Ylmy-ensiklopedik neşiriň XVI jildi
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Binanyň giň eýwanynda Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň türkmen edebiýatyny, bilim-ylym ulgamyny, halkymyzyň milliligini, däp-dessurlaryny, durmuşyny baýlaşdyran dürli ýyllarda çap edilen gymmatly eserleri, ylmy işleri, şeýle hem «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan melhemlik çaýlaryň we suwlaryň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir.