Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatda tutumly işler durmuşa geçirilip, adam baradaky alada naýbaşy orunda goýulýar. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletimizde saglyk maksatly desgalaryň ençemesi gurlup ulanmaga berilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketi ösdürilýär, sagdyn durmuş ýörelgeleri jemgyýetimize giňden ornaşdyrylýar. Ata Watanymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň uly ösüşleri gazanmagyny, belent sepgitlere ýetmegini şol tutumly işleriň netijeleri hasaplamak bolar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belleýşi ýaly, saglygy goraýyş düzümleriniň işleri döwrebap derejede kämilleşdirilýär, ylmyň gazananlaryna daýanýan öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi munuň subutnamasydyr. Saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan lukmançylyk serişdelerini öndürmäge niýetlenen kärhana degişli önümlere bolan islegleri kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.