegiň ugur-ýollary kän. Emma beden gurluşlaryň biri-birine meňzeş bolmaýşy ýaly, olary bejermek hem dürli-dürlüdir. Düwürtikleriň käbirine derman serişdeleri haýyr etse, käbir görnüşine tebigy ýapgylar peýda edýär. Kähalatlarda olaryň ters täsir etmek ähtimallygy hem bardyr. Şonuň üçin bu meselede deri-wenerolog lukmanlara ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Saglyk — baş baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni bedew batly ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş ugry adam hakdaky alada gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleriň uly toplumy bellenendir. Şolaryň hatarynda azyk önümlerini ulanmagyň, adam bedeniniň zäherlenmeginiň öňüni almagyň wezipeleri hem uly orun eýeleýär. Azyk-iýmit önümleri öndürilende, saklanylanda, taýýarlanylanda, degişli ýerlere daşalanda bu ugra degişli senagat, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň, söwda nokatlarynyň işgärleri tarapyndan sanitariýa-gigiýenanyň, sanitariýa-epidemiki kadalaryň bozulmazlygyna uly üns hem ähmiýet bermekleri zerur hasaplanýar.

Melhemler mekany

Mähriban halkymyz bu gün hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşip, sagdyn jemgyýetçilik gurluşynyň aýdyň ýolundan bagtyýar geljege tarap aýgytly gadamlar bilen öňe barýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleri, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ata Watanymyzyň bu ugurda halkara guramalaryň birnäçe güwänamalaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilip, guwandyryjy netijeler gazanylýar.

Bedew batly ösüşler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar. Ata Watanymyzda döwrebap saglyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, milli sportuň ösdürilmegi, ýaş nesillerden başlap, ähli ýaşdaky raýatlarymyzda sagdyn durmuş endikleriniň kemala getirilmeginde hem möhüm ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýola goýlan saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýadyny düýpli kämilleşdirmek işleri bu gün köpugurly we netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde döwrüň ösen lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalardyr saglygy goraýyş merkezleri yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem köpsanly saglyk öýleridir hassahanalar ildeşlerimize bökdençsiz hyzmat edýär. Welaýatymyzda 2022-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalary dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu saglygy goraýyş edaralarynyň halkara güwänamalaryň hem birnäçesine mynasyp bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Olar näsaglar

Täze binalaryň şuglasy

Ýaşaýşyň ýaraşygy

Ata Watanymyzyň şöhratly geçmişini öwrenmek, şu günki gazanan üstünliklerimize buýsanyp, halal zähmet çekmek, bilim almak, döretmek her birimiz üçin uly bagtdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik şahsy göreldeleri biz — ýaşlar üçin baş ýörelgedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ýaşlary sporta çekmäge aýratyn uly üns berilýär. Munuň özi sagdyn we ruhubelent ýaşlary terbiýelemäge gönükdirilendir.

Bar nygmatdan ýegdir, saglyk mazasy

Dünýä belli alym Ibn Sinanyň belleýşi ýaly, adam saglygy daşky gurşaw bilen baglydyr. Sagdynlyk — ynsanyň başynyň täji. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde-de ýurdumyzyň baş baýlygyna deňelýän il saglygyny goramak bilen bagly parasatly pikirler öz beýanyny tapypdyr. Şahyr: «Bar nygmatdan ýegdir, saglyk mazasy» diýmek bilen, saglygyň dünýe malyndan gymmatlydygyny belleýär. Häzirki günlerde howanyň üýtgäp durmagy we pasyl çalyşmagy bilen möwsümleýin keselleriň ýüze çykmak ähtimallygy artýar. Şuňa görä möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen saglygymyza has-da esewan bolmagymyz gerek. Zyýanly mörjewler arassa howada uzak ýaşap bilmeýär. Şonuň üçin hem öý-içerini tämiz saklamaly, çygly arassaçylyk işlerini ýygy-ýygydan geçirmeli. Içerini ýelejireden wagtyňyzda şemal çekýän ýerde durmak, sowadyjyda duran suwy içmek maslahat berilmeýär. Şahsy arassaçylyk kadalarynyň pugta berjaý edilmegi keselden mäkäm goranmaga kömek edýär. Elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Üsgüreniňizde, asgyranyňyzda, agzyňyzy, burnuňyzy birgezeklik elýaglyk bilen ýapmaly.

Tebigatymyzyň melhemlik ösümligi

Ýandak — kösükliler maşgalasynyň adybir urugyna degişli bolmak bilen, köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Gymmat bahaly dermanlyk, ot-iýmlik, bal beriji bu azyklyk ösümligiň dünýäde we ýurdumyzda birnäçe görnüşi duşýar. Onuň kökünde krahmal, witaminler, karotin, antraglikozidler, otunda triterpenoidler, saponinler, flawonoidler bar. Tikenekli şahalarynda, ýapraklarynda, güllerinde organiki turşulyklar, flawonoidler, bulardan başga-da, ýandakda natriý, kalsiý, magniý, demir, allýuminiý, titan, fosfor, margenes, kremniý saklanýar. Lukmançylykda ýandak — ganly içgeçmede, tonzilitde, stomatitde, ginekologik kesellerde, şeýle hem derlediji, iç sürüji serişde hökmünde ulanylýar. Halk lukmançylygynda ýandagyň otundan taýýarlanylýan jöwheri we peti köplenç aşgazan-içege, öthalta, dalak, bagyr, böwrek, ýürek-damar kesellerinde peýdalanylýar. Sowuklama keselleri zerarly dörän gurak üsgülewügi ýumşatmak üçin hem içilýär. Ol gan basyşyny kadalaşdyrýar.