Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby ýurdumyzda hem-de halkara jemgyýetçiliginde, şeýle-de ýakynda halkara çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly alymlarda, hünärmenlerde, dürli kärdäki myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Şeýle-de bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybir halkymyza ýapylan ajaýyp serpaýdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly gollanma boldy. Çünki bu kitapda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär.