HABARLAR

Asuda hem sagdyn durmuşyň goragynda

Raýatlaryň asuda, eşretli, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ömrüni, saglygyny, kanuny hukuklaryny goramak, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda hemişe öň hatarda durýan wezipelerdir.  Jemgyýetimizde asudalygy goramak bilen birlikde, her bir raýatyň öz kanuny hukuklaryna, borçlaryna düşünmegini, ýaşlaryň edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen wagyz-ündew, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirip durmak biziň — polisiýa işgärleriniň esasy wezipelerine degişlidir. Kanuny talaplaryň, tertip-‑düzgüniň berk berjaý edilmegini gazanmak jemgyýetimiziň hemişe asuda bolmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Esasan hem, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, Watana, Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize, il-güne wepaly, ýokary adamkärçilikli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin tejribämizi, başarnygymyzy gaýgyrmaýarys.

Sagdyn nesil — ýagty geljek

Mähriban çagalar, «Güneşiň» saglyk burçy» sahypasynda bu gezek size hoş habar bilen peýdaly maslahaty utgaşykly ýetirmegi makul bildik. Ol nähili diýýärsiňizmi? Aýtsam, çagalar, ol şeýle. Ýurdumyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Bu kärhana şu wagta çenli saglygy goraýyş ulgamynda peýdalanylýan lukmançylyk serişdelerini, pamyklary, agyz-burun örtüklerini, başgaplary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini... öndürýär. Bilýäňizmi näme, indi «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Olar şu aşakdaky görnüşlerdir:

Saglygyň gadryny bilgil...

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar: Pasyl aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli.

Saglyk, sport hem-de bilim — bagtyýarlygyň binýady

Her bir döwletiň ösüşi ondaky esasy ugurlaryň kämilligi, döwrebaplygy bilen seljerilýär. Hut şonuň üçin ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim we sporta aýratyn üns berilýär. Elbetde, sözümiziň subutnamasy hökmünde ady agzalan ulgamlar bilen baglanyşykly Diýarymyzda geçirilýän halkara maslahatlarydyr sergileri aýtmak bolar. Ynha, şu günler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär. Bu foruma Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenleri hem-de hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar.

Saglyk — bagtyýarlygyň sakasy

Watan düşünjesi özüniň beýikligi, gymmatlygy, şeýle-de çuňňurlygy bilen gaýry düşünjelerden tapawutlydyr. Bilermenleriň aglabasy hem bagtlylygyň manysyny düşündirenlerinde, ony ynsanyň ýaşaýan topragy bilen baglanyşdyrýarlar. Çünki Watan düşünjesi ýüreklerde ýaşaýar. Onsoň, niçikmi, ýüregiňde ýaşaýan gymmatlykdan, beýiklikden gaýry saňa lezzet berjek başga näme bolsun?! Bu gün bagtyýarlygyň eşretlerini görüp hem duýup ýaşaýan halkymyzyň guwanjy çäksizdir. Çünki biziň Diýarymyz hut bagtyň mesgenidir. Döredilip berlen bu ummasyz ajaýyplyklaryň sakasynda bolsa peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk üns-aladalary bar. Äleme nusgalyk tagallalaryň netijesinde bolsa, her bir ulgamda ösüşe sary ilerleýän ýurdumyzyň abraýy günsaýyn dünýä giňişliginde aýdyň şöhlelenýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi hem şaýatlyk edýär. * * *

Sagdyn durmuş — eşretli ýaşaýyş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmekde hem ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şu hakykatyň aýdyň mysaly hökmünde düýn paýtagtymyzda açylyp ulanylmaga berlen Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezlerini agzamak bolar. Munuň özi biziň ýurdumyzda türkmen lukmanlaryna dürli keselleri anyklamakda we bejermekde has netijeli täzeçil usullary ulanmaga mümkinçilik berer. Diňe bir paýtagtymyz Aşgabatda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde, ençeme etraplarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap saglygy goraýyş we dikeldiş merkezleri gurlup ulanylmaga berildi. Bu günki gün ýurdumyzyň raýatlary dünýä ülňülerine laýyklykda gurlup, iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman saglyk merkezlerinde ýokary derejeli lukmançylyk kömegini alýarlar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli

Şu gün — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni

Ynsan saglygy — ýurduň baş baýlygy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Diňe bir paýtagtymyz Aşgabatda däl, eýsem, ähli welaýatlarda döwrebap saglyk öýleri, hassahanalar, saglygy goraýyş, keselleri anyklaýyş merkezleri, Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek», «Ene mähri» merkezleri, etrapdyr şäherlerimizde, hatda iň alys obalarymyzda hem döwrebap saglyk merkezleri, saglyk öýleri gurlup ulanmaga berilýär.

Keremli topragyň tenekar iýmişleri

Sahawatly türkmen topragynda bitýän miwedir ir-iýmişler, gök-bakja önümleri ýokumlylygy, jana tenekarlygy bilen tapawutlanýar. Olardan taýýarlanylan kakadylan önümler, gury iýmişler hem ynsan saglygy üçin peýdaly witaminleriň, maddalaryň esasy çeşmesidir. Miweler kakadylanda düzümindäki suwuň bugarmagynyň hasabyna kişdedir kişmişiň bir gramynda saklanýan ýokumly witaminleriň möçberi artyp, bedeni gurplandyryjy häsiýeti has ýokarlanýar. Kişmiş — ak we gara üzümiň kişmişi kaliý maddasyna baý bolup, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. Halk tebipçiliginde kişmişiň degna dartgynlylygyny köşeşdiriji, rahatlandyryjy häsiýetleriniň bardygyna göz ýetiripdirler. Häzirki wagtda ylym hem kişmişiň nerw öýjükleriniň dartgynlylygynda, dowamly degna argynlygynda haýyr edýändigini subut etdi. Onuň düzümindäki B1, B2, B5 toparlaryna degişli bolan witaminler nerw ulgamyna köp agram salýan akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlar üçin has peýdalydyr. Kişmişde saklanýan fosfor, magniý, demir elementleri össürim, çagalaryň we ýetginjekleriň synalaryny taplaýar.

Ibn Sinanyň melhemlerinden

Alma. Ter alma ýüregi, şeýle hem gowşak aşgazany berkidýär. Hamyra salnyp bişirilen alma ganly içgeçmäniň emidir. Işdäsi tutulýan adamlar hem almany şeýle bişirip iýseler, işdäsiniň açylmagyna peýdasy kändir. Alma ýapragy we sykylyp alnan şiresi ýapgy edilse, dömme çişleriň täze dörän mahalynda peýdalydyr. Beýi. Bişirilen beýi ýeňil we peýdaly iýmitdir. Ony bişirmek üçin tegelek kesip, şänigini çykarmaly we onuň ýerine bal çalyp ýapmaly. Beýiniň sykylyp alnan şiresi demgysma keselinde peýdalydyr. Şeýle hem ol şire aşgazany berkidýär, teşneligiňi gandyrýar. Beýiden işdäňi açýan içgi taýýarlanylýar. Bal garyp gaýnadylan beýi has güýçli täsir edýär.

Sagdynlyk — röwşen geljek

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet gurluşynyň ähli ugurlaryny ösdürmek bilen bir hatarda, halkymyzyň saglygyny goramak, ruhy taýdan baý we beden taýdan kuwwatly, kämil bilimli nesilleri kemala getirmek meselelerini durmuş ugurly döwlet syýasatynyň özeninde goýdy. Merdana pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý milli tejribesine daýanyp, tutuş jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýola goýmak, ýurtda ýaşaýan her bir adamyň köpçülikleýin sporta işjeň gatnaşmagyny gazanmak, bedenterbiýäni ösdürmek, şeýlelikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş medeniýetini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu beýik başlangyçlar özüniň datly miwelerini hem berýär. Saglyk — jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda, ilkinji nobatda, saglyk-amanlyk soraşylýar. Irden görşülende hem «Sag-aman ördüňizmi?» diýlip sowal berilýär. Adamlaryň saglygy baradaky alada, jemgyýetde zenan maşgalalara, çagalara we gartaşan adamlara nähili garalýandygy bilen hem baglany