HABARLAR

Semizlik

Semizlik — bu bedende ýag dokumasynyň artykmaç toplanmagy bolup, özbaşdak ýa-da dürli keselleriň esasynda ýüze çykýan keseldir. Semizlik süýjüli diabet, howply çişiň käbir görnüşleri, önelge ulgamynyň işiniň bozulmagy ýaly agyr keseller bilen bile geçip, ýürek-damar keselleriniň döremeginde esasy sebäpleriň biri bolup durýar. Semiz adamlarda süýjüli diabet, iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri, howply täze döremeler ýygy duş gelýär. Şeýlelikde, semizlik, ýagny artyk agramlylyk näsaglaryň gündelik ýaşaýşynyň hiliniň erbetleşmegine, ömrüniň dowamlylygynyň gysgalmagyna getirýär.

Her damjasy şypaly suw

Ýeriň çuňlugyndan çykýan gyzgyn ýa-da ýyly mineral suwlaryň bejeriji häsiýetleri irki döwürlerden bäri mälimdir. Köplenç, bu tebigy guýularyň suwlary ynsan saglygy üçin peýdaly dürli minerallara baý bolýar. Ýerden çykýan suwlaryň gyzgynlygynyň dürli derejede bolmagynyň sebäpleriniň biri-de olaryň çuňluklardan syzylyp gaýdýanlygydyr. Dünýäde şeýle suwlaryň gyzgynlygynyň 97 derejä ýetýänleri hem bar.

Näme üçin öňüni alyş sanjymy edilýär?

Güýz paslynda möwsümleýin wiruslaryň döredýän kesellerinden has köp duş gelýäni ýiti respirator wirusly ýokançlar we dümewdir. Bu kesellere garşy göreş immuniteti pugtalandyrmak, näsaglar bilen durmuş galtaşyklaryny çäklendirmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, ýaşaýyş üçin derwaýys maddalara baý önümler bilen iýmitlenmek, hereket işjeňligini saklamak, umuman, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamak, öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek boýunça çäreleri öz içine alýar. Keselleriň öňüni alyş sanjymlary immunitetiň ýokançlara durnuklylygyny, kesel dörände bolsa oňa garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Halk köpçüliginiň arasynda: «Immuniteti berk bolan adamlar kesellemeýärler» diýen pikir ýörgünli. Başda-da bellenilişi ýaly, immunitetiň berk bolmagy bedeniň kesellerden goraglylygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýöne munuň özi berk immunitetli adamlara wiruslaryň ýokuşmaýandygyny aňlatmaýar. Kesel dörediji mikroorganizmler howa-damja ýoly, şeýle-de näsag hem-de onuň ulanan zatlary bilen durmuş galtaşyklary arkaly islendik adamyň bedenine aralaşyp, kesel döredip bilýärler.

Il saglygy – ýurt baýlygy

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Her ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu şanly sene mynasybetli birnäçe iri çäreler geçirildi. Paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary şol çäreleriň esasylarynyň biri boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Gymmatly gollanma

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga, lukmançylygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn üns berlip, bu ugurda amala aşyrylýan işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň halkymyza gowuşmagy-da munuň aýdyň subutnamasyna öwrülen şanly waka boldy. Milli Liderimiziň türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky ylmy-ensiklopedik işi ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenler, şol sanda bu ugurdan bilim alýan talyplar üçin hem gymmatly gollanmadyr. Sahawatly türkmen topragynyň dermanlyk häsiýetleri özünde jemleýän, dürli keselleri bejermekde peýdalanylýan ösümliklere baýdygy asyrlarboýy mälimdir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň üsti bilen ýurdumyzyň dermanlyk tebigy gorunyň bejerijilik häsiýetlerini, halk lukmançylygynda we ylmy taýdan peýdalanylyşyny, dermanlyk ösümlikler arkaly näsaglary bejermegiň aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Dermanlyk otlaryň ýüzlerçe görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylary türkmen halkynyň lukmançylyk ylmyna uly goşant goşma

Sagdyn iýmitlenmegi ündedik

Ata Watanymyzyň her bir raýatynyň jan saglygy ähli zatdan ileri tutulýar. Olaryň sagdyn iýmitlenmekleri, medeniýetli dynç almaklary bolsa iň zerur zatlaryň biridir. Munuň şeýledigini biz Türkmenabat şäherindäki edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň arasynda bolanymyzda we hassahanamyza ýüz tutýan ildeşlerimiz bilen söhbetdeş bolanymyzda birin-birin düşündirýäris. Ýakynda hassahanamyzda bejergi alýan ildeşlerimiziň arasynda «Sagdyn iýmitlenmek ömrüňize ömür goşar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. Hassahananyň bu ugurdan tejribesi ýetik lukmanlary bejergi alýan raýatlara sagdyn iýmitlenmek, beden saglygyny goramak dogrusynda degerli maslahatlaryny berdiler.

Sanjymlar ― saglygyň girewi

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sanjym etmekde ägirt uly öňegidişlikler gazanyldy. Bu bolsa immunizasiýanyň derejesini ýokarlandyryp, ynsan saglygyny goramakda möhüm ädimdir. Etrabymyzdaky orta mekdeplerde bilim alýan 9 ýaşly oglan-gyzlara adamyň papilloma wirusyna garşy ýörite meýilnama laýyklykda sanjymlary üstünlikli amala aşyrdyk. Bu sanjym arasy 6 aýdan iki sapar mugt görnüşinde geçirilýär. Ýeri gelende, 2016-njy ýylda bu sanjymyň ýörite meýilnama girizilendigini belläp geçmek möhümdir. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyndan maslahat berlişi ýaly, bu sanjym bedeniň papilloma ýokanjyna garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Ol rekombinant tehnologiýasy esasynda taýýarlanylýar we adam üçin zyýansyzdyr.

Möwsümleýin kesellerden ägä bolalyň!

Möwsümleýin ýiti respirator keseller ýokanç bolup, adamda gyzgynyň ýokary galmagy, kellagyry, beden-bogun agyrylary, ysgynsyzlyk, üsgülewik, burun dykylma, bokurdagyň gysylmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Töweregiňdäkilere ýokuşdyrmazlyk üçin keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykandan, lukmana ýüz tutmaly. Keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin näsag aýry otagda bolmaly. Näsag tiz-tizden gyzgyn çaý we derman otlaryndan taýýarlanan içgileri içmeli.

Saglygy goramagyň hukuk binýady

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly eserinde döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň takyk ugruny kesgitlemek bilen: «Milletiň saglygy özünde jemgyýet we döwlet üçin esasy serişdäni hem-de hakyky gymmatlygy jemleýär» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýola goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda adam saglygy hakynda edilýän alada ýurdumyzda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, parasatly başlangyjy bilen eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmekde düýpli işler amala aşyrylýar.

Milli fitoterapiýanyň ylmy beýany

Häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky durmuşa ornaşdyrylýan ähli özgertmeler halkymyzyň saglygyny gorap saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň on altynjy jildi hem saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine uly sowgat boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edilen bu ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde geçirilip, bu düýpli ylmy işiň XVI jildiniň neşir edilmeginiň diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin däl-de, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp sowgatdygy bellenildi. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilen bu ylmy işiň lukmanlaryň güneşli Diýarymyzyň dermanlyk ösümliklerini peýdalanyp, näsaglary bejermek, keselleriň öňüni almak, şeýle-de asyrdan-asyra geçip gelýän ata-babalarymyzyň baý lukmançylyk mirasy bilen gyzyklanmasyny dowam etdirmäge giň mümkinçilik berýändigini bellediler.