Miwesi hem, ýapragy hem peýdaly

18 Dekabr 2024
100

Güneşli ülkämizde bitýän ösümlikleriň köpsanlysynyň bejerijilik häsiýete eýedigini ylmy maglumatlar tassyklaýar. Şolaryň hatarynda injir aýratyn orny tutýar. Onuň miwesi, ýapraklary melhemlik serişde hökmünde ulanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda bu barada giňişleýin durlup geçilýär.

Injiriň düzüminde adamyň gan damarlarynda dykynyň döremeginiň öňüni almaga ukyply maddanyň bardygyny häzirkizaman ylmy kesgitledi. Şeýle hem injiriň düzümindäki asetilsalisil turşusyna (aspirin) meňzeş maddalar we efir ýaglary gany suwuklandyrýar we kelle-beýni gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Bu bolsa döredijilik bilen meşgullanýan adamlar üçin has hem peýdalydyr. Halk lukmançylygynda injiriň süýtde gaýnadylan gaýnatmasy ýa-da sykylyp alnan şiresi ýokarky dem alyş ýollarynyň kesellerini, damagyň, traheýanyň, bronhlaryň sowuklamasyny, bronhoektaz keselini bejermekde ulanylýar. Degna ulgamyny berkidýändigi, öýjükleriň ýaşaýyş ukyplylygyny we bedeniň işjeňligini ýokarlandyrýandygy, ýadawlygy aýyrýandygy sebäpli ysgynsyzlykdan, gowşaklykdan saplanmak ýa-da agyr kesellerden soňky dikeldiş döwrüni tizleşdirmek, epilepsiýa tutgaýlarynyň öňüni almak üçin injiriň ter miwesini iýmek maslahat berilýär.

Rahman HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby-lukmançylyk müdirliginiň N-nji harby bölüminiň serkerdesiniň orunbasary, epidemiologiýa bölümçesiniň müdiri, lukmançylyk gullugynyň uly leýtenanty.