Durmuş gymmatlygy

16 Oktýabr 2024
273

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar Diýarymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda ösen, döwrebap milli saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Maksatnamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, saglygy goraýyş-anyklaýyş, bejeriş-dikeldiş we şypahana-dynç alyş düzümleri döredilip, olaryň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän döwrebap binalary gurlup ulanmaga berildi.

Golaýda, ýagny ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylan, döwrebap 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açyldy. Bu, elbetde, ähli halkymyz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Pederlerimiz hem «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Bar zadyň sakasy saglyk» ýaly pähimleri döredip ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet beripdirler. Halkara derejeli täze gurulýan saglygy goraýyş merkezlerinde häzirki wagtda işine örän ezber, kämil derejeli ýaş lukmanlarymyz, şepagat uýalarymyz ýadawsyz zähmet çekýärler. Ajap eýýamda gurlup ulanmaga berlen saglygy goraýyş desgalarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylyşy we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan iri bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň sazlaşykly işlemegi, her ýylda ýokary bilimli ýaş lukmanlaryň ýüzlerçesiniň ýetişdirilmegi bu ugurdaky işleriň netijeliligine uly ýardam edýär.

Dünýägözel BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça esasy hünärmeni.