Beýik akyldary gören şatut
Gojaman Jeýhuny ýakalap oturan Idris baba medresesine baranyňda, ilki bilen, ol ýerdäki taryhyň kän wakalaryny özünde saklap oturan tut agajyna gözüň düşýär. Bu keramatly topraga zyýarata baranlar hem şatuduň taryhy bilen hökman gyzyklanýarlar. Oba ilaty «Bu tut agajyny medresäniň hatdaty Nyýazguly halypa ekipdir» diýip gürrüň edýärler. Şeýle bolsa, bu gadymy agaç 300 ýyl dagy ýaşandyr, belki, ruhy atamyz Magtymguly bilen ýaşytdaşdyr. Magtymguly Pyragynyň okan ýyllarynda bu tut şaha ýaýyp, saýa salan, bol hasyl getiren agaç bolmaly. Akyldar şahyrymyz onuň saýasynda oturyp, ajaýyp eserleriň, gör, näçesini döredendir, miwesinden dadyp görendir diýip oýlanýarsyň. Garrylyk müçesine ýeten oba adamlary ýetginjek wagtlary goja tuduň süýji tagamly tudanalaryny iýip hezil edendiklerini ýatlaýarlar. Asyrlaryň şaýady bolan bu şatudy keramatly hasaplaýarlar. Idris baba medresesine zyýarata barýanlaryň yzy üzülmeýär. Diňe bir Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary däl, oňa paýtagtymyzdan hem, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem barýanlar kän. Oba adamlary bu ýere goňşy Owganystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, şeýle-de Saud Arabystanyndan, Siriýadan, Beýik Britaniýadan hem zyýaratçylaryň gelendiklerini aýdýarlar. Diýmek, Magtymguly atamyzyň gadamy düşen keramatly to