HABARLAR

Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna

Şanly sene — şahyryň şanly senesinde! Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda dünýä inýär. Çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky mekdep-internatda okaýar. Ol 13 ýaşyndaka, «Pagta meýdanyndaky dynç alyş» atly suraty Çaga suratkeşleriniň bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar.

«Türki dünýäsiniň medeni paýtagty»

— Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri‑biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar. — Taryha akyl ýetirmek bilen duýgy birleşende, watançylygyň nesillere nusgasy döreýär.

Arşda laçyna deň, ýerde — jerene

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Çyn bedewler meýdanynda bellidir» diýip, waspyny ýetiren ahalteke bedewleri bu günki günde aýlawlary baglaýar. Halkymyz: «Gapyňda at dursa, toý küýsärmiş» diýýändir. Bedew barada gürrüň gozgalanda uzaklardan «Meniň dostum Meleguş» atly kinofilmiň sazy eşidilýän ýaly bolýar. Şonda şol owaza goşulyp, «Meleguşum, Meleguş, // Ýetdirme sen ýele guş» diýip, aýdyma hiňleneniňi duýman galarsyň. Üstünden ençeme ýyllar geçse-de, bu film köpimize tanyşdyr. Çünki bu kino eserinde türkmen bedewiniň gaýduwsyzlygy, duýgurlygy, wepalylygy, ýyndamlygy örboýuna galýar. Ýörände seýkin basýan, gyz gylykly, çapanda ýel bilen bäsleşip, ýerläp uçýan bedewler hakynda dörän «Aty baryň ganaty bar», «At rysgaly alnynda», «At agynan ýerde toý bolar» ýaly birnäçe nakyllaryň hem halkymyzyň owal-ahyr bedewler bilen ykbalyny baglandygyna güwä geçýär. Şonuň üçin hem bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bedewlerimiziň at-owazasy älem-jahana ýaýylýar.

Halkyň hemişelik hemrasy

Müňýyllyklaryň dowamynda kämil derejä ýetirilen türkmeniň behişdi bedewlerini ýetişdirmek sungaty täze taryhy döwrümizde üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşleri bedew badyna deňelýär. Biziň ýurdumyzda halkymyz bilen bedewiň dostlugy asyrdan-asyra, nesilden-nesle baky dowamata öwrüldi. Türkmen halkynyň döreden: «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen parasatly jümlesi hem bedew ata nähili uly hormat goýulýandygyny äşgär edýär. Nusgawy edebiýatymyzda bedewiň üsti Süleýmanyň tagtyna deňelýär. Bedew atyň şanyna döredilen aýdymlar kalbymyzda, hakydamyzda baky ýaşaýar, ýüregimizi hemişe joşduryp durýar. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda ahalteke bedewlerine aýratyn hormat bilen garandygynyň güwäsidir. «At — myrat» diýen paýhasly sözi döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglapdyr.

Kalplara dolan bedewim

«Obamyzyň hormatly ýaşulusy Çary agalaryň gapysynda şatlyk-şagalaň bilen tutulýan gelin toýunyň atgulak asyljak güni bedew atlaryň çapyşygy boljakdyr» diýen habar ýyldyrym çaltlygynda oba ýaýrady. Bu habary eşiden atam howludan girişine: — Hany, Nurýagdy nirede? Dordepeli toýa taýýarlamaly ahyr — diýip, athana ýöneldi. Barşyna-da bedewiniň ýallaryndan sypap, misli ynsan bilen gürleşýän ýaly:

Ar­kaç­da­ky ga­dy­my oba-şäherler

Seýil edeliň, bu jahana,Jahanda näler görüner.Isgender, Jemşit saldyranBeýik binalar görüner.                                             Magtymguly Pyragy,                                                «Näler görüner»

Seljuk beg

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). XI asyryň II ýarymynda «Oguz ýurdy» ady, esasan, Syrderýa jülgesi babatynda ulanylypdyr. W.W.Grigorýew, W.W.Bartold, A.Ý.Ýakubowskiý, A.A.Roslýakow Seljuk döwletiniň esaslandyrylmagyna çenli oguzlaryň Syrderýanyň aşak we orta akymlarynda, Hazarýaka we Aralýaka etraplarynda, Wolgaýaka etraplaryna çenli aralykda ýerleşendigini ýazýarlar. S.G.Agajanow taryhy-geografiki edebiýatlaryň köpüsinde Seljuk döwletiniň döremegine çenli oguzlaryň ýerleşen ýerleriniň nätakyk düşündirilýändigini belleýär. Alym irki seljuk toparlanyşygynyň Syrderýanyň orta akymlarynda we Syrderýanyň golaýyndaky Garadagyň eteginde mesgen tutan oguzlar we türkmenlerden ybaratdygy barada netijä gelýär.

Şöhratly geçmişimiz öwrenilýär

Türkmen topragynda saklanyp galan arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleriniň döwürdeşlerimize we nesillerimize şöhratly taryhymyz barada gürrüň bermekde ähmiýeti uludyr. Şol ýadygärlikleriň köpüsi gadymy söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýady bolupdyr. Hakykatdan hem, çäk taýdan amatly ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatar dünýäsiniň arasynda esasy köprä öwrüldi. Biziň çägimizden Aziýa we Ýewropa medeniýetleriniň arasynda möhüm aragatnaşyk ulgamlary geçipdir. Olaryň ählisi onlarça taryhy şäherler, ýüzlerçe desgalar we müňlerçe gymmatlyklar görnüşinde öçmejek yz galdyrypdyr.

Şöhratly taryhyň tarypy

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we da­na şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­lan­ýan ýy­lyn­da 2024-nji ýy­lyň 20-nji few­ra­lyn­da An­ka­ra şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) Baş sek­re­ta­ria­tyn­da 2024-nji ýyl­da Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» di­ýip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li Änew şä­he­rin­de baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry, sun­gat us­sat­la­ry­nyň sy­ýa­hat­la­ry­dyr ge­ze­lenç­le­ri yzy­gi­der­li gur­nal­ýar.

Şöhratly geçmişe buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam edýändiginiň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny peşgeş etmegi halkymyzy örän guwandyrdy. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän milli medeniýeti her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Änewiň şöhratly taryhy onuň bereketli topragy, gadymy medeniýet ojagy bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Biz hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabyny okap, bu topraga togap edýäris, ekerançylyk medeniýetine çuňňur gyzyklanma bilen garaýarys. Esasan hem, bu gymmatlyklary öwrenmekde dünýä alymlarynyň alyp baran işleri bilen tanyşmak aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki olar gadymy topragyň taryhyny, döreden medeniýetini ylmy esasda öwrenmek bilen, uly işleri alyp bar