HABARLAR

BELENT YKRARNAMANYŇ HORMATYNA

Ir säher bilen oýanyp hereket etmegiň, mümkin bolsa, ylgamagyň haýry dogrusynda dünýä metbugatynda müňlerçe makalalar bar. Olaryň ählisinde-de bir pikir: munuň saglygymyz üçin örän peýdalydygy goldanylýar. Ýöne irdenki hereket dagda bolsa, munuň peýdasyny göz öňüne getirip görüň! Daglylaryň tekiz giňişlikde ýaşaýanlardan has sagdyn, has daýaw bolýandygyny bilýänsiňiz. Edil şolaryň ýaly duýgular özüň daga çykanyňda hem kalbyňda peýda bolýar. Noýabryň ikinji gününde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň 6 müňden gowragy ir säher bilen şu duýgulary başdan geçirdiler. Mälim bolşy ýaly, şol gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň teklibi we öňbaşçylyk etmegi bilen Köpetdaga merjen monjuk düzüp oturan Saglyk ýolundan geçildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul etmeginiň hormatyna geçirildi. Adamzady hemişe parahat ýaşamaga çagyrýan, bu maksadynda-da sporty esasy gural edinýän ýurdumyz täze ykrar edilen başlangyjy bilen täze sport ýaryşynyň döredilmegini gazanyp, adamzady jebisleşdirmekde möhüm ädimleriň ýene birini ätdi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn görelde görk

«Sahawat sagadata sebäp»

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet taglymatynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynda ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan çagalar, ýaşlar, geljek baradaky alada jemgyýeti jebisleşdirmegiň, döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň, depginli ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň, onuň işiniň yzygiderli giňeldilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi türkmen halkynyň özboluşly ynsanperwer ýörelgelerinden gelip çykýar. Bilşimiz ýaly, 7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler, onuň serişdeleriniň sarp edilişi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakynda hasabatlar diňlenildi.

Lukmançylyk klasteri: saglykda döwrebap önümçilik

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berýäris. Şäherde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň durmuşa geçirýän işleri muňa şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň binalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi jemgyýetiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny görkezýär.

Bilim — geljege şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän nesil hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň binýadyny berkitmek, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak baradaky tabşyryklary netijesinde amala aşyrylýan beýik işler uly üstünliklere beslenýär. Bilşimiz ýaly, ylym-bilim islendik pudagy ösdürmegiň ilkinji şertidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly aýratynlygy ylym-bilim ulgamynyň çalt depginlerde ösdürilmeginde, ykdysady kuwwatyň ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli ulanylmagynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagynda, şeýle hem beýleki pudaklar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş pudagynyň kämilleşdirilmeginde has-da aýdyň duýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda hem saglygy goraýyş ulgamynyň binýatlyk kuwwatyny berkitmek, bu ugurdaky ylmy gözlegleri innowasion tehnologiýalar esasynda yzygiderli ösdürmek ugrunda netijeli işler amala aşyryldy. Paýtagtymyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, 250 orunlyk Halkara

Mähribanlyga ýugrulan aladalar

Çagalar durmuşyň gülüne meňzedilýär. Olar nurana ýylgyryşy bilen tutuş barlyga ýylylyk, mähir, söýgi paýlaýarlar. Durmuşyň lezzeti, ömrüň manysy çagalar bilen has-da goýazylaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ösüşler, üstünlikler ýaş nesliň röwşen geljeginiň bähbidine amala aşyrylýar. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde seredilen meselelerden, kabul edilen möhüm çözgütlerden hem aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüztutmalar esasynda näsag çagalara jemi operasiýalaryň 500-den gowragynyň, üstümizdäki ýylda bolsa 261-siniň geçirilmegi, köpsanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň amala aşyrylmagy, saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilmegi netijesinde körpeleriň ýüzlerçesi saglygyna gowuşdy, olaryň hossarlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň bolsa iň uly ýür

Saglygymyz özümize bagly

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Täze, 2025-nji ýyly mähriban halkymyz uly zähmet sowgatlary bilen garşylaýar.  Täze ýyl baýramynyň gelmegi bilen, aýratyn hem, çagalaryň şatlygy goşalanýar. Her bir öý bikesi Täze ýylda saçagyny giňden ýazyp, dürli-dümen naharlar, işdäaçarlar, süýjülikler bilen bezemäge çalyşýar. Şunda Täze ýyl baýramçylyk saçagyndaky iýmitler babatda arassaçylyk talaplaryny pugta berjaý etmeli, önümleriň saklanyşyna, möhletine ünsli bolmaly.

Saçlaryňyz sagdynmy?

Ynsan gözellikleriniň biri saçlarymyzdyr. Olaryň sagdyn, owadan bolmagy üçin dogry ideg etmek gerek. Häzirki wagtda kosmetiki serişdeleriň kämilleşmegi bilen şampun, sabyn, balzam, losýon ýaly önümleri ulanýarys. Ýöne ene-mamalarymyzdan gelýän öý şertlerindäki saç ideglerini ulanmak hem saçlarymyza örän gowy täsir edýär we olaryň gür, owadan bolmagyna ýardam berýär. Ene-mamalarymyz gadymdan bäri gatyga, süzmä saçlaryny ýuwupdyrlar. Gatyk, esasan-da, gyş paslynda saça ideg etmekde iň köp ulanylýan peýdaly serişdeleriň biridir. Çünki ol B we E ýokumlaryna, beloklara, kalsiýa hem-de beýleki ýokumly maddalara diýseň baýdyr. Bu ýokumlar bolsa saçy iýmitlendirmek bilen, olaryň gür we lowurdap durmagyna getirýär.

Uzak ýaşamagyň syry

Beden üçin işjeňlik fiziologiki zerurlyk bolup, ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Könelerimiz: «Hereket bereketdir» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Hakykatdan-da, hereket bereket bolmak bilen bir hatarda sagdyn, syratly bolmagyň hem ilkinji açarydyr. Alymlaryň bellemeklerine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olaryň biri fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak, beýlekisi bolsa dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler. Näsag adamlar bu düzgünleri berjaý etseler, saglygyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik alýarlar. Hereketsizlik we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa taýdan deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Munda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Munuň özi aşa semizlige eltýär. Şeýle-de gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoparozyna, ýürek-damar, oňurga, süýji, kelle-beýni keselleriniň we howply täze döremeleriň käbir görnüşiniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şuňa görä günüň dowamynda 30 minut bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeklik maslahat berilýär. Her gün bary-ýogy 30 minut işjeň türgenleşik adamyň saglyk ýagdaýynyň düýpli berkemegine ýardam edýär.

Ýaşaýyş gözelligi

■ Gyş paslynda ýüze çykýan ýiti respirator wirusly kesellerden goranmaly. ■ Bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrmak üçin bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.

Tansyň saglyga täsiri

Taryhy ýazgylardan we arheologik tapyndylaryň ýüzündäki wakaly suratlardan milli tanslaryň döreýşi barada örän gyzykly maglumatlara göz ýetirýärsiň. Dürli halklar irki döwürlerden bäri özboluşly aýdym-sazlary we tanslary döredipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda belleýşi ýaly, milli tanslar joşgunly ylhamyň, paýhas akabasynyň asyrlara ýaň salan ruhy ýörelgesidir. Milli tanslar ynsan kalbynyň şatlygynyň, bagtyýarlygynyň, buýsanjynyň hereketler arkaly beýanydyr. Tans etmek adamyň ruhuny göterýär. Alymlaryň pikirine görä, tans adamlaryň saglygyna-da peýdaly. Üstesine-de, diňe fiziki däl, eýsem, ruhy saglygyna-da oňat täsir edýär. Bilermenleriň geçiren barlagynyň netijesinde tansyň adamyň degna ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýandygy äşgär edildi. Tans beýniniň içindäki utgaşyklygy üpjün etmek bilen, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar.